Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə18/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

12.
 
Gözegçilik, maksatly gezelenç, zatlara syn etmek
suratlara syn etmek, öwrediji oýun, tapmaça düzmek we çözmek 
sapaklary. 
 

Gözegçilik, maksatly gezelenç, zatlara syn etmek. 

Öwrediji oýun, tapmaça düzmek we çözmek sapaklary. 
 
Çagalaryň sözleýşini ösdürmek diňe sapagyň üsti bilen däl-de, 
eýsem, sapakdan daşary hem alnyp barylýar. Sapakdan daşary sözleýşi 
ösdürmek maksatnamadaky esasy wezipeler, şeýle-de öňünden göz 
öňünde tutulan sapaklaryň görnüşi (köpçülikleýin, toparlaýyn, 
aýratynlykda) esasynda meýilleşdirilýär. 
Köpçülikleýin sapaklar toparyň ähli çagalaryny öz içine alýar 
(gezelenç döwri synlamak, hereketli oýunlar, çagalaryň döredijiligini ýa-
da tomaşalary synlamak). 
Beýleki işler toparlaýyn geçirilýär (toparlary gezekleşdirmek 
bilen). Çagalar bilen ýekelikdäki işler hem göz öňüne tutulmalydyr 
(goşgy, matal ýatlamak we ş.m). 
Günüň dowamynda geçirilmeli işiň görnüşini (köpçülikleýin, 
toparlaýyn, ýekelikde) terbiýeçiniň özi kesgitlemeli. 
Çagalary akyl taýdan terbiýelemekde matallaryň uly ähmiýeti 
bolupdyr. Matalyň jogabyny bilmek üçin çagada pikirleniş ukybynyň, 
ýatkeşliginiň, ýiti synçylygynyň bolmagy zerur. Mysal üçin “Ataş üç 
ýaşynda, ogly bazara gider”, “Boýy bir garyş, sakgaly iki garyş”, “Dört 
okaram hap-da hap, birin aç-da, birin ýap” diýen ýaly matallar aýdylyp, 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
61 
pikirlenmek arkaly ösümlikler, pasyllar bilen tanyşdyrylypdyr, san 
düşünjeleri kämilleşdirilipdir. Matala jogaby häsiýetinde, şekilinde we 
edýän hereketinde ýüze çykýan sözleme matal diýilýär. Bilim-terbiýeçilik 
bilen baglanyşykly işlerimizi milli köklerimizden gaýdýan asylly däp-
dessurlarymyz esasynda alyp barmagymyz bilimiň netijeliliginiň has-da 
ýokarlanmagyna, ösüp gelýän ýaş nesliň ruhy taýdan sagdyn, beden 
taýdan berk, intellektual taýdan ösen çagalar bolup ýetişmegine ýardam 
edýär. Matallary halk döredýär. Olar dilden dile geçip gelipdir. 
Kimbilmeşekleri ýazyjylar şahyrlar döredýär. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin