Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə12/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
 
8.
 
Mekdebe çenli çagalar bagynda çagalaryň sözleýiş dilini 
ösdürmegiň wezipesi,mazmuny. 
 

 
Mekdebe çenli çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmegiň wezipesi . 

 
 Onuň mazmuny we ähmiýeti. 
Çaga ösüşiniň ilkinji ýaşynda sözleýiş dilini ösdürmegiň 
aýratynlygydyr. 
Çaga ösüşiniň ilkinji ýaşy 2 tapgyra bölünýär. 1-ýaşdan 1 ýaş 6 
aýlyga çenli, 1-6 aýlykdan 2 ýaşa çenli döwürlere bölünýär. Çagalaryň 
ösüşiniň bu iki döwründe hem sözleýşi ösdürmek wezipesi birmeňzeşdir. 
Ýagny sözleýşe düşünmek, sözleýşe öýkünmek, söz baýlygyny 
ösdürmek, sözleýşinden peýdalanyp daşky durmuş bilen aragatnaşyk 
etmek wezipeleri durýar. Ösüşiň 1-nji tapgyrynda çaga ulularyň sözüne 
düşünmek öwredilýär. Maksatnamada adam atlaryny predmet atlaryny 
geýimler, mebel, gap-gaç we ş.m hem-de ýöneköýje hereketler 
öwredilýär. Çaga bu döwürde diňe aýry-aýry sözler dälde ýöneköýje 
sözlemler öwredilýär. Çaga kem-kemden ýumuşlar tabşyrylýar. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
43 
Meselem: Kökäni al, kökäni ber, oýnawaçlary al we ş.m. Çagalaryň ikinji 
ýaşy sözleýiş dilini ösdürmegiň esasy etaplarynyň biridir. Maksatnamada 
çagalar bilen sözleýiş dilini ösdürmek boýunça geçirilmeli 
meşgullanmalaryň sany berlendir. Hemme meşgullanmalar 4 topara 
bölünmeginiň sebäbi görkezijilik serişdelerine baglydyr. Çagalaryň 
sözleýşine janly we jansyz obýektler, oýnawaçlar, predmetleriň suratlary 
degişlidir. Jansyz obýektlere daş töwerekdäki zatlar girýär. Çagalara 
sözleýşi ösdürmekde janly-jandarlar haýwanlar, transport bilen tanyş 
etmek esasy orny eýeleýär. Bulary meşgullanmada we meşgullanmadan 
daşary ýerlerde guramak bolýar. Çagalar käbir öý haýwanlaryny tebigy 
ýagdaýda synlaýarlar. Meselem:Ynha serediň! Pişik ýöräp gelýär, ol bize 
seredýär. Ol otyrdy, ýatdy pişik ýöräp gitdi, onuň gözi bar, gulagy, aýagy 
we guýrugy bar, pişik ýöräp barýar. Çagalaryň bu gören synlan zatlary 
olaryň ýatlarynda mydamalyk galýar. Çagalaryň bu görenlerini has-da 
berkitmek üçin ýene-de tebigy ýagdaýda synlamak bolýar. Jansyz 
obýektlere gezelenç wagtynda synlamak gowy bolýar. Bu ýaşdaky 
çagalar bilen meşgullanmalar, oýnawaçlardan peýdalanyp geçirilýär. 
Şeýle meşgullanmalar bir oýnawaçy beýleki oýnawaç bilen deňeşdirip 
ýa-da gyzykly oýun görnüşinde guralyp bilner. Meselem: “Jadyly 
haltajyk” oýnuny gurap meşgullanmalar guramak bolýar. Onda çagalaryň 
bilýän oýnawaçlaryny halta salmak bolýar. Bu toparda suratlardan
oýnawaçlardan peýdalanyp ençeme meşgullanmalar geçirmek bolýar. 
Sözleýşi ösdürmek sapagynyň mazmunyna diňe bir sözleýiş dili 
(sözlügi, ses aýdyşy, grammatika) üstünde işlemeklik degişli bolman, 
eýsem beýleki okuw-terbiýeçilik wezipeleri (umumylaşdyrmak, 
derňemek, şeýle-de synçylygyny, bilesigelijiligini kämilleşdirmek) hem 
degişlidir. 
Sözleýşi ösdürmek sapagy boýunça şol bir wezipäni bir sapakda 
däl-de, birnäçe sapakda meýilleşdirip bolarmy? Bolar. Ol topardaky 
çagalaryň sözleýşi ösdürmek sapagy boýunça umumy bilim derejesine 
baglydyr. Eger olaryň sözleýşinde grammatiki ýalňyşlyklar köp bolsa


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
44 
onda her hepde-de bir däl-de, 2-3 gezek düzediş işlerini, eger-de hekaýa 
gürrüň etmekde kynçylyk çekseler, onda hepde-de bir däl-de, iki gezek 
gürrüň etmekligi ýola goýmaly. 
Uly 
we 
mekdebe 
taýýarlaýyş 
toparlarynda 
sapaklar 
meýilleşdirilende sözleýşi ösdürmek 1-nji goýulýar (sözleýşi ösdürmek 
kyn sapak bolany sebäpli). Terbiýeçi çagalaryň günüň dowamyndaky 
hereketiniň ýeterlik derejede bolmagyny göz öňünde tutmak bilen 
gezelenji we hereketli oýunlary bir günde meýilleşdirmeli däldir. 
Terbiýeçileriň meýilnamalaşdyrmakda goýberýän ýalňyşlyklary: 

Sapagyň adyny takyk ýazmaýarlar. 

“Horaz bilen tanyşdyrmak” diýip ýazýarlar. Janly horazyň özi 
bilenmi ýa-da surat, oýnawaç horazy synlamakmy ýa-da horaz hakynda 
gürrüň etmekmi - näbelli bolup durýar. Tanyş etmekligiň usuly hem 
görkezilmelidir. 

“Surat boýunça sapak” - birinjide suratyň näme maksat bilen (söz 
baýlygyny kämilleşdirmek üçin synlamaklyk ýa-da monolog sözleýiş 
üçin sypatlandyrmak) peýdalanyljagy, ikinji ýazgyda bolsa çaga 
gürrüňiniň görnüşi (sypatlandyrma ýa-da döredijilikli hekaýa düzmelimi) 
näbelli bolýar. 

Öňde goýulýan okuw maksatlary dogry, doly, aýdyň berilmeýär. 
Köplenç, terbiýeçilik maksatlar görkezilmeýär. 

Ulanylýan görkezme esbaplar talabalaýyk görkezilmeýär. Sapak 
üçin niýetlenen suratlar toplumy, suratlaryň we çeper edebiýatlaryň 
awtorlary görkezilmeýär. 
Esasy talap sözleýşi ösdürmek sapagynyň yzygiderligini üzmän 
alnyp barylmalydyr. Sözleýşi ösdürmek sapagyň wezipelerini gysga 
wagtyň içinde öwrenip bolmaýar, ony yzygiderli öwrenip amala 
aşyrmaly. Terbiýeçi her hepdäniň dowamynda sapak döwri hemme 
çagalar bilen sözleýşi ösdürmegiň wezipelerini çözmelidir. 
Terbiýeçi sözleýşi ösdürmek boýunça sapaklary (hepdelik) 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
45 
taýýarlanda sapagyň mazmunyna, sözleýşi ösdürmek boýunça esasy 
wezipeleriň alynmagyna üns bermelidir. 
Terbiýeçiniň sesiniň emosional bezeginiň hem ähmiýeti uludyr: 
Şol bir söz aýdylyşyna görä manysy üýtgäp bilýär. Terbiýeçi eseri 
okamazyndan öň onuň heňini göz öňüne getirmeli. Dogry ulanylan 
emosional bezeg eser aýdyp berlende ýa-da okalanda gyzyklanmany 
döredýär. Okaýanyň emosional sesi, mimikasy we ýüz keşbi okalýan 
hekaýa kybap gelmeli. Hatda gülkünç hekaýalar hem ysgynsyz ses
gynançly ýüz bilen okalsa, çagalarda begençli duýgulary oýarmaz. 
Eser okalanda hereketler hem hökmanydyr: Ol sözüň üstüni 
dolýar, has gyzykly edýär. Ýöne hereketi aşa köp hem ulanmaly däl. 
Terbiýeçi okamaga ýa-da gürrüň bermäge taýýarlananda 
gahrymanlaryň eden işlerini çagalara ýetirmek üçin haýsy hereketler üçin 
sesiň tembrini saýlap almalydygy barada pikirlenýär. 
Eger terbiýeçi okap ýa-da gürrüň berip barýarka gahrymanlar 
barada pikirleri aýtmasa, ony çaga hem edip bilmez. 
Gürrüň beriji hekaýanyň ýa-da ertekiniň gurluşyny öňünden 
aýtmaly: Beýan etme-de bir bölek bolup biler ýa-da birnäçe-de bolup 
biler. Olar häsiýetleri boýunça garşylykly hem bolup biler. 
Çagalar bagynda akyl, ahlak we estetik ( gözellik ) terbiýesi 
sözleýişiň esasynda amala aşýar. Çagalar bagynda okatmagyň we 
terbiýelemekligiň maksatnamasynda çagalar çagalar bakja bagynda 
okatmagyň irki we mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözleýşini ösdürmek 
boýunça guramaçylyk işleri we okatmagyň usullary görkezilýär. 
Sözleýiş boýunça ýörite bellenilen sapaklarda sözleýişi öwretmek 
boýunça aşakdaky görnüşler alnyp barylýar: 

Çaganyň ses medeniýetini terbiýelemek; 

Sözlük goruny baýlaşdyrmak; 

Grammatiki endikleri kemala getirmek

Baglanşykly sözleýişi öwretmek, monolog, dialog, daş-töwerek 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
46 
bilen baglanşyklylyk; 

Çeper edebiýat bilen tanyşdyrmak, ýat tutmagy öwretmek. 
Dialog hyzmatdaşlygy-bu çagalaryň toparlarynyň arasyndaky 
özara hyzmatdaşlykdyr.
Watanyň beýik geljegi, halkyň halkyň bagtyýar durmuşy üçin halal 
zähmet çekmek uly bagtdyr. 
Aşgabady döwrimiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, 
çagalarmyza we agtyk çowluklarymyza miras goýmalydyr. 
Ylym-bilimde adamzadyň uzak geçmişi, şu güni hem-de nurana 
geljegi jemlenendir.
Dil bilen bolan zor bilen bolmaz. 
Dil bilen degirmen tartma. 
Dil bilen orak orsaň bil agyrmaz. 
Dil bir beladyr uçyr, göz bir derýadyr geçir. 
Dil görki söz –ýüz görki göz. 
Dilewar ýoldaş-ýoluň ýarpysy. 
Dili bar ile düşer, aty bar ýola. 
Dilmaç öz jogabyny özi tapar. 
Dil bar-bal getir, dil bar-bela getir. 
Dil bela-diş gala. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   8   9   10   11   12   13   14   15   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin