Maddany ň gurlu


-nji TEMA TEMPERATURA. TERMOMETRLER



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə80/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   76   77   78   79   80   81   82   83   ...   131
fizika 6 turkman

41-nji TEMA
TEMPERATURA. TERMOMETRLER. 
 
JISIMIŇ TEMPERATURASYNY ÖLÇEMEK
Öňki temalarda otag ýylady, jisim sowady ýaly sözleri ulandyk. 
Olarda, biz öz duýgularymyza daýanmak bilen, şeýle netijä gelipdik. 
Ýöne biziň duýgularymyz elmydama dogry netije çykarmaga 
mümkinçilik berýärmi? Muny barlamak üçin stoluň üstüne üç sany 
stakan goýalyň. Birinde gyzgyn, ikinjisinde ýyly, üçünjisinde sowuk 
suw bolsun. Ilki, çep elimiziň barmaklaryndan birini sowuk suwa, 
sag elimiziň barmaklaryndan birini gyzgyn suwa bir sellem sokup 
duralyň. Soňra iki barmagy ýyly suwly stakana salalyň. Şonda çep 
barmagymyza suw gyzgyn, sag elimizdäki barmagymyza suw sowuk 
bolup duýulýar. Diňe mahsus ölçeg guraly oýlanyp tapylandan soň 
temperaturany obýektiw anyklamak mümkin boldy. Temperaturany 
ölçeýän gurala 
termometr
 
diýilýär. Ony oýlap tapan Galileý 
hasaplanýar. Siziň saglygyňyzy lukman barlanda temperaturaňyzy 
ölçän termometri görensiňiz. Elbetde, häzirki termometr Galileýiň oýlap 
tapan termo metrden (termoskopdan) tapawutlanýar. Termometrlerde 
maddalaryň ýylyly gyň täsirinde giňelmegi häsiýetinden peýdalanylýar. 
Galileýiň termometrinde howanyň giňelmesinden peýdalanylypdy 
(80-nji surat). Soňluk bilen fransiýaly alym 
Reý
1631-nji ýyl da suwly 
termometri ýasaýar. Häzirki wagtda peýdala nylýan termometrlerde 
esasan simap we spirt ulanylýar. Olardan biri suratda görkezilen (81-nji 
surat). Gyzdyrylanda turbajykdaky madda giňelip, ýokary göterilýär, 
sowanda daralyp, aşak düşýär. Bu termometrleriň görkezişi graduslarda 
bolýar. Şwed alymy 
A. Selsiý
(1701–1744) tempera turany ölçemek-
de hasap başy bolan 0 (nol) üçin ereýän buzuň temperaturasyny 
alýar (82-nji
 a
surat). Normal atmosfera basyşynda gaýnaýan arassa 


113
suwuň temperaturasyny 100 gradus diýip kabul edilýär (82-njo
 b
surat). Olaryň aralygyny 100 bölege bölüp, bir bölegini 1°C diýip 
kabul edilýär. Otagdaky ýa-da gapdaky suwuklygyň temperaturasyny 
ölçemek üçin termometri ölçelýän gurşawda belli bir wagtyň içinde 
saklap durmaly. Şonda termometrdäki suwuklygyň temperaturasy 
gurşawyň temperaturasyna deňleşýär. Gapdaky suwuň temperaturasyny 
termometri suwdan çykarman görmeli. Şeýle edilmese, termometr 
suwdan alynmagy bilen onuň görkezişi özgerýär.
80-nji surat. 
81-nji surat. 
82-nji surat.
Näsagyň temperaturasyny ölçeýän şepagat termometrine beýle 
kemçilikler degişli däldir. Lukman termometri näsagdan alyp, 
arkaýyn görüp biler. Çünki ondaky simap sütüni aşak düşüp gitmeýär. 
Şonuň üçin termometriň turbajygynyň aşaky bölegi inçejik edilip 
ýasalýar. Şonda ýylan simap sütüni arkaýyn göterilse-de, sowanda 
inçelen ýerinde simap sünjigi üzülip galýar. Termometriň görkezişi 
anyklanandan soň, ony silkmeli. Şeýle edilende ýokary böleginde galan 
simabyň bölegi aşak düşüp goşulýar. Şepagat termometriniň ölçeg çägi 
35 dan 42°C a çenli bolýar. Normal sagdyn adamyň temperaturasy 
~36,6°C bolýar. Bedeniň temperaturasynyň mundan özgermegi keseliň 
bardygyny aňladýar. Öý haýwanlary – goýun, sygyr, at, towşanlaryň 
temperaturasy 38–40°C, guşlaryňky 41–42°C töwereginde bolýar.
Maddanyň temperaturasynyň aşaky ýa-da ýokary çägi barmy? 
Ýerde tebigy şertlerde Antarktikada minus 88°C temperatura bolandygy 
anyklanandyr (1960-njy ý. ylmy stansiýada). Emeli usulda bolsa minus 
273,149°C mahsus labo ratoriýalarda alnan. Hasap-hesiplere seredende 
temperaturanyň aşaky çägi minus 273,15°C a teň. Öý şertlerinde biz 
nähili temperaturalar bilen iş alyp barýarys? Suw 100°C da gaýnaýar. 
Ony gaýnatmak üçin ulanylýan tebigy gazyň odunda temperatura 1500–


114
1800°C a ýetýär. Elektrik nakal lampoçkasyndaky tempe ratura 2500°C 
töwereginde bolýar. Awto mobiliň dwigatelinde ýandyrylýan ýangyjyň 
emele getirýän tempe ratura ~1700°C bolsa, elektrik kebşirlemede 
7000°C a çenli ýetýär. Ýokary çäk entek anyklanmandyr.
1. Eger howanyň temperaturasy adamyň bedeniniň tempera-
turasyndan ýokary bolsa, şepagat termometriniň kömeginde 
näsagyň temperaturasyny nädip ölçemek bolar?
2. Termometriň turbajygynyň diametri kiçeldilse, termometriň 
görkezişiniň takyklygy nähili özgerer?
3. Şepagat termometrini nähili suwda ýuwmaly? Sowuk suw-
damy ýa-da ýyly suwdamy

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   76   77   78   79   80   81   82   83   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin