Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə76/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   131
fizika 6 turkman

1. Bimetall plastina.
72-nji suratda bir-birine berçinläp berkidilen 
iki sany – mis we demir plastina görkezilen.
Bu plastinada mis we demir ýylylygyň täsirinde dürlüçe giňelýär. 
Şeýle plastina gyzdyrylanda, plastinanyň demir tarapa, sowadylanda 
mis tarapa egilýär. Plastinany juda ýokary temperatura çenli ýa-da 
aşak temperatura çenli sowadylanda näme bolýar? Şu hakda pikirleniň.
Onuň käbir ulanylyşy barada durup geçeliň. Öýde ulanylýan 
sowadyjy ýa-da elektrik ütüginiň işini synlasak, sowa dyjy mälim wagtyň 
geçmegi bilen togtaýandygyny, ütük hem gyzansoň gyzyl çyrasynyň 
sönýändigini görýäris. Çünki onda bimetal plastinkaly togy üzüp-
birikdiriji gurluş bardyr. Onuň işleýiş prinsipi 73-nji suratda görkezilen.
tok
birikdiriji
kontakt
ýylylyk
73-nji surat.
2. Ýylylygyň täsirinde suwuň giňelmegi barada.
Suw bilen 
geçirlen tejribelerden görnüşi ýaly, sowadylma netijesinde ilki onuň 
göwrümi kemelip ugraýar. Temperatura 4°C (otag termometri bilen 
ölçenýär, bu hakda soňky temalarda jikme-jik aýdylýar) bolanda 
kemelme togtaýar. Sowatmak dowam etdirilse, indi onuň göwrümi, 
tersine ortaça bolýar. Bu proses suw doňýança dowam edýär. Diýmek, 
suw 4°C da iň uly dykyzlyga eýe bolýan eken. Şu hadysa görä, 
köllerde gyşyna suwuň üstki bölegi doňýar. Kölüň düýbünde bolsa 


106
4°C ly suw bolýar. Eger suwuň sowamagy netijesinde bir deň buza 
öwrülýänçe göwrümi kemelse-di, köldäki ýa-da suw howdanyndaky 
suw düýbünden tä üstki bölegine çenli buza öwrülerdi. Onda beýle 
ýagdaýda ýaşaýyş hem togtardy.
1. Galyň diwarly stakan, ýuka diwarly stakana görä gyzgyn 
suw guýlanda çalt döwülýär. Näme üçin?
2. Suwuklyk we gazlaryň ýylylygyň täsirinde giňelmeginden 
nirelerde peýdalanmak bolar?
3. Benzin litrlerde ölçenip satylýar. Ony günüň haýsy wagtynda 
almak peýdaly?

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin