Maddany ň gurlu


Bir bedre kömri öýüň dördünji etažyna çykarylyp ýakyldy. Mun da



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə83/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   79   80   81   82   83   84   85   86   ...   131
fizika 6 turkman

8. Bir bedre kömri öýüň dördünji etažyna çykarylyp ýakyldy. Mun da 
birinji etažda ýakylanyna garanda näçe köp ýylylyk bölünip çykar?
A) 4 esse. 
B) 2 esse.
C) 3 esse. 
D) Birmeňzeş ýylylyk bölünip çykýar.
9. Näme sebäpden ýyladyş batareýalary äpişgäniň aşagyna ýerleş-
dirilýär?
A) Dizaýny gowy bolmagy üçin. B) Massasy agyr bolany üçin.
C) Konweksiýanyň hasabyna alnanlygy üçin.
D) Şu ýagdaý moda bolany üçin.
JEMLEÝJI SÖHBET
Munda siz IV bapda öwrenilen temalaryň gysgaça netijeleri bilen 
tanyşýarsyňyz.
Termometr
Temperaturany ölçeýän esbap. Simaply ýa-da spirtli bolýar. 
Naýçadaky suwuklyk sütüniniň beýikligi temperaturanyň 
üýtgemegi bilen üýtgemegine esaslanan.
Bimetal 
plastina
Ýylylykdan giňelýänligi dürlüçe bolan bir-birine berçinlenip 
berkidilen iki metal plastina.
Ýylylyk 
geçirijilik
Jisimiň gyzdyrylan böleginden gyzdyrylmadyk bölegine 
ýylylygyň geçişi. Maddany düzýän bölejikleriň hereketi sebäpli 
geçirilýär. Metallarda plastmassa, kerpiç, çüýşe, suwa garanda 
birnäçe ýüz esse uly bolýar. Gazlarda bolsa örän kiçi.
Konweksiya Deň ölçegsiz gyzdyrylan gaz, suwuklyklarda maddanyň bir 
ýerden, ikinji ýere akmagy sebäpli ýylylyk geçirijilik hadysasy. 
Konwek siýanyň 
tizligi 
gatlaklaryň 
temperaturalarynyň 
tapawudy gurşawyň ýylylyk geçirijiligine bagly.
Şöhlelenme Gyzan jisimleriň özünden şöhle çykarmak hadysasy. Olardan 
käbirleri göze görünýär, käbirleri görünmeýär. Şöhle özi bilen 
energiýa alyp çykýar. Jisimler we maddalar şöhläni siňdirmek 
netijesinde gyzýar.
Selsiý tem
-
peratura 
şkalasy
Temperaturanyň ölçeg birliginden biri. Hasap başy nol üçin ereýän 
buzuň temperaturasy alnan. Atmosfera basyşynda gaýnaýan arassa 
suwuň temperaturasy 100 gradus diýlip kabul edilen.


117

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   79   80   81   82   83   84   85   86   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin