T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Hajy Ysmaýylowyň ömri we döredijiligi



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə17/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Hajy Ysmaýylowyň ömri we döredijiligi
(1913-1948)
Terjimehal maglumatlar. Zehinli ýazyjy Hajy Ysmaýylow Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda 1913-nji ýylda dünýä inýär. Ýazyjynyň maşgalasy ylma-bilime höwesli adamlaryň birnäçesini özünde jemläpdir. Köp çagaly maşgaladan bolan Hajy sowat hem dil öwrenmekde öz dogan-garyndaşlaryndan nusga alypdyr. Hajy ilki oba mollasynda, soňra 1925-nji ýyldan täze açylan mekdepde okap başlaýar.
Ilki Moskwada türkmen hünärmenlerini taýýarlamak üçin ýörite açylan magaryf mekdebinde okan (1926-1929) H. Ysmaýylow soňra Aşgabada gaýdyp gelip, «Kominternde» okaýar. 1930-njy ýyldan Türkmenistan Ýer işleri ministrliginiň suw-gurluşyk bölüminde, soňra dürli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda terjimeçi bolup işläp başlaýar.
H.Ysmaýylow 1935-nji ýyldan başlap, gazet-žurnallarda, Ylymlar akademiýasynyň taryh, dil we edebiýat institutynda terjimeçilik işi bilen meşgullanýar. Beýik Watançylyk urşundan öňki ýyllarda H.Ysmaýylow dünýä edebiýatynyň gowy nusgalaryny terjime edýär.
Hajy Ysmaýylow 1941-nji ýylyň ahyrlarynda fronta gidýär. Faşistik basybalyjylary bilen bolan söweşleriň birinde 1943-nji ýylyň başlarynda agyr ýaralanýar hem-de çep goluny aldyryp, Aşgabada dolanyp gelýär. Beýik Watançylyk urşundan gelenden soň, döredijiligini dowam etdirýär.
Ol Türkmen döwlet neşirýatynda baş redaktor bolup işleýär, edebi döredijilik bilen ymykly iş salşyp ugraýar.
Zehinli ýazyjy 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabatda bolan ýer titremesinde heläk boldy.
Döredijilik häsiýetnamasy. H.Ysmaýylow 30-nji ýyllarda ownuk goşgudyr hekaýalaryny ýazdy. 1929-njy ýylda ilkinji gözek «Gözüň aç» atly goşgusy gazetde çap edilýär. 1937-nji ýylda «Okalga» atly ilkinji hekaýasyny döredýär. 1940-njy ýylda bolsa «Kemine» hekaýasy çap edilýär. Emma olarda entek çeperçilik derejesiniň kemterligi duýulýardy. Käbir kemçilikleriň bardygyna seretmezden şol hekaýalar onuň prozadaky ukybyny ýüze çykardy.
H.Ysmaýylow rus ýazyjylary P.Pawlenkonyň «Çöl» (1934) powestini, N.S.Turgenewiň «Awçynyň hatlary» (1935) hekayalaryny, L.N.Tolstoýyň «Kazaklar» (1936) powestini, A.P.Çehowyň powest-hekaýalaryny, I.A.Krylowyň basnýalaryny, S.Stalskiniň goşgularyny, fransuz ýazyjysy W. Gýugonyn «93-nji ýyl» (1937) romanyny, rus edebiýat tankytçysy W.G.Belinskiniň makalalaryny we başga-da birnäçe eserleri türkmen diline geçirýär.
Görnükli ýazyjylaryň eserlerini terjime etmegi H.Ysmaýylowyň kämilleşmegi üçin, geljekde gowy proza eserlerini döretmegi üçin uly mekdep boldy. H.Ysmaýylowyň terjimeçilik ukyby, esasan proza eserlerinde aýdyň ýüze çykdy.
1937-nji ýylda H.Ysmaýylowyň «Çeper edebiýatyň terjimesindäki ýalňyşlyklaryň öňüni almaly» diýen ilkinji tankydy makalasy çap edildi. Ol ençeme çeper eserleri redaktirledi. Olaryň içinde A.Kekilowyň «Söýgi» romanynyň birinji kitaby (1947) we başgalar bar.
H.Ysmaýylow ýazyjy hökmünde Beýik Watançylyk urşundan gaýdyp gelenden soň giňden tanalyp başlandy.
Ol az salymyň içinde «Bäsdeşler» (1944), «Öküz gödek» (1945), «Iki atanyň ogly» (1946), «Mugallymyň gyzy» (1947) atly powestlerini we dürli ýyllarda „Gopuzlyja gyz―, „Intelligent―, „Durmuşyň lirasy― ýaly hekaýalaryny ýazdy.
Ýazyjynyň eserleri rus diline terjime edildi. «Mugallymyň gyzy» eseri wenger (1952), bolgar dillerine (1953) terjime edildi we kitap bolup çykdy.
Ýazyjynyň halkyň ýüregine öçmejek ýara salan uruş döwrüniň wakalary bilen baglanyşykly ýazylan „Bäsdeşler―, „Iki atanyň ogly―, «Ökuz gödek» powestlerinde halkymyzyň faşizmiň garşysyna alyp baran gahrymançylykly göreşleri barada gürrüň berilýär. Powestlerde uruş döwründäki gündelik wakalarda adama mahsus häsiýetler, gowy häsiýetler inçelik hem şol bir wagtyň özünde ýönekeýlik bilen açylyp görkezilýär. Şu alamat «Mugallymyň gyzy» powestinde hem gowy duýulýar. Awtor onda sowet ýaşlarynyň dikeldiş ýyllaryndaky iş-aladalary barada söhbet açdy.
Hajy Ismaýylowyň proza eserleri ýazyjynyň çaga psihologiýasyna beletligi, durmuşylygy, tebigylygy, milliligi, reallygy, diliniň şireliligi bilen abraý gazandy.
Ýaşlar temasy H.Ysmaýylowyň döredijiliginiň esasy ugruny kesgitledi. Onuň powestlerinde ýaşlaryň özboluşly obrazlary döredildi. Bu babatda onuň türkmen edebiýatynda aýratyn orny bar. H.Ysmaýylow türkmen çagalar hem ýetginjekler prozasyny esaslandyranlaryň biridir.
«Gopuzlyja gyzdaky» Jerenjik, «Iki atanyň oglundaky» Mikola Kalpakly, «Bäsdeşler» powestindäki Muhatdyr Garýagdy okyjynyň ýüregine ýakyn. Ukrain oglanjygy Mikola Kalpakla hossar çykan Atanazar agadyr Sabyr ejäniň obrazy hem körpelere mähir çoýup dur.
H.Ysmaýylowyň döreden obrazlary dürli-dürli häsiýetli, olaryň indiwiduallygy güýçli. Awtor durmuşa çaganyň gözi bilen seretmäge, çaganyň dilinde geplemäge, şolaryň aňyna gowy ýetjek detallary saýlap almaga ökde. Çagalaryň ýüregine ýakyn obrazlaryň originallygyny üpjün edýän, stil özboluşlylgyny kesgitleýän köp sanly beýleki alamatlar hem şunda ýüze çykýar.
«Bäsdeşler» powestinde üç sany ýaş gahrymanyň obrazy döredildi. Garýagdy hem, Muhat hem Dursuny çyn ýürekden söýýär. Olar bir mekdepde bile okapdyrlar. Mekdep ýyllarynda dörän söýgini olar Beýik Watançylyk urşunyň söweş okoplarynda-da göterip gezýärler. Fronta giden «barlyşyksyz» bäsdeşler bir bölüme düşüp, aýgytly pursatlarda biri-birleri bilen düşünişýärler.
Garýagdy türkmen dili, edebiýata ökde bolsa, Muhat matematika ökde. Ikisi hem özleriniň ökde taraplary bilen biri-biriniň howuny basjaklar. Mekdebi tamamlaryndan soňra, olaryň ikisi hem öz höwes eden ýokary okuw mekdeplerine okuwa girýärler.
Muhat okuwyny taşlap, obada traktorçy bolup işläp başlaýar. Garýagdy howsala düşüp başlaýar. Sebäbi ol Muhadyň öz halaýan gyzy – Dursuny elinden alaryndan gorkýar. Dogrudanam, Muhadyň okuwy taşlap gaýtmagynyň esasy sebäbi Garýagda göz edip, Dursuny razy etmek bilen baglydy. Muhat traktorçy bolup, obada özüni tanadýar we Dursuna söz aýdýar. Dursun bolsa, onuň eline üç setirli hat berýär. Ondan soňra uruş başlanýar.
Bäsdeşler frontda aýrylmaz dostlaşýarlar. Bilelikde duşmana garşy göreşýärler. Bularyň dostlaşmagynda maýor Krasnow hem uly goldaw berýär. Muhat urşa gidende ýany bilen Dursunyň şol beren hatyny hem alyp gidýär. Muhat duşman tarapyndan ýaralanyp, jan berjek wagty, dogan ýaly dosty, Garýagdydan ötünç sorap, şol haty oňa gowşurýar.
Eserde oglanlykdan tutda-bas bu ýaşlaryň Watan bähbidini öňde goýýandygy, paýhassyz iş görmeýändikleri we şu esasda dostlaşandyklary olaryň alan terbiýesiniň oňaýly netijesi hökmünde ýüze çykýar. Munuň özi gahrymanlaryň obrazynyň ynandyryjylykly çykmagyna, ösüşde görkezilmegine sebap bolupdyr.
Mylaýym, göwnayk, ýoldaşyny ynjytmagy ýokuş görýän, emma söýgüsine wepaly Dursunyň obrazy hem gowy işlenipdir. Onda türkmen gyzyna mahsus milli häsiýetler ýüze çykypdyr. Dursun gowy ýoldaş, janypkeş okuwçy. Gowy terbiýeli erkli gyz.
Eseriň temasy söýgi, watançylyk, dostluk. Garýagdynyň keşbi agras, akylly, tutanýerli berlen. Muhat hem şeýle, ýöne ol Garýagda görä has açyk. Bäsdeşlik Garýagda görä, Muhatda has ösen.
Oglanlarda biri-birine bolan duşmançylyk däl-de, çagalaryň hemmesine mahsus bolan bäsdeşlik bar. Olar çagalykdan saýlanyp, ýetginjeklik ýaşlaryna ýetensoňlar, öz edenleriniň nädogrudygyna düşünýärler, dostlaşýarlar. Eserde ýüze çykýan garşylyk uruş.
Eserde halk döredijiligine ýakyn häsiýetler bar. Şeýle-de ýazyjy terjimeçilik bilen meşgullanandygy sebäpli rus edebiýatynyň hem täsirleri duýulýar.
«Mugallymyň gyzy» powestinde Beýik Watançylyk urşunyň öň ýanyndaky dikeldiş ýyllarynda okap, hünär alan ýaş türkmen ýetginjekleriniň ajaýyp tipiki obrazy döredildi.
Powestde şäher bilen obanyň gatnaşygy açylyp görkezilýär. Ýazyjy obany hem, şäheri hem çagalaryň üsti bilen, hut çaga durmuşy bilen suratlandyrýar.
Eserde Ataýew, Dursun, Rejep, Gözeljik, Oraty ýaly gahrymanlar hereket edýär. Eseriň başynda Dursunyň kakasy bilen şäher durmuşyndan oba durmuşyna aralaşyşy suratlandyrylýar. Dursunyň kakasy mugallym. Ataýew özüniň ençeme ýyl mundan öň okadan okuwçysy, häzirki wagtda kolhoz başlygy bolan Çaryýaryň çagyrmagy bilen tutuş maşgalasyny alyp, tomus kanikulynda oba gelýär. Dursun oba adamlary çagalary bilen tiz öwrenişýär. Ol özüniň zähmetsöýerligi, kitaba bolan höwesi bilen oba çagalaryna görelde bolup, olary dogry ýola ugrukdyrýar.
Dursun heniz obany bir gezek hem görmänkä, entek şäherdekä obany görmegiň, oba durmuşy bilen tanyş bolmagyň arzuwynda ýaşaýar.
Ol kakasy bilen maslahatlaşyp, oba çagalaryna köp babatda kömek edýär. Ol tertipsiz çagalary terbiýelemegiň, arassaçylygy, kitap okamagy ýola goýmagyň hötdesinden gelýär. Elbetde, obada beýle işleri amala aşyrmak aňsat düşenok. Emma mugallymyň erjel gyzy ähli päsgelçiliklere döz gelýär, köpçülik bilen maslahatlaşyp ugur tapýar.
Dursunyň obanyň çagalary bilen bile pionerler otrýadyny düzüp, oňa ýolbaşçylyk edip, oba adamlaryna özleriniň çaga kömeklerini berip, hereket edişleri çagalary terbiýelemekde uly goldaw bolup durýar. Oba çagalarynyň içinde iň bezzat, garagol oglanjyklar Ketjal bilen Oratdyny özleriniň aralaryna alyp, terbiýä çagyrmaklary olaryň geljekde akylly-başly, adamlar bolup ýetişmeklerinde uly ýardam bolýar.
Dursunyň Gözeljige tämiz bolmak baradaky pikirlerini oňa gönüläp aýtman, ýumşaklyk bilen aýlap aýdyşy hem onuň ugurtapyjylygynyň alamatydyr.
Dursun oba çagalarynda kitaba, okuwa bolan uly höwes döredýär.
Oba çagalaryna käbir şäher düzgünlerini öwredip ýörkä, Dursunyň özi-de oba durmuşyny öwrenýär. Oba geläýen günleri ondan „Sen kim borsuň?― diýip soranlarynda:
„Men mugallymyň gyzy― diýip, utanjyrap duran gyzyň obrazy soňabaka has ösýär. Onuň hereketi bolsa janly hereketde görkezilýär. Dursyny obanyň däp-dessury-da, uly-kiçi hemmäniň pikir-duýgusy-da, garaz, hemme zat gyzyklandyrýar.
Rejep hem eseriň başynda gaty garagol çaga hökmünde göz öňüňe gelýär. Dursun derrew onuň göwnüni tapýar. Ýazyjy Rejebiň ähli häsiýetlerini, hereketlerini, kem-kemden ösüşini ynandyryjy görkezmegi başarypdyr. Eseriň başynda Rejep hakynda Gözeljik şeýle diýýär:
„Bir ýakymsyz, bir ýakymsyz, obanyň bar oglanlary ondan gorkýar―.
„Rejep et diýleni etmän, etme diýleni edýän― garagol çaga. Hatda Dursunyň düýeden düşip bilmänini göreninde-de, onuň gözi açylýar. Garaz, bir çaganyň üstünden gülüp biläýse, onuň güni gelýär. Ýazyjy şeýle çaganyň toparda ýuwaş-ýuwaşdan terbiýelenişini ussatlarça açyp gökezýär. Gahryman kem-kemden arassaçylyga, tertipli bolmaga endik edip ugraýar. Rejep töweregindäki çagalaryň täsiri bilen zähmet çekmek, özüni iş başarýan edip görkezmek ugrunda pikirlenip başlaýar...
Dursun öz maşgalasy bilen oba adamlary, çagalary bilen hoşlaşyp şähere gaýdanda örkünden aýrylan köşek ýaly bolup obadaky çagalar, dostlary bilen örän kynlykda aýrylyşýar.
Oba çagalary ençeme wagtlap Dursunsyz öwrenişmän gezýärler. Rejepde şähere gitmek höwesi dörände oňa ençemeler haýran galýar. Rejebiň bu höwesi onuň okuwy gowy okap, oňat tamamlamagyna eltýär.
Rejep şäherde okan wagtlarynda onuň gözleri elmydama özünde okuwa bolan höwesi döreden Dursuny gözleýär, haçanda eseriň soňunda şäherde adynyň hem nämedigini bilmeýän Rejep tötänden Dursuna duşanda onuň yzyndan „Mugallymyň gyzy― diýip ýüzlenip gygyryp, onuň bilen duşuşyp, oba dostlarynyň salamyny ýetirip, özi barada gürrüň berende bolsa Dursun muňa monça bolýar.
Ýazyjy eseriň soňunda baş gahrymanlaryň ikisiniň keşbini örän ussatlyk bilen suratlandyrypdyr.
Powestde Gözel, Oraty ýaly başga-da birnäçe çaganyň obrazy berlipdir. Olar Rejep, Dursun ýaly esasy gahrymanlar däl. Ýöne ol çagalar eseriň baş gahrymanlarynyň obrazlarynyň aýyl-saýyllaşmagynda, esasy ideýanyň aýdyňlaşmagynda uly ähmiýetlidirler.
Halkymyzyň watançylygyny, çuň adamkärçilikli häsiýetlerini, körpelere bolan mährini görkezmäge giň mümkinçilik berýän temany türkmen edebiýatynda ilkinji bolup H. Ysmaýylow alyp göterdi. Ýazyjynyň «Iki atanyň ogly» powestinde Türkmenistana getirilen ýetim çaga Mikola Kalpakly barada gürrüň berilýär.
―Iki atanyň ogly‖ powestinde ýazyjy kynçylykly döwrüň uly bir meselesine ýüzlenipdir. Ganym uruş müňlerçe janlary pida etdi. Müňlerçe çagalary ýetim goýdy. Eýsem enesiz-atasyz, öýsüz-öwzasyz neresse çagalara kim mähir bermeli? Şu sowallar uruş döwrüniň aýylganç sowallarydy. Gowy zat, adamlaryň birek-birege bolan mähir-muhabbeti, duýgudaşlygy bu ýerde üstün çykdy. Urşuň gidip duran ýerlerinde ýetim galan çagajyklara hossar çykmaga höwesli adamlar köp boldy.
Powest Mary welaýatynyň Murgap etrabynda ýaşaýan Mirap ady bilen tanalýan Atanazar aga we onuň maşgalasy Sabyr eje ikisiniň perzentsizlikleri baradaky gürrüňden başlaýar. Atanazar aga bilen Sabyr eje perzentsizlik dagyny indi ençeme ýyldan bäri çekip gelýän garrylar.
Bir gün säher bilen Atanazar aga şähere gidýär. Ol gaýdyp gelende Sabyr ejäni diýseň begendirýär. Mirap aga ýetimler öýünden ukrainaly kiçijik Mikolajygy äkelýär. Bu Sabyr ejä diýseň ýaraýar. Mikola Kalpakli oba çagalaryna-da ýaraýar.
Mikola Atanazar aganyň maşgalasynda özüne mähir tapýar. Dört ýyllap bu maşgalada terbiýelenýär. Özüniň başga ata-enesi bardyr öýtmeýär. Sabyr eje bilen Atanazar aga ony hakyky ogullary hasaplaýarlar. Oglanjyk bu maşgala derrew öwrenişýär.
Uruş gutarýar. Ähli adamlar parahatçylykly zähmete girişýärler, weýran edilen hojalygy dikeldýärler.
Mikolanyň kakasy Anton aga oglunyň diriligine ynanýar, şol ynanç bilenem ýaşaýar.
Anton aga Mikolanyň nirededigi bilnende ol ur-tut salgy alyp ýola düşýär.
Ol sorap-idäp ahyry ogluny tapýar. Ýöne Atanazar aga bilen Sabyr eje perzentsizlik dagyny çeke-çeke ogulluga alyp ulaldan ogly, Mikoladan aýrylyşlary gelenok.
Mikolany ekläp-saklap, söýüp ösdüren adamlaryň elinden çagasyny alyp gitmäge Anton aganyň ynsaby çatmaýar. Ol galmaga razylaşýar, özüne nätanyş, ýöne mährem adamlaryň arasynda täze mekan tutunýar. Şeýlelikde, Mikola iki atanyň söýgüli perzendine öwrülýär.
Türkmenler Atanazar aga bilen Sabyr eje, ukrain Anton aga dagy göwnaçyk, sada zähmetkes oba adamlary. Şu sebäpli bular başlaryna düşen örän çylsyrymly meseläniň-de adalatly çözgüdini tapýarlar.
Sabyr eje bilen Atanazar aganyň çaga bolan söýgüsi hiç kimiňkiden hem pes däl. Olar Mikolanyň bagtly ösmegi üçin alada we mähir gaýgyrmaýarlar. Ony hut öz ýüreklerinden önen perzentden kem görmeýärler. Mikola mekdepden gelinçä, onuň ýoluna garap, gözleri ýolda galýar.
Ýazyjy eserde her bir zady inçelik bilen yzarlaýar. Atanazar aga bilen Sabyr ejäniň keşbinde türkmene mahsus häsiýetleri görmek bolýar. Şeýle-de ýazyjynyň ukrainleriň durmuşyny açyp görkezişi, olaryň adamkärçilik sypatlaryny suratlandyryşy uly ussatlykdyr.
Bu eserde hem esasy garşylyk uruş. Wakalar urşuň turmagy bilen başlanýar. Ýazyjy eseriň ahyrynda iki maşgalany hem şatlandyrmagy başarypdyr. Birini ogully edip begendirse, ýene birini öz jigerbendine duşuryp şatlandyrýar. Eserde ähli meseleler çözlüp, gowulyk bilen gutarýar. Ýene bir bellemeli tarapy, eserde ýumoristik äheňler hem duýulýar.
Mikolanyň edýän hereketleri, onuň töweregini gurşap alan hadysalar kiçijik gahrymanyň dünýäsini ýeterlik häsiýetlendirýär.
Ýazyjynyň köpleriň göwnünden turan «Gopuzlyja gyz» hekaýasynda ýaňy mekdebe baran çaganyň obrazy döredildi. Hekaýada altyn-kümüşden edilen şaý-seplerini fronta kömek üçin bagyşlaýan türkmen gelin-gyzlarynyň watançylykly hereketine goşulyp, öz söýgüli gopuzjagazyny getirip orta goýan Jerenjigi görýäris.
Hekaýada kiçijik Jerenjik çaga höwesjeňligi bilen ulularyň işini synlaýar, olaryň gürrüňini diňleýär. Aňynyň ýetdiginden eşidenlerini we görüp duran wakalaryna akyl ýetirmäge çalyşýar. Diňe oňat we göwnejaý görkezilen şu psihologik pursatdan soň Jerenjik öz ýanyndan belli karara gelýär-de, öýde goýup gaýdan gopuzynyň yzyndan ylgaýar, ony alyp gelip, ulularyň edişi ýaly, fronta kömek üçin üýşürilen baýlygyň üstüne goşýar. Görnüşi ýaly, H.Ysmaýylow çaga psihologiýasyna çuň aralaşýar. Görelde çaganyň durmuşynda esasy zat. «Gopuzlyja gyz» hekaýasyndaky Jerenjigiň gopuzynyň material taýdan ýygnalan baýlyga idili goşýan goşandam ýok.
Ine, soňy düşünjeli watançylyga ýazyp gitjek şol oňlanylýan hereketi Jerenjige özünden ulularyň görkezen göreldesi etdirdi. Göreldäniň täsiräm, çaganyň aňyna baryp ýetişem üýtgeşik. «Mugallymyň gyzy» powestinde garagoldan hapysa Rejep keçjalyň düzelmeginde, gowy terbiýäni almagynda hem Dursun we onuň ýoldaşlary tarapyndan görkezilen göreldäniň täsiri uly. Çagalar üçin ýazýan ýazyjy eserleriniň şu tarapyna has köp üns beripdir, şoňa göra-de, köp utuş gazanypdyr.
H.Ysmaýylow pedagogikanyň gowy ýörelgelerini gahrymanyň obrazyny bezemekde-de, ony sünnälemekde-de täsir ýetiriji serişde hökmünde ulanýar. Şonuň bilen birlikde-de baş gahrymanyň ýaramaz gylykly çagalara oňaýly täsir etmegini gazanýar.
Awtor çaga terbiýesinde iň esasy serişdäni – zähmete üns bermegi, çagalarda zähmet endiklerini döretmegi we berkitmegi hem eserlerinde giňden ulanýar. «Mugallymyň gyzy» powestinde çaga terbiýesiniň bu gowy serişdesine örän uly üns berlipdir. Rejep keçjaly köçe bihepbeliginden, çaga bozgaklygyndan sogrup alan, özüni dogry ýola salan zähmetdir.
Ýazyjynyň döredijiliginde terbieleýjilik ähmiýeti güýçli gahrymanlar kän.
Çagalar edebiýatynyň görnükli wekili hökmünde orun alan H.Ysmaýylowyň döredijiligi türkmen edebiýatynda uly orny eýeleýär. Ýazyjy öz döredijiliginde gowy eserleri bilen ony kämilleşdirmäge degerli goşant goşan, şeýle hem öz halkyna ajaýyp obrazlary döredip beren ýazyjy hökmünde özüni tanatdy.
Biziň türkmen edebiýatymyzda çagalaryň isleglerini, arzuwlaryny kanagatlandyryp, özleriniň ajaýyp eserleri bilen çagalara ýakyn bolan ýazyjy-şahyrlarymyzyň arasynda çagalar edebiýatynyň taryhynda özüniň öçmejek yzyny galdyran ýazyjymyz Hajy Ysmaýylow möhüm orny eýeleýär.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin