Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə17/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

11.
 
Çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmak we sözlük goruny 
ösdürmek boýunça guralýan sapaklaryň görnüşleri. 
 

Çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmak 

Sözlük goruny ösdürmek boýunça guralýan sapaklaryň görnüşleri. 
 
Mekdebe çenli çagalar deň-duşlar we ulular bilen aragatnaşyk 
saklar ýaly, sözlük gory bolmalydyr, şonuň üçin pedagogika çagalaryň 
sözlük goryny baýlaşdyrmaga wajyp serişde hökmünde seredýär. 
Sözleýiş gory diýip halkyň öz taryhynda uzak wagtyň içinde 
sözleýiş gory bilen baýlaşdyrmagyna aýdylýar. Bu prosesiň mukdar we 
hil tarapy bar. Çagalaryň sözleýiş mukdar tarapy has hem göze görünýär. 
1 ýaşly çagalaryň işjeň sözleýişde 10-12 söz bolsa 6 ýaşynda 3-3,5 
ýaryma çenli artýar.
Sözleýşiň hil tarapy diýip çagalaryň sözleriniň mazmuny bilen 
tanyş bolmagyna aýdylýar. Her sözüň mazmuny düşündirmekden 
durýandyr. 
Sözlük işiniň wezipeleri: 

 
Mazmunly aragatnaşyk saklamak üçin sözleri mukdar taýdan 
üpjün etmek. 

 
Sözüň mazmunyny öwrenmegi üpjün etmek. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
56 

 
Sözleri aktiwleşdirmek, ýagny sözleri diňe bir öwrenmän, eýsem 
durmuşada geçirmek. 
Sözlük işiniň bu ugurlary ähli ýaş aýratynlyklaryna degişli we dürli 
mazmunda bolup biler: 
Tebigatyň obýekti we hadysalary bilen tanyşdyrmakda maddy we 
medeniýeti jemgyýetçilik durmuşy hadysalary bilen tanyş bolmak we 
ş.m.
Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözlük gorynyň daş-töwerek bilen 
tanyşdyrmakda artdyrylmagynyň gysgajyk analizine seredeliň: Dürli ýaş 
toparlarda bu hili mazmun dürli-hilidir. 
2-3 ýaşly çaga çagalar bagynda, öýünde görýän we gyzyklanýan 
zatlaryny: 
Egin-eşikleri, mebelleriň, gap-gaçlaryň zatlaryny özleşdirýär. Ol 
şol predmetler bilen hereketlerde özleşdirilýär. 
4 ýaşly çagalar predmetleriň atlaryny öwredilýär. Çaga sözleri 
aýtmakda ýalňyşlyk goýbermegi mümkin. Bu bolsa çaganyň kabul ediş 
derejesiniň pes bolandygyndandyr. 
Mekdebe çenli ýaşly çagalara predmetiniň atlary, ähmiýeti 
zerurlygy, gurluşynyň aýratynlygy, materialy tapawutlandyrmagy, olaryň 
hilini öwretmelidir. 
5 ýaşly çagalarda çagalaryň işjeň sözlüginde ähli predmetleriň 
atlaryny öwretmek, predmetler, gök önümler we miweler, iýmit, önümler 
material kagyz, mata öwredilýär. Uly mekdebe çenli ýaşly çagalaryň işi 
dowam edilýär. Esasy üns işjeň sözlügi baýlaşdyrmaga hil we sypat 
tapawutlary öwredilýär.(açyk gyzyl, açyk ýaşyl we ş.m) ýönekeý 
düşünjeler öwredilýär. Sözlügi kämilleşdirmek işi daş-töwerekdäki 
predmetler bilen tanyşdyrmaklyga ugrukdyrylan sapaklara baglaýar. 
Bu sapaklaryň esasy maksady çagalara predmetleriň atlaryny we 
olar bilen hereketi öwretmekdir. Bu wezipesi dogry kabul edişi 
guramaklyk esasynda amala aşyryp bolar. Sözlük goruny artdyrýan 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
57 
sapaklaryň biride predmetleriň hili we sypaty bilen tanyşdyrýan 
sapaklardyr. 
Çaga dünýä inende onuň kalbam, ýüregem edil ak kagyz ýaly arassa 
bolýar. Ýüregi päk, gylyk-häsiýeti gowy adama baha berlende “onuň 
ýüregi edil çaganyňky ýaly” diýilýär. Onuň içki dünýasi boşluk. Onda 
geçmiş ýok, ol diňe geljege ymtylýar. Ol ymtylyşyň talabalaýyk amala 
aşmagy, öz manysyna eýe bolmagy üçin bilim-terbiýäniň dogry berilmegi 
ilkinji zerurlyk bolup durýar. Çaga gören, eşiden, duýan zatlaryny 
deňeşdirer ýaly içki dünýäsinde, ýadynda hiç zat bolmandygy üçin bolşy 
ýaly kabul edýär. 6-7 ýaşyna ýetende gören, eşiden, duýan zatlaryny öň 
ýadynda galan, duýan zatlary bilen deňeşdirip kabul edip başlaýar. Soňra 
onuň kalby, ýüregi, mähri umuman ahlak ýagdaýy daşky dünýäden kabul 
eden ýagdaýyna, alan terbiýesine bagly bolýar. Çagany doglanyndan 
başlap, gurşap alýan daşky dünýäde onuň ahlak derejesini ýokary 
galdyrjak, oňat terbiýelejek zatlara dogry düşünmekleri, dürli 
düşünjelerden dogry baş alyp çykmaklary üçin ony akylly-başly, 
hoşniýetli, päk ýürekli, içki dünýäsi baý adam edip terbiýelemäge 
çalyşmaly. Ol ene-atanyň, terbiýeçiniň, mugallymyň öňünde durýan 
mukaddes borç. Rus pedagogy W. A. Suhomlinskiý “Terbiýeçilik işi 
dykgatly, akylly-başly, paýhasly pikirlenip ýaş ýüreklere galtaşmakdyr. 
Çaganyň ýüregine mähir bilen galtaşmaly” diýýär. Çagalary mylakatly, 
hoşniýetli, päk ýürekli edip terbiýelemekde tebigatyň orny uludyr. 
Tebigata söýgini döretmekde, daşky gurşawy goramagy 
öwretmekde okuw gezelençleriniň ähmiýeti has-da uludyr. Bu 
gezelençler okuw- terbiýeçilik işleriniň bir görnüşi we usuly bolmak 
bilen, tebigy şertlerde dürli zatlary öwrenmäge we syn etmäge 
mümkinçilik döredýär. Tebigata guralýan gezelençler çagalaryň arassa 
howada wagtyny gyzykly geçirmeklerine, daş-töwerek bilen içgin 
tanyşmaklaryna, tebigat täsinliklerine düşünmeklerine, olary öz 
aňlarynda ornaşdyrmaklaryna ýardam edýär. Tebigat, daş-töwerek 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
58 
duýgularyň çeşmesidir. Çagada duýgulary terbiýelemek ruhy we beden 
taýdan sagdyn nesliň kemala gelmegine ýardam edýär. 
Maksatnamanyň maglumatlary esasynda mekdebe çenli döwürde 
çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmak bilen birlikde sözlük goruny 
baýlaşdyrmaklyga hem uly üns berilýär. Mekdebe çenli döwürde çaga irki 
ýaşlaryna garanda daş-töwerege bolan düşünjesini sözlük goruny 
baýlaşdyrmak bilen özleşdirýärler. 
Çaga her gün zatlar we hadysalar bilen gatnaşykda bolýar. Olaryň 
biri çaga tanyş bolsa, biri nätanyş zatlardyr. Çagada “bu näme?” diýmek 
bilen bilesigelijilik döreýär. Bu nähili atlandyrylýar? Näme üçin? 
Nämeden edilen

Çaga özüni gurşap duran zatlary bilmek, elläp görmek, 
anygyna ýetmek isleýär. Maşgalada ene-atalar düşündirse, çagalar 
baglarynda terbiýeçi daş-töwerekdäki gurşaw bilen tanyşdyrýar, çaganyň 
täsirlenmelerini baýlaşdyrýar, düşünjelerini tertipleşdirýär. Çaga durmuş 
tejribesine akyl ýetirme arkaly eýe bolýar. Akyl ýetirme name? Çaga 
görýär, eşidýär, duýýar. Ol özüniň duýgy agzalary arkaly görýän 
zatlaryna düşünýär.
Akyl ýetirme - bu duýgy agzalaryna täsir etmek bilen hakykatyň 
adam aňynda şöhlelenmesidir.
Akyl ýetirmäniň ösüşi -bu duýgularyň ösüşi. Şonuň netijesinde hem 
çagada daş-töwerege bolan düşünje kemala gelýär, ösýär. 
Daş-töwerek bilen tanyşlyk diňe akyl ýetirmek arkaly 
tanyşdyrylanda öz manysyna doly eýe bolup bilmez. Çaganyň durmuş 
hakykatyna göz ýetirmeginde sözüň güýjüniň täsiri uludyr. Durmuş 
hakykaty bilen tanyşlyk, oňa düşünmek söz arkaly beýan edilende, 
duýgularyna täsir etmek bilen çagada daş-töweregine, adamlara bolan 
guwanç duýgularyny oýarýar hem-de sözlük goruny baýlaşdyrýar. 
Daş-töwerek bilen tanyşlyk boýunça alnyp barylýan işler çagada 
adamlara, öz ýaşaýan ýerine, mähriban tebigatyna bolan söýgi 
duýgularyny oýarmaly, daş-töwerege akyl ýetirmeli, çaga şatlyk 
getirmeli. Çagalar baglarynda çagany daş-töwerek bilen tanyşdyrmak 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
59 
maksatnama esasynda sapaklar arkaly amala aşyrylýar. Terbiýeçi bu işleri 
yzygiderli meýilnamalaşdyryp durýar. Bu sapaklaryň gidişinde sözlük 
bilen işlemek alnyp barlyp, ol işler çaganyň sözlük gorunyň 
baýlaşmagyna, geriminiň giňemegine ýardam edýär. 
Sözleýşi ösdürmek boýunça ýörite sapaklar çagalaryň üç ýaşyndan 
başlap geçirilip başlanýar. Munuň maksady çaganyň erkin gepleşip 
bilmegini, sözleýşi gepleşigiň hem-de düşünjäniň serişdesi hökmünde 
şeýle hem özüni alyp barşyny sazlap bilmegini gazanmakdan ybarat. 
Sapakda çagalar terbiýeçi bilen iş alyp barýarlar, görkezme esbaplar 
esasynda gürrüň edip bilýärler (kinofilmleri gürrüň edip bermek, 
diňlemek, gürrüň bermek). Öwrediji oýunlary oýnamak bilen bilelikde 
aýdym aýtmak bilen olar gezekli-gezegine geplemegi öwrenýärler. 
Sapaklarda çagalar täze düşünjeleri alýarlar (täze söz, onuň grammatik 
gurluşy hem-de aňladýan manysy), söz üsti bilen berlen ýumuşlary ýerine 
ýetirýärler, öz işlerini bahalandyrmagy öwrenýärler. Sapaklarda çagalara 
tertipli bolmagy öwredýärler. Maksatnamada dürli ýaş toparlarynda 
sözleýşi ösdürmek boýunça ýörite sapaklar berilýär: “Daş- töwerek bilen 
tanyşdyrmak we sözleýşi ösdürmek”, “Çeper edebiýat”, “Ene dili”. 
“Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak” sapaklarynda çagalara 
predmetler, olaryň işi, alamatlary, beýleki zatlar bilen gatnaşygyna syn 
edilýär, sorag-jogap alyşylýar. Terbiýeçiniň we ata-eneleriň sözleýşinde 
çagalaryň görýän zatlaryny atlandyrmagy olaryň söz baýlygyny, dialogik 
we monologik sözleýşini ösdürýär. Çeper edebiýat sapagynda çagalaryň 
sözleýşiniň esasy çeşmesi terbiýeçiniň olara okap berýän ýa-da aýdyp 
berýän çeper eserleri bolup durýar. 
Çagalar 
bagynda 
okatmagyň 
we 
terbiýelemegiň 
maksatnamasyndaky “Sözleýşi ösdürmek sapagy” çagalaryň sözleýşine 
üns bermegi, ýuwaş- ýuwaşdan öz sözleýşiniň hilini bahalandyrmagy 
maksat edinýär. 
-Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsanjy, milli 
häsýetleri, milli ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmenleriň ruhy älemi 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
60 
siňipdir. Bu milli mirasyň gözbaşy dörän ilkinji gününden gözbaş alyp, 
XX asyrda türkmen halkynyň bagtyýarlyk eýýamynda öz ösüşiniň ýokary 
belentliklerine ýetdi. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin