107
birine geçirýärler. Ýylylygyň şeýle usulda
geçirilmegine
ýylylyk geçirijilik
diýilýär.
74-nji surat.
75-nji surat.
Dürli maddalaryň ýylylyk geçirijiligi dürlüçedir.
Ony aşakdaky tejribede görmek bolar (75-nji surat).
Sterženden bir meňzeş
uzaklykda mis, demir, alýu-
miniý, plastmassadan ýasalan bölekleri berkideliň.
Bölekleriň ujuna kükürdiň çöplerini şeme meňzeş
aňsat ereýän madda bilen berkideliň. Bölekleriň
berkidilen ortadaky diski ýuwaşjadan gyzgyralyň.
Ýylylyk
geçirijiliginiň
uly-kiçi ligine
görä
otluçöpleriň yzly-yzyna gaçýan dygyny göreris. Jed-
wele seredip olaryň haýsy tertipde gaçýandy gyny
aýdyň.
4-nji jedwel
Madda
Ýylylyk geçirijilik,
W/(m · K)
Madda
Ýylylyk geçirijilik,
W/ (m · K)
Kümüş
418
Suw
0,600
Mis
395
Beton
0,11–2,33
Alýuminiý
209
Kagyz
0,140
Demir
73
Pagta
0,042
Polat
50
Agaç
0,2
Kerpiç (gyzyl)
0,77
Çüýşy pamyk
0,04
76-njy surat.
Suwuklyklaryň ýylylygy nähili geçirýändigini
öwren mek üçin aşakdaky ýaly tejribe geçireliň.
Uzyn pro birka alyp, onuň
aşagyna buz böleklerini
salalyň. Üstünden metal şarjagaz bilen basyryp
goýalyň. Şarjagazyň üstün den suw guýup,
suratda
görkezilen ýagdaýda ýokarky bölegini gyzgyralyň.
Suw gyzyp bugaryp, soňra ýokary bölegi gaýnap baş lasa-da, probirkanyň
aşagyndaky buz eremeýär (76-njy surat). Sebäbi barada pikirleniň.
Howa hem suwuklyk ýaly ýylylygy ýaman geçirýär. Ýanyp duran
otluçöpiň ýa-da gyzgyn pejiň golaýynda elimizi ýakyn
tutup durup
bilýäris.
Dostları ilə paylaş: