Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə19/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

Matallar. 

Bir alaja ýüpüm bar, nirä uzatsam ýetýär.(göz) 

Gider-gider yzy ýok daýanmaga dyzy ýok.(Suw) 

Gatlak –gatlak gatlama, gatlamadan ätleme (kitap). 

Ýerden çykan nyşana, meňzär işana.(Kömelek). 

Açylmadyk sandykda dogulmadyk bal ýatyr.(Çaga). 

Syry üstünde syzy men, yrty gyzyl tazy.(Ýüzük). 

Bir itim bar üýrmezek, öýe adam goýbermezek.(Gulp). 

Agzy gyzyl alamat düýbi gyzyl kyýamat, hassa girer sag çykar
sagsyzlara salamat.(Tamdyr). 

Gaýradan gelýär hekek, boýny uzyn gözi gök baý baý onuň 
parlaýşyn sazsyz, dilsiz sözleýşin.(Saz tüýdik). 
Çeper edebiýat çagalary akyl, ahlak we gözellik taýdan 
terbiýelemekde hem-de sözleýiş dilini ösdürmekde bahasyna ýetip 
bolmajak serişdeleriň biridir. Ertekileri, hekaýalary, goşgulary we 
matallary diňlemek çagalaryň iň gowy görýän işleriniň biri hasaplanýar. 
Çagalary çeper edebiýat bilen tanyş etmek boýunça hemme 
taraplarda ýörite meşgullanma geçirilýär. Çagalary çeper edebiýat bilen 
tanyş etmek boýunça köp işler meşgullanmadan başga wagtlarda 
geçirilýär. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
62 
Köpçülikleýin sapaklar toparyň ähli çagalaryny öz içine alýar 
(gezelenç döwri synlamak, hereketli oýunlar, çagalaryň döredijiligini ýa-
da tomaşalary synlamak). 
Beýleki işler toparlaýyn geçirilýär (toparlary gezekleşdirmek 
bilen). Çagalar bilen ýekelikdäki işler hem göz öňünde tutulmalydyr 
(goşgy, matal, ýatlamak we ş.m). 
“Çagalar bagynda terbiýeçilik işleriň maksatnamasynda” körpelere 
okap, gürrüň edip hem-de ýat tutdurmaly eserleriň sany berlendir. Her bir 
terbiýeçi öz işleýän toparlarynda “Maksatnamada” görkezilen eserleri 
örän gowy bilmelidir. Terbiýeçi bulardan başga-da täze neşir edilen eser 
bilen gowy tanyş bolup durmalydyr. 
Terbiýeçi her bir eseriň mazmunyny öz toparyndaky çagalaryň 
aňyna, duýgularyna örän ussatlyk bilen ýetirmelidir. Her bir eşidiş çeper 
mazmuny terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Terbiýeçi şol zatlary her bir 
çaganyň aňyna ýetirmelidir. 
Her bir çaga çeper eseri okaýjy däl-de, diňleýji hasaplanýar. Şonuň 
üçin terbiýeçi okan ýa-da gürrüň edýän eserlerini örän düşnükli, sada we 
çeper dil-de okamalydyr we gürrüň etmelidir. Eseriň çagalar üçin has-da 
düşnükli 
bolmagy 
üçin 
degişli 
suratlardan, 
diafilimlerden, 
plastinkalardan ýerlikli peýdalanylsa gowy bolardy. 
Çagasy çagalar bagyna gidýän ýagty ata-eneler gapma-garşy 
duýgulary başdan geçirýärler. Bir tarpdan körpäniň ulalanlygy üçin şatlyk 
bar. Çagalar bagynda ol biraz wagt ozbaşdagrak bolar, täze adamlar 
bilentanyşar, täze dostlary tutunar we siz özüňiz üçin biraz wagt aýryp 
bilersiň. 
Çaganyň hereketleriniň kadaly ösmegi üçin, onuň beden we aň 
taýdan ösüşiniň kadaly ösmegi üçin, onuň beden we aň taýdan ösüşiň 
kadaly ýagdaýda bolmagy zerur. Çaganyň sagatlygyna, kadaly ösüşiniň 
şaýatlyk edýän üç alamatynyň-hereketiniň, bedeniň we aňyň ösüşi özara 
berk bagly bolup durýar 
 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
63 
Rowaç 
Rowaçlygy buşlap gelen 
Ýyllaryň salamy Rowaç! 
Göwünleri hoşlap gelen 
Ýyllaryň kemaly Rowaç! 
 
Pederleriň tagzym-togaby, 
Geçmişiň ertä dowamy, 
Kişňeýşiň – arşyň owazy, 
Kalbymyň senasy, Rowaç! 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin