Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə75/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   131
fizika 6 turkman

ýylylyk bu maddany 
düzýän bölejikleriň kinetik energiýasydyr,
diýen mantyky netijä 
gelýäris.
Maddalaryň ýa-da jisimleriň gyzdyrylanlyk derejesini 
aňladýan ululyk
temperatura 
diýlip atlandyrylýar.
Buzy eretmekdäki gözegçilikleriň görkezişi ýaly, buz ereýän 
wagtynda onuň temperaturasy üýtgemeýär. Sebäbi, şu wagtda oňa berlen 
ýylylyk buzuň gurluşyny (strukturasy)ny bozmaga sarp bolýar. Diýmek, 
maddanyň ýylylygyny bölekleýin molekulalaryň arasyndaky 
potensial energiýa hem kesgitleýän eken.
Şeýlelikde, ýylylyk hem 
energiýanyň bir görnüşi hasaplanýar. Ol başga energiýalar ýaly bir 
görnüşden ikinji görnüşe geçmegi mümkin. Ýylylygyň mukdary hem 
başga energiýa we ýerine ýetirlen iş ýaly Joullarda ölçelýär!
Işi ýerine ýetirmek bilen ýylylyk energiýasyny emele getirmek 
we ýyly lyk energiýasyny işe öwürmegiň mümkindigi sebäpli, iş 
we energiýa aýrylmaz baglanyşyklydyr.
1. Näme üçin arkandan ýa-da agaç sütünden süýşüp aşak 
düşende el gyzýar?
 
2. Näme sebäpden awtomobil birden tormozlananda tigirleriň 
rezininden köýen ys gelýär?


104
 
3. Agzy ýapyk gaby yssy suwa salalyň. Gabyň içindäki 
howanyň molekula larynyň potensial we kinetik energiýalary 
özgerýärmi?
 
4. Siziň okan haýsy kitabyňyzda ýa-da gören kinoda adam-
lar emeli ýagdaýda ot alypdyrlar? Nähili usul bilen alnan-
dygyny aýdyp beriň.
37-nji TEMA
JISIMLERIŇ ÝYLYLYGYŇ TÄSIRINDE GIŇELMEGI
10-njy temada Siz gyzdyrylan metal şaryň giňelip, halkadan geçip 
bilmänligi bilen tanyşypdyňyz. Suwuklyklarda bu hadysany öwrenmek 
üçin şeýle tejribe geçireliň (70-nji surat). Üç sany probirka alyp olardan 
birine suw, ikinjisine ýag, üçünjisine süýt guýalyň. Probirkalaryň agzyna 
ortasynda turbajygy bolan dykyny ornadalyň. Probirkalary suwly gaba 
70-nji suratda görkezilişi ýaly edip goýup, aşagyndan ýylylyk bereliň. 
Suw gyzdygy saýyn ýuwaş-ýuwaşdan turbajyklardan suwuklyklar 
ýokary göterlip başlaýar. Diýmek, suwuklyklar hem gyzdyrylanda 
giňelýän eken. Munda suwuklyklaryň turbajykdan göteriliş beýikligi 
dürlüçe bolanlygy üçin, olaryň giňelişi-de dürlüçe bolýar. Gazlaryň 
ýylylykdan giňelmesini öwrenmek üçin bir kolbany alyp, onuň hem 
agzyna turbajykly dyky dykalyň (71-nji surat). Turbajygyň ujuny suwa 
sokup, kolbany tutup durmak bilen ony sypalaýarys. Şonda turbajygyň 
ujundan suwa howa bölejikleri çykyp başlandygyny göreris. Munuň 
sebäbi kolba eliň temperaturasynyň täsirinde içindäki howa bilen 
72-nji surat.
70-nji surat. 
71-nji surat.
mis
demir
buz
bilelikde gyzýar. Gyzan gaz giňelip köpürjikläp çykyp gidýär. Kolbany 
ştatiwe ornadyp şu ýagdaýda galdyrylsa, bir sellemden soň turbajykdan 
suwuň göterilendigini görmek bolar. Sebäbi sowanda kolbadaky howa 
gysylýar.


105
Şeýdip, maddalar (gaty, suwuk we gaz halynda) ýylylygyň 
täsirinde giňelip, sowuklykdan daralýar. Bu hadysanyň sebäbi öňki 
temada aýdylyp geçilen molekulýar hereketdir. Maddalaryň bu 
aýratynlygyndan durmuşda we tehnikada giňden peýdalanylýar. 
Demir ýol relsleri ornadylanda olary bir-birini deg meýän edip 
ornadylýar. Elektrik geçiriji simleri sütünlere ýazyna birneme asylyp 
durýan edilip orna dy lýar. Gyşyna daralmagy netijesinde üzülip 
gitmezligi üçin şeýle edilýär. Çüýşe stakan lara gyzgyn suwy birden 
guýmak bolmaýar. Çünki, onuň içki bölegi ýylylykdan çalt giňelýär. 
Daşarysy bolsa giňelip ýetişmeýär. Şol sebäpli-de stakan döwülýär.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin