MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
64
13.
Çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmakda we söz
goruny ösdürmekde gözegçiligiň we maksatly gezelenç guramagyň
ähmiýeti.
Çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmakda we söz goruny
ösdürmek.
Gözegçiligiň we maksatly gezelenç guramagyň ähmiýeti.
Daş-töwerege syn etmekligi çaganyň öz otagyndan başlamak has-
da maksadalaýykdyr. Terbiýeçi ilki çagalar bilen otagyny synlaýar.
Çaganyň zat barada belli bir anyk düşünjesiniň bolmagy üçin şeýle syn
etmeler zerurdyr. Bu çagalar üçin içgysgynç bolmaly däldir. Çagany diňe
zatlary we hadysalary synlamak kanagatlandyrmaýar. Olar daş-töwerek
bilen hakyky aragatnaşykda bolmak isleýärler. Bu barada terbiýeçi
elmydama ýadynda saklamalydyr, esasan-da, kiçi toparyň çagalary
bilesigeliji bolýar. Gezelenç döwründe terbiýeçi
daş-töwerek baradaky
düşünjeleri giňeltmek we takyklamak bilen sözlügini baýlaşdyrýar,
pikirlenmesini ösdürýär. Her bir alnyp barylýan iş söz bilen bilelikde
alnyp barylmalydyr. Sözleýşi ösdürmek sapaklaryň her bir görnüşi arkaly
amala aşyrylýar. Şu ýerden sapaklary geçirmegiň usulyýetine
talaplar
gelip çykýar.
Dostları ilə paylaş: