Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə15/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
 
 
Sanawaçlar 
Gözel – göş, 
Ýagly – döş, 
Taňka – daş, 
Galam – gaş, 
Harmana bar-da, 
Omman aş! 
Ekem-ekem, 
Arpa çekem, 
Ýola bakam, 
Gözüm dikem, 
Gyzyl towuk, 
Gyrma towuk, 
Jyňňyrdawuk, 
Çek aýak! 
 
Ýaňyltmaçlar 
Arpa çörek ýürek ýellendirmezek bolar. 
*** 
Birje çemçe şorja serçe çorbasy. 
*** 
Gaty-gaty gepleme, çöpi çörden çöpleme. 
*** 
O Tejen, bu Tejen, 
Künjilije Tejen. 
Künjüsi çüteje 
Bitenje Tejen. 
 
Nakyllar 
Çaga eziz, edebi ondan hem eziz. 
Çagaly öý bazar. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
51 
10.
 
Çagalaryň söz goruny baýlaşdyrmak,zatlaryň hilini 
we häsiýetini görkezýän dürli sözleri ulanyp bilmeklerini 
gazanmak sapaklary. 
 

 
Çagalaryň söz goruny baýlaşdyrmakda guralýan sapaklar. 

 
Çagalaryň zatlaryň hilini, häsiýetini bildirýän sözleri aýdyp 
bilmegi. 
 
Mekdep ýaşyna ýetmedik çaga öz deň-duşlary, uly adamlar bilen 
aragatnaşyk etmek mekdepde gowy okamak çeper edebiýata, telewizorda 
we radioda berilýän gepleşiklere gowy düşünmek üçin belli bir derejede 
söz öwrenýärler. Çaganyň söz öwrenmekligi dowamly döwürdir. 
Meselem:
 
Çagalar 1 ýaşyň ahyrynda 10-12 söz bilýän bolsa onda 6 
ýaşynda 3-3,5 müň söz öwrenmelidirler. Çaga diňe san taýdan köp söz 
öwrenmän, eýsem olaryň öwrenen sözlerine düşünişleri hem giňelýär. 
Çaganyň täze bir söz öwrenmekleri olaryň gündelik durmuşlarynda bolup 
geçýär. Olar meşgullanmada, oýunda, zähmetde täze-täze sözleri 
öwrenýärler, berkitýärler çaganyň söz öwrenmekligi toparlar boýunça 
giňelýär. 2 we 3 ýaşly çagalar görüp ýören zatlaryny öwrenýärler. 
Meselem:Geýimler, gap-gaçlar, mebeller, oýnawaçlar we ş.m. Çagalar bu 
ýaşda adamlaryň we predmetleriň aýry-aýry böleklerini aýratyn 
tanaýarlar. Meselem:Adamyň gulagy gulagynyň içi we ş.m, Köýnegiň 
ýeňi, ýakasy, jübüsi we ş.m. Predmetiň häsiýeti, süýji suw, sowuk suw, 
yssy suw we ş.m. Meselem: çagalar diňe köýnek sözüni öwrenmek bilen 
kanagatlanman eýsem onuň dürli häsiýetlerini, hilini aýyl-saýyl etmegi 
başarmalydyrlar. Täze, köne, uly, kiçi, ak, dar köýnek, köýnegiň yzy, öňi, 
ýeňi, boýy we ş.m. Çagalar predmeti deňeşdirip olaryň tapawudyny 
aýtmagy hem öwrenýärler. Oturgyjy, taburetkadan tapawutlandyrmagy 
öwrenmelidirler. Oturgyjyň arkasy bardyr. Taburetkada arka ýokdur. 
Atyň eşekden tapawudyny, at ulydyr, atyň gulagy kiçidir, eşek umuman 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
52 
atdan kiçidir. 5 ýaşly çagalara öwredilmeli aktiw sözleriň hataryna gök 
önümler, miweler, iýmit, durmuşda ulanylýan zatlar, matalar, kagyzlar, 
agaçlar we ş.m. Çagalar öwrenen sözlerini terbiýeçiniň kömegi bilen 
toparlara bölmegi we dogry atlandyryp bilmelidirler. Aýy, düýe, kubik, 
pökgi, gurjak –oýnawaçlardyr. Köýnek, palto, don, içmek geýimlerdir. 
Çemçe, tarelka susak gap-gaçlardyr. Uly toparyň çagalary predmetleriň 
hili boýunça tapawutlandyrmagy öwrenýärler. Meselem:demir ,plastmas, 
rezin, aýna we ş.m. 
Sözlük gorunyň geriminiň giňemegi sözlügiň baýlaşmagyna 
baglydyr. Çaga zatlar bilen tanyşmak arkaly atlar, sypatlar, işlikler bilen 
hem tanyşýar. Mysal üçin: zatlaryň we hadysalaryň atlary: aý, gün, 
asman, bulut, ýyldyz, ýel, ýagyş, gar, buz; reňki we hili: mawy, açyk, 
arassa, bulutly, pessaý, güýçli, ak, sowuk, ýumşak, ýagty; dürli 
hereketler: ýagýar, guýýar, damýar, öwüsýär. 
Söz gory çaganyň düşünjesine laýyk gelmeli. Eger-de çaganyň 
düşünjesi giňäp, sözlük gory haýal toplanýan bolsa, ol öz pikirini doly 
beýan edip bilmez. Çaganyň sözleýşi kämil bolmaz. Aýtjak bolýan 
zadyny hereketi bilen görkezmäge çalşar. Daş-töweregindäki adamlar 
bilen gatnaşygy kynlaşar. Olar oňa düşünmezler. Munuň tersine, söz gory 
anyk düşünjelerden artyk gelse, çagada 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin