Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə79/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   ...   131
fizika 6 turkman

Amaly ýumuş
1. Galyň kagyzy alyp, ondan gutujyk ýasaň. Ony suwdan 
dolduryp bir sellemden soň üsti ýapyk elektrik plitasyna goýuň. 
Ondaky suw gyzyp, hatda gaýnamagy-da mümkin. Ýöne kagyz 
gutujyk ýanmaýar. Sebäbini düşündiriň.
2. Massasy we ölçegleri ulurak bolan demriň bölegine kagyz 
bölejigini ýabyşdyryp oda tutuň. Kagyz bilen nähili hadysanyň 
bolýandygyna gözegçilik ediň we sebäbini düşündiriň.


110
1. Awtomobiliň dwigatelini gyzyp gitmeginden nähili sak-
lanýan dygyny bilýäňizmi?
2. Otaglary ýylatmakda gönüden-göni odun ýa-da beýleki 
ýangyçlary ýakyp ýyladylýan peçlerden, gyzgyn suw bilen ýyladylýan 
ýa-da bug bilen ýyladylýan radiatorlardan peýdalanylýar. Olaryň 
nähili amatlylyklary we kemçilikleri bar?
3. Näme üçin sowuk ýerde ilki bilen aýagyň üşeýär??
4. Nähili ýagdaýlarda jisimlerden bir wagtda hem ýylylyk geçirijilik, 
hem şöhlelenme arkaly ýylylyk geçirilýär?
40-njy TEMA
FARABYNY
Ň, BIRUNYNYŇ WE IBN SINANYŇ
 ÝYLYLYK 
HADYSALARY BARADAKY PIKIRLERI
Ýylylyk hadysalarynyň tebigaty barada beýik alymlarymyz Abu 
Nasr al-Faraby, Al-Biruny we Ibn Sina öz eserlerinde düşündiriş 
beripdirler. Şol sanda, Farabynyň pikirine görä, islendik jisimiň 
temperaturasy ýokary ýa-da aşak bolmagy şu jisimi düzýän 
bölejikleriň hereketlerine baglydyr. Ibn Sina hem Faraby ýaly 
konweksiýa hadysasyny aşakdaky ýaly düşündirýär: gyzan jisimler 
göwrümleriniň giňelmegi netijesinde dykyzlyklary kemelip, ýokary 
ymtylýar (Arhimed güýji sebäpli diýmekçi). Sowan wagtynda bolsa 
göwrümi kiçelip, dykyzlygynyň artmagynyň hasabyna aşak ymtylýar.
Jisimleriň ýylylygyň täsirinde giňelmegi, sowukdan daralmagynda 
suwuň aýratyn häsiýete eýedigine Biruny üns beripdir. Bu barada 
Birunynyň Ibn Sina ýazan sowalyny getirýäris. «Eger jisimler 
ýylylyk sebäpli giňelse we sowuk sebäpli daralsa we başga gaplaryň 
döwülmegi içindäki zatlaryň giňelmegi sebäbinden bolsa, näme üçin 
içinde suwy doňan gap ýarylýar, döwülýär? Näme üçin buz suwuň 
üstünde bolýar, şol bir wagtda buz sowuklygy sebäpli gatanlygy bilen 
Ýeriň tebigatyna (gaty jisime) ýakynrak ahyryn?» Ibn Sina Birunynyň 
bu sawolyna: «Suw doňanda suwda howanyň bölekleri buzuň içinde 
galyp, buzy suwuň düýbüne çökmeginden saklaýar», – diýip jogap 
gaýtarýar. Biruny Ibn Sinanyň jogaplaryna kanagatlanman: «Eger 
küýze içersine tarap döwülse-di, onda aýdylanlar dogry bolardy. 
Men gabyň daşary tarapa döwlenini görendirin» diýdi. Ibn Sina öz 


111
jogaplaryndaky näanyklyklary soňluk bilen «Kurazai tabbiýot» atly 
eserinde dolduryp düzedýär.
Abu Nasr al-Faraby
(873–950) Syrderýanyň kenaryndaky 
gadymy Otrar (Farap) şäheriniň golaýynda dogulýar. Faraby 
ylmyň örän köp ugurlarynda döredijilik edipdir. Oňa çenli 
fizika aýratyn ylym hökmünde seredilmän, tebigy ylymlaryň 
düzüminde bolupdyr. Fizikada maddanyň gurluşy, ýylylyk, 
hereket, ses, optika degişli işleri ýerine ýetiripdir
.
Öňki temada biz ýylylygyň şöhlelenme sebäpli-de geçýändigini, 
ony kabul etmek üste we onuň reňkine baglydygyny aýdyp 
geçipdik. Şöhlelenme sebäpli alynýan energiýa, üste şöhläniň dik 
ýa-da ýapgytlygyna düşýändigine bagly. Şoňa görä Biruny we 
Ibn Sina Ýerdäki klimatyň üýtgemegi Gün şöhlesiniň Ýere düşüş 
ýapgytlygynyň üýtgemegindendir, diýip dogry düşündirýärler.
Ibn Sinanyň pikirine görä tebigatda ýylylyk hem-de sowuklygyň 
tebigy we emeli çeşmeleri bar. «Ýylylygyň daşky sebäbi üç sanydyr: 
Birinjisi, yssy jisimiň sowuk jisime ýakynlygy. Meselem, ot-ýalyn suwy 
gyzdyrýar. Ikinjisi, hereket we sürtülme. Meselem, suwy çaýkasaň 
gyzýar, daşy daşa sürtseň gyzýar, ot çykýar. Üçünjisi, ýagtylandyrylan 
islendik jisim ýagtylandyrylmadyk jisime garanda ýylyrakdyr» diýýär. 
Munda ýylylygyň şöhlelenme arkaly ýaýraýşy barada pikir ýöredilýär.
Akyldarlarymyz, şeýle hem, ýylylyk sebäpli suw buglarynyň 
ýokary göterilmegi, bulutlara öwrülip, olardan aşak temperaturalarda 
gar, ýagyş, siliň peýda bolýandygy barada ýazyp galdyrypdyrlar.
1. Siz Birunynyň sowalyna nähili jogap bererdiňiz?
2. Serilen kir tiz guraýar: gün şöhlesi dik düşendemi ýa ýapgyt 
düşende?
3. Suwy gapda uzak wagtlap aýlap, nähili derejä çenli gyzgyr-
mak bolar? Synanyşyp görüň!

Çagalaryň oýnawaç tarelkasyny alyp pes ýanýan oda tutuň. 
Ýeterli derejede gyzanda oňa ýarym çaý çemçesi mukda-
ryndaky suwy guýuň. Suw derrew bugaryp gitmegiň deregine, 
togalaklanyp gidýär we tarelka nyň çuňrak ýerine barýar. Munuň 
sebäbi näme? Sebäbi, düşen suw we gyzgyn tarelkanyň arasynda bug 
emele gelip, şu buguň özi ýylylygy geçirmeýän gatlagy emele getirýär. 


112
Bu hadysany gyzgyn ütügi agdaryp onuň üstüne suw damjaladyp hem 
görmek bolar.

Gyşda üşemezlik üçin palto we telpek geýýäris. Olar adamy 
gyzdyrýarmy? Iki bölek buzy sellofan haltajyklara salyp, birini açyk 
ýagdaýda, ikinjisini palto dolap goýalyň. Mälim bir wagtdan soň 
seredilende, açyk ýagdaýdaky buzuň ep-esli bölegi eräpdir, palto 
dolanan buz eremändir diýen ýaly. Diýmek, palto, telpek hiç zady 
ýylatmaýar. Olar diňe ýylylygy ýaman geçirýär.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin