Türkmenistanym (Watan hakynda goşgy)



Yüklə 0,82 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə10/11
tarix03.05.2020
ölçüsü0,82 Mb.
#31058
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11
Berdinazar Hudaýnazarow~Saýlanan goşgylar

Ýatjak wagtym jyňňyrdanda telefon. 
Oňat dynç almaga arzuw edýänin 
Duýdurardy her gün, dostum Garahan. 
 
Doglan günüm oglumdan öň gutlardy, 
Myhmanlary garşylardy men bolup. 
Şu ýagdaýda esli salym ýaşadyk, 
Aýdylşy dek, bir jan-u-ten bolup. 
 
Bir gün bolsa, ýatmazymdan öňünçä 
Öňki ýaly seslenmedi telefon. 
Men welin, hut şol gün dosta mätäçdim, 
Hawa, men mätäçdim saňa, Garahan! 
 
Ine, şeýdip näçe ýylyň dostlugy 
Ýüzüň sowup geçdi gitdi duşumdan. 
Indi-indi hasap edip otursam, 
Edil şol gün, aýrylypdym işimden... 

 
Hyjyw bar gursakda, hyýal bar başda 
 
Hyjyw bar gursakda, 
Hyýal bar başda, 
Adama näme zat gerekmiş başga? 
 
Bir gadak ýigrenç, 
Bir çuwal söýgi, 
Ep-eslije şatlyk, sähelçe gaýgy. 
 
Oňşup bilmese-de bir-biri bilen, 
Artygrak Çyn gerek, 
Kertigräk ýalan. 
Tapylsa dost bilen wepaly nöker, 
Duşmanyň öz-özi alnyňdan çykar. 
 
Özüňe düşünýän söwer ýar gerek, 
Şan-şöhrat hökman däl, namys-ar gerek. 
Dost-ýarlaryň bilen hasap bolmaly
Ýuka nebis, galyň ynsap bolmaly. 
 
Bolmaly, ýene-de bir zat bolmaly, 
Kalbyň açyk, ruhuň azat bolmaly. 
Özüňki bolmaly pikiriň, kelläň, 
Azajyk akylam bolaýsa kem däl. 
 
Ýatdan çykan zat barmyka, bagyşla, 
Ýene näme gerek bulardan başga? 
Gowulyk, gowulyk, gowulyk gerek, 
Hem-de bir azajyk şowlulyk gerek. 
 
Şertler 
 
Sen maňa düşünmek isleýän bolsa, 
Onda ilki öz-özüňi derňäp gör, 
Özüňden özgäni görmän geçme-de, 
Il üçinem bir salymjyk eňräp gör. 
 

Maňa düşünjegiň çynlakaý bolsa, 
Agraldyber egniňdäki ýüküňi. 
Käte-käte garşy gidip özüňe, 
Özgä uzat öz iýmeli hakyňy. 
 
Almagam-a ýaman närse däl welin, 
Bermegiň-de lezzet bar, ynanaý. 
Bu dünýäde täsin zatlar bolýandyr, 
Bir gezejik bereniňe begenäý. 
 
Sen maňa düşünmek isleýän bolsaň, 
Gara-ha gara diý, aga-da ak diý. 
Ikisiniň ýerin çalşyr diýseler, 
Meniň bir ýüzüm bar, ikisi ýok diý. 
 
Ýeňil günde guwdurama, hekgerme, 
Agyr günde egin gysma, müzzerme. 
Ejize-de, asgyna-da ýüz beräý, — 
Bir özüňden ökdelere ýüz berme. 
 
Beýge galdygyňça pes tut päliňi, 
Aýlaw-hile näme gerek — çaga bol. 
Duşman duşmandygny gizläp duranok, 
Heran-haçan dost sumakdan ägä bol. 
 
Aldamag-a aýyp zadam görlenok, 
Dönüklik etseler — şony aýyp gör. 
Özüňi oda ur diýmäýin welin, 
Gerek bolar, mahal-mahal köýüp gör. 
 
Hawa, maňa düşünjegiň çyn bolsa, 
Ynsabyňy barja zatdan gymmat gör. 
Gözel ýerler kändir welin dünýäde, 
Göbek ganyň daman ýerin jennet gör. 
 
Şo şertleri berjaý edip biläýseň, 
Maňa az-kem düşünmegiň mümkindir. 
Görşüň ýaly, juda geň-taň adam men, 
Hawa, men tetellä düşünmek kyndyr. 

 
Dürdäneler dünýäsine çakylyk 
 
Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok, 
Bu jahanda diýilmedik zadam ýok. 
Arman, bu eýýamda sözüň manysyn 
Tirip, çirtip bilýän kän bir adam ýok. 
 
Hasanaklap, nirä barýaň, eý adam, 
Alnyň, ýoluň açyk bolsun, hoş gördük. 
Salam bersem, näme diýip geň görýäň, 
Gözüň aç, gursagyňy boş gördük. 
 
Ömri gäwüş bilen geçirer ýaly 
Durmuş beýle bimany däl, görýän men. 
Bu dünýäde parasada gol bermän, 
Nädip ýaşap bolýanyna haýran men. 
 
Diýýärler: Gudraty güýçliniň özi 
Ýalançyny ýaradypdyr söz bilen. 
Sözüň gudratyny diňe duýmaly, 
Ol gudraty görüp bolmaz göz bilen. 
 
Ol dünýä-de ugradýarlar söz bilen, 
Başga hiç zat sözüň ornun tutanok. 
Kölegäni kowup barýan eý, bende, 
Näme üçin şuňa aklyň ýetenok?! 
 
Kiseler garypka, kalby baý eden 
Goşgulara, gazallara gurban men. 
Bu jahanda Pyragyny tanaman, 
Nädip ýaşap bolýanyna haýran men. 
 
Sözden ýasalypdyr beýik kitaplar, 
Men olarda gudrat gördüm, güýç gördüm. 
...Garnyň-a golus-a doludyr welin, 
Eziz adam, göwnüňi-hä aç gördüm. 
 
Ah, nähili şypakerdem bu Dünýe 

 
Ah, nähili şypakerdem bu Dünýe. 
Ýekeje bir ýeser ýeri — soňy puç. 
Ykbal aýyrmasyn bizi gülmekden, 
Arman, aglamalam bolýar ir-u-giç. 
 
Sallançakda ýatyr suw ýaly çaga, 
Onda entek ne gurbat bar, ne-de güýç. 
Ýadaw ene hüwdüleýär, üwreýär, 
Olam saňa hossar bolar ir-u-giç. 
 
Garnyň doklugydy uly arzuwym, 
Doýa garna iýip bilmän gezdim aç. 
Dilgir bolma — üç arzuwyň bar bolsa, 
Birden biri hasyl bolar ir-u-giç. 
 
Ýaşap ýörüs bir-birekden ýaşyryn. 
Günä edýäris-de, ökünemzok hiç. 
Ýöne hatyrjem bol:galplygyň üçin 
Öz-özüňi ýigrenersiň ir-u-giç. 
 
Bu dünýe şeýle giň, şeýle ümmülmez, 
Seret, onda ne gyra bar, ne-de uç. 
Ýöne ol darala-darala, seni 
Ýeke garyş ýerde gizlär ir-u-giç. 
 
Seniň giň goýnuňa sygmadyk dünýäň 
Ine, ahyr senden şeýdip ala öç. 
Bu — ajydyr. 
Emma ýalňyz adalat 
Hut şundadyr. 
Düşünersiň ir-u-giç. 
 
Ömür 
 
Biz çagadyk, gum içinde 
Ýaşalardy oba bolup. 
Seret, anha, Daşlyň oýy 
Ýatyr indi çäge bolup. 

 
Başdan indi agyr ykbal, 
Dalap geçdi gara şemal. 
Eziz uýam Annajemal, 
Penaladyň Käbe bolup. 
 
Ömür maňa düşdi gymmat, 
Özüň çaga, ýüküň mähnet. 
Üstesine gara töhmet 
Igledipdi ige bolup. 
 
Dilimde Hak içsem, iýsem 
Gabardamok, näme diýsem. 
Gören görgim dur henizem, 
Maňlaýymda joýa bolup. 
 
Hawa, kän zat gördi gözüm, 
Ýüregimde ýokdur dözüm. 
Goý, eşdilsin her bir sözüm 
Şükür! bolup, Toba! bolup. 
 
Hernä geçdi-gitdi bary, 
Alkyşlaýan Biribary. 
Dik başymda — gyşyň gary, 
Göwnüm gülýär çaga bolup. 
 
Eý, dost-ýarlar, eý, gardaşlar, 
Aman bolsun karz başlar. 
Alkyş alyň — ak alkyşlar, 
Geler bir gün miwe bolup. 
 
Göz ýetirip barýan barha: 
Biz köpçülik, Taňry tenha. 
Şükür, ýaşap ýörün, ynha, 
Berdinazar aga bolup. 
 
Ham-hyýal 
 
Sen bu ýalançyny juda çyn tutduň, 

Olam maýmyn bolup oýnady seni. 
Owadan-owadan allary bilen 
Guduratdy seni, güýmedi seni. 
 
Hawa, sen dünýäni gaty çyn tutduň, 
Gujakladym, gysymladym öýütdiň. 
Ugrunda selpediň, hallanlar atdyň, 
Ol welin, sylaýyn diýmedi seni. 
 
Dünýä saňa gözün gypdy gyz bolup, 
Aklyň aldy durşy bilen näz bolup. 
Aşyk bolduň, guduradyň ýaz bolup, 
Emma görüp dursuň, söýmedi seni. 
 
Diýseler Bu dünýä panydyr pany, 
Sen ondan çykarjak bolmadyň many. 
Ýalançynyň çig süýt emen myhmany, 
Aňryň ne palçykdan eýledi seni? 
 
Hawa, bu dünýäni tutmakçydyň sen, 
Entek kän zatlary etmekçidiň sen. 
Utulmakçy däldiň, utmakçydyň seni, 
Görýäň, beýtmäge goýmady seni. 
 
Ýadawlyk 
 
Agras oý-pikirler ýadatdy halys, 
Huma dönen kelle boşaşsyn biraz
Soňsuz hysyrdydan daljygan ýürek, 
Demini dürsesin, köşeşsin biraz. 
 
Gümra bolduň soňy gelmez işlere, 
Ýatsaňam goýanok girip düýşlere. 
Gaçyp gitjek gümany ýok hiç ýere, 
Iş-pişe gapyda garaşsyn biraz. 
 
Gursakda galypdyr görnäçe düwün, 
Kömege çagyrýan şeýtanyň suwun. 
Bolgusyz gep bilen çişirlen göwün 

Öýkesini ýazyp, ýaraşsyn biraz. 
 
Adam pakyr çig süýt emipdir, arman, 
Gezip ýör kemini özünden görmän. 
Mydam özge bilen göreşip ýörmän 
Öz-özi bilenem göreşsin biraz. 
 
Hüw-hak!  diýip ýören derwişler deýin, 
Başym alyp ýaşyl ýaýla gideýin. 
Yz çalyp, aw aňtap seýran edeýin, 
Gök ýylak saçymy daraşsyn biraz. 
 
Depämde düýrügen çygly bulutlar 
Gözlerin ýaşartsyn gülüp-gülüpler. 
Berdinazar aga çaga boluplar, 
Guba depelere dyrmaşsyn biraz. 
 
Sermest bolup gelen bahar aýynda, 
Ömrüň giç öýleden öten çagynda. 
Ýetimsiräp galan Daşlyň oýunda 
Tenha özi bilen gürleşsin biraz. 
 
...Ine, gök gübürdäp atýar haýbatyn, 
Depe bilen düzi saýgarmak çetin. 
Goý, ýagşyň astynda galyp gözýetim, 
Asman bilen Zemin birleşsin biraz. 
 
Daglar 
 
Düşegiň Ýer bolsa, üçegiň Asman, 
Diwary daşlardan örülen daglar. 
Gaý-tupana başyn egmän, sarsman 
Kerem-keramata öwrülen daglar. 
 
Göwsi doly ýol-ýodadan, öwrümden, 
Atylan ok geçip bilmez böwründen. 
Gyşyň gazabyndan, günüň howrundan 
Saçy ak, sagrysy çalaran daglar, 
 

Jülgeleri bardyr bakjaly-barly, 
Etegi ýagyşly, depesi garly. 
Heran-haçan görseň başy humarly, 
Gerşinde bulutlar düýrügen, daglar. 
 
Gatlaklary gatlaklara dyrmaşan, 
Çal dumany gowaklara ornaşan, 
Depesinde aç arslanlar arlaşan, 
Başy asman bilen birigen daglar. 
 
Gün düşende jülgeleriň düýbüne 
Arkan ýat-da, birazajyk meýmire. 
Ýüzläp derde melhem bolan mumyýa 
Gözümden ýaş bolup syrygan daglar. 
 
Agyr uka batan derelerinde 
Gyşyň gara güýji oýananynda. 
Güne ýanan ýylçyr gaýalarynda 
Nije ýowuz ýeller sygyran daglar. 
 
Haka sygnyp ýola düşseň ir bilen, 
Sataşarsyň gaplaň bilen şir bilen. 
At başyny çekip, howatyr bilen 
Çola zawlaryna girilen daglar 
 
Gözel jülgeleriň lezzeti bilen, 
Gerimi, göwrümi, gudraty bilen. 
Howalasy bilen, haýbaty bilen 
Bizi belentlige çagyran daglar. 
 
Pespäl 
 
Üýtgeşik bir zat gerek däl, 
Bagda guşlar saýrap dursa, 
Ilden-ile barýan ýollar, 
Çar tarapa ýaýrap dursa. 
 
Keramat bar, gyzyl kölde, 
Alamat bar, ýylçyr buzda. 

Bolýar bize gyşda, ýazda 
Howa sowap, maýlap dursa. 
 
Utulmasaň söwdalarda, 
Suw bol bolsa howdanlarda. 
Bolýar, ala meýdanlarda, 
Alma, narlap gülläp dursa. 
 
Halal bolsa bu giň ojak 
Ýeri, başga näme diýjek? 
Goç ýigitler ýalňyşmanjyk 
Ýary seçip-saýlap dursa. 
 
Gumry gonsa üçegiňde, 
Nanyň bolsa saçagyňda. 
Kemiň näme, gujagyňda 
Agtyjagyň oýnap dursa. 
 
Ýok zatlara başyň goşma, 
Näme gerek mundan başga?! 
Ylham atly täsin çeşme 
Ýetmiş ýaşda gaýnap dursa. 
 
Alkyşlaly iýlen duzy, 
Bu arzuwyň ýokdur yzy. 
Besdir, bize Allaň özi 
Käte nazar aýlap dursa. 
 
Bedew ata tarypnama 
 
Aslyma guwanýan seni göremde, 
Onsoň nädip, saňa haýwan diýeýin. 
Buýsanjyňdan ynsan alsyn görelde, 
Onsoň nädip, saňa haýwan diýeýin. 
 
Toýnakda ot, gerşinde-de şemal bar. 
Duruşynda üýtgeşik bir kemal bar. 
Bize bakýan gözleriňde sowal bar, 
Nädip onsoň, saňa haýwan diýeýin. 

 
Söweş güni agyp düşsem eýerden, 
Aglap dursuň, gidip bilmän o ýerden. 
Ýallaryň ýüpekden, endamyň zerden, 
Nädip onsoň, saňa haýwan diýeýin. 
 
Ýüreklere ýakyn, gözlere ýyly, 
Sypamaz sagryňy del kişiň eli. 
Şöhradyň — perzendi, namysyň — guly, 
Ýeri, nädip, saňa haýwan diýeýin. 
 
Synlap durmak gör, nähili ýakymly, 
Danalar dek salyhatly, akylly. 
Ölseň jaýlanarsyň ynsan şekilli, 
Nädip onsoň, saňa haýwan diýeýin. 
 
Ýat illerde nala çekýäň ýerlemän, 
Wasp etmek kyn, akly juda durlaman. 
Goýaly mundan artyk gürlemän  
Ýeri, nädip, saňa haýwan diýeýin! 
 
Terbiýe sapagy 
 
Diýleni etseňiz, öwretmek menden, 
Watany söýmeli jan bilen tenden. 
Atany, enäni kem görmän ondan, 
Iýeniň-içeniň halal bolmaly. 
 
Adamy bolsaň-da haýsy eýýamyň, 
Ýalan däl-de, dogry bolsun diýýäniň. 
Ýarym! diýip ömürboýy söýýäniň 
Üç-dört däl-de, birje aýal bolmaly. 
 
Niýeti-päliňi ýagşy tutmaly, 
Ir turmaly, gijirägem ýatmaly. 
Bu dünýäden senem bir gün gitmeli, 
Bu hakykat başdan aýan bolmaly. 
 
Sogap gazan, günä bolsa hasap et, 

Ynsabyňa bermelisiň hasabat. 
Gerçekleriň gursagynda sahawat, 
Amanat başynda hyýal bolmaly. 
 
Erbet işdir kişä kesek oklamak, 
Däp bolmaly — iýlen duzy haklamak. 
Näçe kyn bolsa-da, çaga saklamak 
Nesil öndürmeli — dowam bolmaly. 
 
Ömri öýkeletme — geçirme nalap, 
Durmuşa çykaňda çykmaly halap.  
Ýene bir zat: tapylmasa kileläp, 
Bir gadak utanjyň-haýaň bolmaly. 
 
Özüň bileňokmy — diňle bileni, 
Yhlas eýle — işiň bolsun ileri. 
Häzirlikçe berjaý ediň şulary, 
Soňun görmek üçin aman bolmaly... 
 
Geçileni gaýtalamak 
 
Kim akylly saýsa özün, 
Onda kän bir akyl ýokdur. 
Aglamadyk adam ýokdur, 
Aýdylmadyk nakyl ýokdur. 
 
Gül açylmaz ýaz bolmasa, 
Nädip oňjak näz bolmasa. 
Bir çümmüjek duz bolmasa
Hiç tagamda ýokum ýokdur. 
 
Yşyk gözläp, galyp tümde, 
Kän zat gördüm bu ömrümde. 
Her ýylpyldap ýanýan şemde, 
Ýagty bardyr — 
Ýalkym ýokdur. 
 
Tüweleme, dälsiň çaga, 
Alym bolduň, bolduň aga. 

Öz-özüňi tanamaga 
welin, hergiz çakyň ýokdur. 
 
Baýlyk ýygnap assa-assa, 
At-owazyň arşa ýetse, 
Aýnamagyn — taňry tutsa, 
Öz zadyňa erkiň ýokdur. 
 
Ýene bir zat bize aýdyň, 
Eger, molla bolup adyň, 
Diňlenmese diýen zadyň, 
Şondan ajy höküm ýokdur. 
 
Agla — aldap alan bolsaň, 
Eňre — ýasda gülen bolsaň. 
Bu ýalança gelen bolsaň — 
Gitmezlige hakyň ýokdur. 
 
Oýlanmaga itergi 
 
Uzunly gün uklap ýatan meýdanlar, 
Jana gelýär ýazyň ýagyşlaryndan. 
Heder edip, gaça duruň adamlar, 
Bigünä bendäniň gargyşlaryndan. 
 
Göwne degmäň, bihuda gep aýytmaň, 
Söz ýarasy bitýän däldir, unutmaň. 
Ýalňyşlygam boş gidýändir öýütmäň, 
Adam sapak alsa ýalňyşlaryndan. 
 
Ýürek gyýlyp, ýokuş degse-de näler, 
Ýamanlyk undular, ýagşylyk galar. 
Eli, kalby sahawatly ynsanlar, 
Bähre tapýar alan alkyşlaryndan. 
 
Adam käte öz-özüňe duşmandyr, 
Dogry ýola saljak diňe puşmandyr. 
Ýigidiň kalbyna uçgun düşýändir, 
Güldesse gyzlaryň göreçlerinden. 

 
Gün ýaşar, ýaşan Gün ýene-de dogar, 
Ýerden göterlen bug ýene-de ýagar. 
Şahyr geň-taňlygy alandyr, meger, 
Beýwan çölleriň derwüşlerinden.  
 
Gürrüň 
 
Gürrüňe çagyrýan ýakyny, daşy, 
Boş görmäň, ýürekden çykýan alkyşy. 
Umydyňy elden berme, eý kişi, 
Garly gyşyň soňy ýaşyl ýaz bolar. 
 
Doýulmaýan bu owadan dünýäde, 
Haýranlar galýarsyň kä bolýan zada. 
Soňuny saýmazdan berýärler wada, 
Diýmek, öz sözünde durýan az bolar. 
 
Bagty duýýaň söýeniňde, söýleňde, 
Gülki, şatlyk mekan tutsun öýlerde. 
Goly çyzgap göreş tutsaň toýlarda, 
Güýç görkezjek bir çukanak dyz bolar. 
 
Ýyllara duwlanyp bekeýär beýni, 
Daglary göterýär baýyrlaň egni. 
Ine, aý-günleriň edýänje oýny: 
Gök garpyzyň içi gyzyl köz bolar. 
 
Eziz adam, abat bolsun üçegiň, 
Bagty çüwsün, başgaň bagtyn açanyň. 
Görüp dursaň naz-nygmatly saçagyň, 
Baş hümmeti bir çümmüjek duz bolar. 
 
Janyň sag, başyňda akyl-huş bolsa, 
Garrylyk nämemiş, göwnüň ýaş bolsa. 
Kalby darykdyrýan çytyk gaş bolsa, 
Göwünleri nurlandyrýan näz bolar. 
 
Parhy ýokdur, begmi ýa garyp bende, 

Bergili biz bir-biregiň öňünde. 
Unutmaň doganlar, ahyr soňunda 
Biz pakyrdan galjak öçmez yz bolar. 
 
Dünýe hakda dünýewi goşgy 
 
Guwduraman, gaýyp ýörmän howada, 
Käte geçmişi-de salmaly ýada. 
Sähralary söküp paý-u-pyýada 
Çykypdyk şol gadym oraçalardan. 
 
Bu dünýe geňlikden-taňlykdan doly, 
Adamlaryň ala niýeti-päli. 
Adalatam az-kem ýylgyrar ýaly, 
A:gy aman saklaň garajalardan. 
 
Ýatamda, turamda dileýän Hakdan: 
Gora ak jereni şar-gara okdan. 
Danalary halas ediň samsykdan, 
Kesiň bikemaly, derejelerden. 
 
Seret, hon-ha ýalan jort atýar çyna, 
Bäs gelmek juda kyn, galpyň güýjüne. 
Arlap duran arslan — janyň ujy-la, 
Gorkýan, ýylan dilli ýaranjaňlardan. 
 
Eý, Taňrym, görene göz bolupdyryn: 
Gör, kim bilen ýüzbe-ýüz bolupdyryn — 
Men bu ýalançyda bez bolupdyryn 
Çem gelen göräldä eýerjeňlerden.  
 
Ak garly gyş geldi, geçdi gök ýazym. 
Şükür, boş gitmedi çeken azabym. 
Erkek duşman bilen oňşaryn özüm, 
Daş et, dost saýylýan çüpejelerden.  
 
Portret 
 
...Dik depede Asman, aşakda-da Ýer. 

 
Arasynda bir perişde ýüzüp ýör. 
Bir görseňem, derwüşlere goşulyp, 
Uç-gyraksyz beýewanda gezip ýör. 
 
Bolşy geň galdyrýar gören adamy, 
Pygambermi ýa ýönekeý adammy? 
Al-asmandan ine ýagşyzadamy — 
Meger, boljak ahwalaty syzyp ýör. 
 
Deminde ah, ädiminde hatar bar
Gör, jahanda, näçe bela-beter bar. 
Eýsem, ony nämäň yşky göterýär, 
Nädip beýle jepalara dözüp ýör. 
 
Gör, nämeler perwaz urýar başynda, 
Kämilligiň nurun gördüm keşbinde. 
Bir baksaňam, söwer ýaryň yşkynda, 
Däli-porhan bolup daglar gazyp ýör. 
 
Bir görseň keramat, bir görseň sada, 
Aňk boldum gözüme görünýär zada. 
Bir seretsem, bu ganatly pyýada, 
Magtymguly bolup goşgy ýazyp ýör. 
 
Ýylmanmadyk beýitler 
 
Kem-kemden daralyp barýar örüler... 
Janyňy saklap dur derman-däriler. 
Hakydaňa gelýär-allanireler — 
Ýatlamaga zat bar, yza garasaň. 
 
Ýaşamak her näçe bolsa-da gowy, 
Garrylyk diýlen zat adama ýagy. 
Baş ýaýkaýaň, uzadaňda aýagy, 
Şokurt, şokurt edýän dyza garasaň. 
 
Näçe ýokuş degse-de bu mertebä, 
Ejizlemek bolmaz: erkek-erkeg-ä... 

Soň bilemok. 
Şükür, ýöne enteg-ä 
Damarlar dartylýar gyza garasaň... 
 
Tebigat biz bilen oýnaýar oýun. 
Maňlaýy sypalan ýaş çaga deýin, 
Ýene-de guwdurap başlaýar göwün, 
Sowuk gyş sowlansoň, ýaza garasaň. 
 
Seýran edip ata-babaň ýurduna, 
Çoýunyp otyrkaň ojar oduna. 
Ömür! 
Ömür! 
Ömür düşýär ýadyňa, 
Küle dönüp barýan köze garasaň. 
 
Wagt hiç zady bir ýerinde durzanok. 
Gynanjym bar, nalyşym ýok, nalam ýok. 
Ýetmiş ýaşyň ýedi ýylça görnenok, 
Durmuş atly şahandaza garasaň. 
 
Arzuw 
 
Adam pakyra — deňlik, 
Aňy-düşünjä — çuňluk, 
Ýalan aglana — ýumruk, 
Çyn agalana — çöje ber. 
 
Arzuw — entek ykbal däl, 
Ekipjik iý, ekmän däl. 
Doka hödür hökman däl, 
Aşyň bolsa, aja ber. 
 
Ellerime — hereket, 
Ýüregime — kanagat, 
Bu Zemine — bereket 
Asmana-da — damja ber. 
 
Sabyr bolmaz söýgüde, 

Agram bolmaz öwgüde. 
Garyndaşsyz ýigide, 
Iň bolmanda ba:ja ber. 
 
A:t berip ozal atla, 
Zadam berilýär zatla. 
Baýrak berseň gaýratla — 
Birin — Ogultäje ber. 
 
Syr açmak 
 
Ak çägäni sary ýaga deňedim, 
Beýwany ýaşyl baga deňedim. 
Sebäbi, şeýleräk meniň senedim, 
Şahyra aýratyn synçylyk gerek. 
 
Çybykda äpet bir tudy görmeli, 
Tüssäniň içinden ody görmeli. 
Adamda iň gowy zady görmeli, 
Munuň üçin bolsa inçelik gerek. 
 
Gamaşyk howada Güni görmeli, 
Tikeniň içinde güli görmeli. 
Kiçijik zady-da uly görmeli, 
Kalbynda mydama nowçalyk gerek. 
 
Doglupsyň birneme geňlenmek üçin, 
Gor gerek işleriň oň bolmak üçin. 
Gözli çeşme ýaly çuň bolmak üçin, 
Ýanyp köýmek gerek, kynçylyk gerek. 
 
Isle oňlaň, isleseňiz oňlamaň, 
Ýöne şygrymyzy pallap diňlemäň. 
Şerap süzülende, ony geňlemäň, 
Bize-de kämahal ynjalyk gerek. 
 
Adam berlipdir bu dünýäň yşky, 
Owadan gyzlardan doludyr goşgy... 
Şahyr näme özgelerden kemmişmi — 

Oňa-da birneme kemçilik gerek. 
 
Sadalyk 
 
Meniň sadalagym şundan ybarat: 
Her bir diýlen zada ynanyp ýörün. 
Bir ministr salanynda ymarat, 
Özümiňki ýaly begenip ýörün. 
 
Ýüzüme sylýaryn doganynda Aý, 
Uzyn dilimde däl, kalbymda Hudaý. 
Büdrämde golumdan tutsa bir gedaý, 
Monça bolup, şoňa söýenip ýörün. 
 
Gaýtargy tamam ýok öwenim üçin, 
Deňdiriň ýa:t üçin, doganym üçin. 
Bir bendäň göwnüne degenim üçin. 
Soňra ýyllarboýy uýalyp ýörün. 
 
Baý däldigim üçin çekemok arman, 
Eý, eziz Alla jan, adyňa gurban! 
Ýene, Ýene diýip hars urup ýörmän, 
Berlenje döwlete guwanyp ýörün. 
 
Başyna goýbermän arzuw-hyýaly, 
Belent derejede pes tutup päli. 
Geçen asyrlaryň adamy ýaly, 
Ynsaba, rysgala daýanyp ýörün. 
 
Şeýle ýörelgämden sowlan pilläm ýok, 
Kim kelläň bar diýýär, kimem kelläň ýok. 
Sagadyň dili dek ziňkildemäm ýok, 
Wagtyndajyk ýatyp, oýanyp ýörün. 
 
Menem adam, perişde däl, elbetde, 
Mümkin... günädenem duramok çetde. 
Türkmenistan atly täsin döwletde 
Şükür hormatlanyp, aýalyp ýörün. 
 

Perzent 
 
7-nji dekabr, 1969 ýyl. 
 
Dünýä geldiň... 
Dünýäm giňedi gitdi. 
Şowhunly şähere öwrüldi öýüm. 
Bir adam ömrüniň orta çäginde 
Daglaryň deňine galkyndy boýum. 
 
Men uçup bardymmy seniň ýanyňa? 
Ýa seniň ýanyňa bardymmy ýöräp? 
Muny duýmandyryn. Bilýärin ýöne — 
Özüm çaga boldum ýüzüňe garap. 
 
Melewşe maňlaýyň, garaluw gözleň, 
Ak gundagyň, ak halatly enekäň... 
Bagtymda bar eken bulary görmek, 
Bolup bilmez mundan güýçli tenekar. 
 
Seniň tebigatyň şeýleräk, türkmen — 
Hamraksyň perzende gezek gelende. 
Toýuň toýa meňzeş, ýasyňam ýasa, 
Eý, ynsanperwerlik ýaşa, sen ýaşa! 
 
Ýüregi ýaz ýaly açyk gelinler. 
Sözleri duz ýaly bälçik gelinler. 
Toý saçakly, toý tabakly gelinler. 
Goltuklary ak bäbekli gelinler. 
 
Naşyja gyzlaryn wasp ede-ede, 
Eýýäm ejeň bilen bolýarlar guda. 

Yüklə 0,82 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin