Türkmenistanym (Watan hakynda goşgy)



Yüklə 0,82 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə3/11
tarix03.05.2020
ölçüsü0,82 Mb.
#31058
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11
Berdinazar Hudaýnazarow~Saýlanan goşgylar

Kiçelip ýörmegiň goý indi, besdir! 
 
Agşam ýatsaň Şükürim bar diýip ýat, 
Ertir tursaň, Şükürim bar diýip tur. 
Inim, muny Berdinazar diýenok, 
Muny birçak Magtymguly diýipdir. 
 
Men dünýäde täze bir zat görmedim, 
Aýdylmadyk sözem ýok bu dünýäde. 
Bize saglyk bilen sahawat gerek
Göz dikmäli inim, başga bir zada.  
 
Bu ömürde ep-eslije zat gördük 
 

Bu ömürde ep-eslije zat gördük, 
Ýakyndanam mähribanrak ýat gördük, 
Özi garyp, ýöne göwni şat gördük — 
Gara ak bolupdyr diýip eşdemok. 
 
Kä ondan, kä mundan öwüsýär şemal, 
Azgyna ahyry tapylýar zowal. 
Öwüt-ündew bilen — asly bikemal 
Kemal tapanmyşyn diýip eşdemok. 
 
Synlap bu dünýäde töwerek-daşy, 
Eşitsem-de her hiliräk myş-myşy, 
Gara gazan ýaly şar gara kişi 
Duw-ak bolaýypdyr diýip eşdemok. 
 
Söýýäniň ýalandyr özge ynsany — 
Onuň üçin ýakyp bilmeseň jany. 
Gördüm, Akmakdyryn diýýän danany, 
Akmaklaryň beý diýenni eşdemok. 
 
Şeýleräk bu dünýe, şeýleräk durmuş! 
Haýrandyryn: akly dolumy ýa boş — 
Hemmeleriň öz-özünden göwni hoş, 
Şükür, Kemim bar diýeni eşdemok.  
 
Awtoportret 
 
Tebigatym tebigy, 
Zat ýok emeli. 
Çölden geçen häsiýetmi? 
Şoňa çemeli. 
 
Geçirdim ýaş başymdan 
Gara gyşlary. 
Gönümelden çynlakaý 
Garaýyşlarym. 
 
Ýüpekleç pamyk ýaly, 
Ýüregim ýumşak. 

Zannyýamana — zabun, 
Ejize-gowşak. 
 
Öz ýabany buýsanjym — 
Iň gymmat zadym. 
Familiýam ikigat, 
Ikigat — adym. 
 
Saklanypdyr durkumda 
Sähra tezligim. 
Kän horlaýar özümi 
Oňşuksyzlygym.  
 
Akmagydyr samsygy 
Bagyşlaýaryn. 
Ýarymçyk adam bilen 
Oňuşmaýaryn. 
 
Oňşugym ýok galp bilen, 
Ýalan söz bilen. 
Bir kelläň astyndaky 
Iki ýüz bilen. 
 
Bulary görmek halys 
Degýär degnama. 
Haýpym gelýär deýýusa 
Başyn egýäne. 
 
Haramadyr karama 
Awap dur köňül. 
Ýok, ýok, maňa-ha Durmuş 
Düşenok ýeňil. 
 
Bu ajap gün bir goşgy 
 
Bu ajap gün bir goşgy 
Ýazmak oňmak — jenaýat. 
Ylham, eger bar bolsaň, 
Hemaýat ber, hemaýat. 

 
Ýogsa galar armanym, 
Bir zat çyrşawer, hanym. 
Ýazanymdan ýazmanym 
Gowumy ýa, jemagat? 
 
Däl diňe gonararym, 
Goşgy — namysym — arym. 
Ýok bolsa hyrydarym, 
Kyýamat bu, kyýamat. 
 
Bilýärin men, biderek 
Bökmez, sojamaz ýürek, 
Dünýä Adalat.gerek, 
Adama-da sahawat. 
 
Ömrümboýy, eý aman, 
Gaýtalaýan ýadaman: 
Adam bolup adama 
Etmäweri hyýanat!  
 
Töhmet etseň, ýa toba — 
Baryn alyp hasaba, 
Ynsaby bar ynsana 
Berse ýagşy hasabat. 
 
Diňle dünýäň gohuny — 
Görüp dursuň ahyry. 
Ýüregiňde agyry, 
Egniňde-de garamat. 
 
Adam, adam, eý adam! 
Sarpasyn tut bu adyň. 
Miwe bersin myradyň, 
Sen sag bol, 
Men — salamat! 
 
Çuň ýürekden çykan Salawmaleýkim 
 

Çuň ýürekden çykýan Salawmaleýkim 
Nirde sen Waleýkim salamyň bilen? 
Howlukman soralyp saglyk-amanlyk, 
Yzyndan aýdylýan kelamyň bilen? 
 
Salamlaşan çagy ýylnardy üşän, 
O mähirden indi galdymy nyşan? 
Beýle-de bir salam bolar oguşýan — 
Bir menzilden goluň bulanyň bilen. 
 
Men-ä salam berdim adam şekilli, 
Ol çala baş atyp menden bukuldy. 
Gelşiksiz iş eden ýaly ökündim, 
Galyberdim özüm salamym bilen. 
 
Salam berdi welin, goňşymyz häli, 
Sowukdy nazary, teňdi ahwaly. 
Şeýle sowuk — ylla gürleşen ýaly 
Özgä göwün beren aýalyň bilen. 
 
Eý, gadymy salam — höwrügen hemram! 
Bu bolýan zatlara özüm-ä haýran. 
Soňy düzüw bolup baksadyň hernä, 
Ýene-de şol öňki jemalyň bilen. 
 
Ykbala 
 
Arzuwym o diýen ullakan zat däl: 
Altyn däl, maşyn däl, ýa uçar däl, 
Owadan jäjek däl, ýasama at däl, 
Ilkinji dilegim — kemlikden sakla. 
 
Hemmejämiz adam — özümiz deň däl, 
Kimiň düýbi çuňňur, kimiňki çuň däl, 
Danadan öwrenmek beýlekä geň däl 
Şeýle bolsun: gyradeňlikden sakla. 
 
Çagalygyň hözirinden aýyrma, 
Ata ýurduň huzuryndan aýyrma. 

Ömrümboýy emma emläp doýurma, 
Wagt geleninde emzikden sakla. 
 
Ene-de, ata-da bir gün gitmeli, 
Soň özümiz olaň ornun tutmaly. 
Gözýaşdanam halas etseň et, weli, 
Ýalbarýan, ýüregi doňlukdan sakla. 
 
Işim rowaçlanyp ugrugan ýerde, 
Ýolukdyrma hernä bolgusyz derde. 
Asly ýeke, özi çäkli ömürde 
Başganyň üstünden gülmekden sakla. 
 
Öz ýolumda ýoldaşyma ynanman, 
Ýaşamaly etmäweri, eý aman! 
Owal-başda öz sazyňa guwanman, 
Özgäniň sazyny çalmakdan sakla. 
 
Bu owadan dünýä — guwanjym meniň, 
Ygtybar dostlarym — daýanjym meniň. 
Mukaddes baýdagym — ynanjym meniň, 
Del baýdaga tagzym kylmakdan sakla. 
 
Yzyňa göz aýla: nähili bolup 
Geçdiň agyr döwrüň jahyly bolup. 
Indem uly iliň şahyry bolup 
Biarzy, bigadyr bolmakdan sakla. 
 
Bir adam deregine alsalar sana, 
Bolubilýär, eýsem, armanym näme? 
Özgä öwüt berip danadan dana, 
Soňundanam tarap çalmakdan sakla. 
 
Başym bir, ýüzümem bolmasyn iki. 
Özümi daraýyn hemmeden ilki. 
Märekä baş etseň, etmäweri gülki, 
Aşa ýüki arka almakdan sakla. 
 
Garaşly etmeseň özümçe ýoga, 

Taýýardyryn her dem sag bol diýmäge. 
Ygtyýar ber, gazanjymy iýmäge. 
Azan duş etme, emgekden sakla. 
 
Är dek çekip näme gelse başyňa; 
Güýzüňden golaýlap barýaň gyşyňa... 
Ýüküň bolsa ur ýene-de gerşime, 
Oňa derek nähak ýumrukdan sakla.. 
 
Ah, dünýe men seni nädip söýmäýin 
 
Ah, dünýe! 
Men seni nädip söýmäýin: 
Mähriňden ganmak ýok, 
Yşkyňdan doýmak. 
Ak gyşyň — pähimdar, 
Baharyň — şahyr, 
Aý-aýdyň gijäň — süýt, 
Säheriň — gaýmak. 
 
Ah, dünýe! 
Men seni niçik söýmäýin: 
Gözümde nur gögelekäm görenim: 
Näçe gezek kesesinden syn etdim, 
Kak suwuna inen süri jereniň! 
 
Ah, dünýe! 
Men seni niçik söýmäýin: 
Bu çuňňur çöketler, 
Bu belent daglar... 
Daňdan alty ganat öýüň içinde 
Ýagşyň sesin diňläp ýatylan çaglar! 
 
Ah, dünýe! 
Men seni nädip söýmäýin: 
Ak gar basan çöle çykarsyň awa... 
Bir-birini kesip geçer ýodalar, 
Ýer ýodaň aňyrsy obadyr oba!  
 

Tüňçäni dolduryp garyň suwundan, 
Owkalap-owkalap awuşan eli, 
Ojaryň oduna ýüzüňi çoýup, 
Guşdyrnak gök çaýyň içýänsiň weli — 
 
Durnaň gözi ýaly asmana garap, 
Duýmarsyň aýdyma hiňleneniňi. 
Ýagly murty sypalaplar, içiňden 
Rüsteme, Görogly deňleniňi. 
 
Ah, dünýe! 
Men seni neneň söýmäýin: 
Buýra saçlarymdan galmady derek. 
Özüň bolan bolsaň meniň ýerimde 
Möňňürip-möňňürip aglardyň gerek! 
 
Men seni nämüçin söýmäýin, dünýe — 
Sende öý tutundym, 
Öwzarly boldum. 
Enemiň ak süýdün ýere çalmadym, 
Atamyň ýurduna ygrarly boldum. 
 
Ýeri, seni neneň söýmäýin, dünýe: 
Men bäş gezek garşylap Luw ýylyny, 
Dadyp altmyş güýzüň naz-nygmatyndan, 
Ysgapdyryn altmyş ýazyň gülüni. 
 
Ýetim goýup, 
Gidip barýar dost-ýarlar... 
Hiç kimiňem baky däldigi mälim. 
Bu ýerde hemme zat düşnükli ahyr: 
Ah, dünýe!  
Men seni nädip söýmäýin!  
 
Sabyr 
 
Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen
Öz wagty gelende süýjär almalar. 
Başagaý durmuşda darykma, kalbym, 

Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. 
 
Bir ömürde müň alada-gaýgy bar, 
Adamlaryň garasy bar, agy bar. 
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar, 
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. 
 
Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar. 
Laçyna öýkünip, garga-da gaýar. 
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar, 
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. 
 
Eşegiň yzyna tirkelen düýe 
Namysdan ölenmiş öz etin iýe... 
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa, 
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. 
 
Mydam bolup durmaz dokuzyň doly, 
Başyňy belent tut, pesde tut päli. 
Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly, 
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar. 
 
Sen ýagty jahana ineliň bäri 
 
Sen ýagty jahana ineliň bäri 
On iki ýyl geçdi on iki gün bolup. 
Indi bize sensiz ýaşan ýyllarmyz 
Dumanlap görünýär juda geň bolup. 
 
Dil çykyp, diş çykyp öz wagty bilen, 
Gyşy deňleşdirdiň ýaz wagty bilen. 
Maňa bu dünýäde kän duşdy ýalan, 
Sen geldiň-de, bakdyň maňa çyn bilen. 
 
Tüf, tüf, tüweleme, meleje köşek, 
Entekler ýaşaly, bileje köşek. 
Boýjagazyň ýetdi, gulaja, köşek, 
Göwnüm käte gudurasyn sen bolup. 
 

Bolup bilseň gurşun ýaly gaýym bol, 
Uzak ýaşa, kök ur, giýew, gaýyn bol. 
Bu pelekdir — şarpyga-da taýyn bol. 
Gurak göwünleri ölle nem bolup. 
 
Akylly bol, nepi degse akmak bol, 
Şildireme, derýa bolup akjak bol. 
Ykbal ýükün syr bildirmän çekjek bol, 
Hem-ä özüň bolup, hemem men bolup. 
 
Biziň kalbymyza nur saça-saça, 
Sen bu gün ýaşadyň doly bir müçe. 
Bu mahal bir öýde açylýan gunça 
Törümize bezeg bersin gül bolup. 
 
Arzuw diýilýände bolmaýar ölçeg, 
Duşmanyň tana, dostuňy seljer. 
Bir ganatym özüň, birisem Sanjar, 
Kän ýaşalyň bir jan-u, bir ten bolup. 
 
Beýikler geçip dur yzly-yzyna 
 
Beýikler geçip dur yzly-yzyna, 
Peslerem geçip dur hatarma-hatar. 
Senem öz-özüňi aldama, adam, 
Bu günler baky däl, bu günler öter. 
 
Öz boýuňdan uzyn görünjek bolma, 
Akylly-da bolma özüňden beter. 
Ersen mahallaryň ýa-da saljak bol, 
Kimdigiňi tanap, bu günler öter. 
 
Bir kişiň göwnüni ýyladan bolsaň, 
Yssysy seniňem kalbyňa ýeter. 
Dört paslyň aýlanşyndan many al, 
Seni bir dem synlap, bu günler öter. 
 
Bar aladaň özüň bolsa ýeňildir, 
Owunjak oýlaryň özüňi üter. 

Baş ýaýkap bakar-da, beýle bolşuňa 
Bu günler öter. 
 
Ömürboýy aklyň ýetmedik zada, 
Iň soňky minutda, elbetde, ýeter. 
Ökünen bolarsyň, oňa çenli-de 
Öter, bu ajaýyp ak günler öter. 
 
Sen geleňde gujak açan tebigat 
Şeýdip bir gün seni böwrüňden atar. 
...Kän zat aldyň bu owadan dünýäden, 
Eçil, senem eçil! Bu günler öter. 
 
Ene goşgusy 
 
Mahmal sähram sen bolup, 
Bahar maňa bakanda, 
Howlukmadym hiç zada, 
Sen bar diýip jahanda. 
 
Yrsaradym, näz etdim, 
Betdim, Nähili betdim! 
Hernä kejiňe gitdim, 
Sen bar diýip jahanda. 
 
Näme diýseň tapylýar, 
Näme etsem hakym bar. 
Boldum saňa hökümdar, 
Sen bar diýip jahanda. 
 
Ona ýetsemem çaga, 
Ondan ötsemem çaga. 
Wagtym ýok ulalmaga, 
Sen bir diýip jahanda. 
 
Ellä ýetmän eje jan, 
Gözüň ýumlan mahalda, 
Özüm aldap kän gezdim, 
Barsyň diýip jahanda. 

 
Ýogsam boýun alypdym, 
Hemme zady bilipdim. 
... A men Dünýä gelipdim, 
Sen bar diýip jahanda.  
 
Maýsaly meýdan oda 
 
Buldaraşýar begres geýen meýdanda 
Ter säheriň dakan gulakhalkasy. 
Bu ýerde yhlasyn siňdiren daýhan, 
Eliň dert görmesin, ömrüň ýalkasyn! 
 
Owadan jahanda gözüm açalym, 
Gören nagyşlarmyň iň bir nepesi. 
Tyllaýy göwsünden urýar burnuma  
Ak süýt bilen mele çöregiň ysy. 
 
Zülpleriňi darap geçýän şemalda 
Görjek bolýan gögelelik şeklimi. 
Asyl zada aňk bolmagyň aýby ýok, 
Ýasama zat aýnatmasyn aklymy! 
 
Nurana daňdanyň emmesin sorup, 
Gönenen sümmüller, derlän sümmüller. 
Gamyşgulak bedewleriň ýalyny 
Sypalan sümmüller, sermän sümmüller!... 
 
Başyn egip, baldyrymy duşaklan, 
Wepaly gyz bolup bilim guşaklan, 
Ýitirip tapany ýaly gujaklan 
Maýsaly meýdana alkyş okalyň. 
 
Özi soltan bolup, utanyp duran, 
Berenmi müň esse gaýtaryp duran. 
Egninde dünýäni göterip duran, 
Maýsaly meýdana alkyş okalyň. 
 
Gözüm doýrup, gursagymy giňeden, 

Ýowuz günde hossar bolup äňeden. 
Ant içdigim ak maňyzly däneden, 
Maýsaly meýdana alkyş okalyň. 
 
Bagtym bir çüwen doglan topragym, 
Üstüne enem dek eglen topragym, 
Gyssanmada saňa sygnan topragym, 
Maýsaly meýdana alkyş okalyň! 
 
Ýagyş ýagdy, biz gizlendik 
 
Ýagyş ýagdy, bizde gizlendik ýagyşdan, 
Buýra saçly arçalaryň astynda. 
Aýagymy basyp diýdiň: bagyşla. 
Buýra saçly arçalaryň arasynda. 
 
Gapdalda gaýalar gaşyn çytýardy, 
Ýelkenler deňizde hallan atýardy. 
Meniň, nämüçindir, gülkim tutýardy, 
Buýra saçly arçalaryň arasynda. 
 
Ýüzüme garadyň gülkimi geňläp... 
Kän durduk damjalaň sesini diňläp. 
Bizar etdi meni gulagym şaňlap. 
Buýra saçly arçalaryň arasynda. 
 
Kimkä gaýta-gaýta adym agzaýan? 
Sag gulak şaňlasa bolarmyş zyýan... 
Durmalymy, ýokmy, indiden buýan. 
Buýra saçly arçalaryň astynda? 
 
Ýeseriň köp ýerde nogsany deger, 
Yrym! Şol ýeserim özüňsiň, meger. 
Şaňla gulak — saňa kim gulak goýar, 
Buýra saçly arçalaryň astynda... 
 
Orta ýoluň aýdymy 
 
Otur-da, bir çilim çek: 

Öýle boldy: çäş galdy. 
Eden-goýan zadyňy 
Ýatlamaga huş galdy. 
 
Ýetik aladaň-derdiň, 
Az tapyp, kän ýitirdiň. 
Ýüzden birin bitirdiň — 
Togsan dokuz iş galdy. 
 
Görsen-e, bu dünýäni — 
Garramazak keýwany. 
Alnyň — eliň eýwany, 
Çagalykdan düýş galdy. 
 
Dilgir-ä däl aslynda. 
Ýöne... mawy paslymda, 
Agyr ýüküň astynda 
Ýaýnamaly ýaş galdy. 
 
Göçülen ýurt 
 
Daşly obasy 
 
Men bu golda dünýä geldim, 
Ine, gardaş, Dünýäm meniň. 
Men uçmadym — 
Uçurdylar, 
Ýokdur hergiz günäm meniň. 
 
Ak gerişler ulgam-ulgam, 
Ak bulutlar tüýdüm-tüýdüm. 
Hemme zat ak, hemme zat ak, 
Ylla emen ene süýdüm! 
 
Alty ganat öýüň ýeri — 
Hanha — altyn halkam meniň. 
Meýmirämde — mele şöhläm, 
Gobsunamda — arkam meniň. 
 

Alaňlarda aşyr atsam, 
Saça siňen akja çäge, 
Meňzedeýin ýene seni, 
Däne-däne saryýaga. 
 
Çagalygyň çal daňynda, 
Ak mekdebe giden ýodam, 
Ganmaz senden, ganmaz senden, 
Gubarlanan goşa didäm! 
 
Aýran içen ak ýanlygym, 
Aýlanaýyn bujagyňdan! 
Gök käsäniň döwgün tapdym, 
Atam, seniň ojagyňdan! 
 
Gara tüňçä gök çaý atdym, 
Senem ony gaýtar, dostum. 
Höwürtgede daň atyrman, 
Kim yzyna gaýdar, dostum? 
 
Agşamlary şypalydyr, 
Gijeleri ondan beter. 
Hol ilerki beýge çyksaň, 
Ýyldyzyňa eliň ýeter. 
 
Depelerde şekliň gördüm, 
Boz inerem, maýam meniň. 
Säherinden süýt emdiren 
Obam meniň! Obam meniň!  
 
Bize bakýana berlen sowgat däl 
 
Bize bakýana berlen sowgat däl, 
Güneşli gündizler, aýly gijeler. 
Gädip, iýip oturmaly nygmat däl, 
Güneşli gündizler, aýly gijeler. 
 
Bir görsek göwnüňi göterýär göge, 
Birden bar keýpimi çykarýar ýoga. 

Aşyk däl yşkynda oýnap ýörmäge, 
Güneşli gündizler, aýly gijeler. 
 
Owadan meňzine nikabyn örtüp, 
Ömrüň tanapyny kem-kemden kertip, 
Akar suw mysaly barýarlar ýortup, 
Güneşli gündizler, aýly gijeler. 
 
Adam arzuw bilen bakýar sähere, 
Mähriňden boý berip nowça nahala, 
Kä gyş öwrülýär, käte bahara, 
Güneşli gündizler, aýly gijeler. 
 
Ýelpesin ýüzümi daňyň şemaly — 
Şoldur meniň üçin dünýäniň maly. 
Hözirden ýüklengi, ünjüden doly, 
Güneşli gündizler, aýly gijeler. 
 
Sabaýança ähli maksat-myradym, 
Gitsemdim siz bilen ädime-ädim. 
Ah, sahawatkerdäm hem-de jelladym — 
Güneşli gündizler, aýly gijeler. 
 
Ýaýnamaly döwrüň ýaýnap bilmediň 
 
Ýaýnamaly döwrüň ýaýnap bilmediň, 
Ykbalyň bermedi oňa ygtyýar. 
Gyssan, Berdinazar, gyssan birneme — 
Entek geçilmeli menzilleriň bar. 
 
Göz açalyň bäri hysyrdap ýörşüň, 
Ömrüňde birje gün gezmändiň bikär. 
Şonda-da birneme gyssan, eý gardaş — 
Sähraňa etmeli seýilleriň bar. 
 
Owadan dünýäni aşygy bolduň, 
Ýaşyl ýaýlara bolduň hyrydar. 
Başyň dikliginde, gyssan ezizim — 
Mähriňden ganmadyk meňizleriň bar. 

 
Ýaşan ýaşyň saňa arzan düşmedi, 
Dünýäň eşretinden bolmadyň humar. 
Dokuzyň dolmagy beýlede dursun — 
Ondan bärräkde-de gowuzlaryň bar. 
 
Bäş adamlyk dagy zähmet çekensiň, 
On adamlyk dagy çekensiň azar. 
Hernä ykbal saňa ýylgyrsyn, hanym — 
Entek ysgamadyk bägülleriň bar. 
 
Dilän zadyň kabul bolýar diýseler, 
Sorasalar: Hany, näme kemiň bar? 
Berdinazar, iki müçe ýaş dile — 
Heniz has balaja ogullaryň bar. 
 
Ynsabyň başga hökümdaryň ýok, 
Edenmegin şondan başga hökümdar. 
Berdinazar, maksadyň ýetesiň — 
Ak maksadyň, ajap meýilleriň bar. 
 
Bu peşgeş berilen çäklije ömri 
 
Bu peşgeş berilen çäklije ömri, 
Guwanyp geçiriň, söýüp geçiriň. 
Kitüwden-kineden belentde boluň, 
Paýhas-pähime uýup geçiriň. 
 
Özüňi tanamak bolsa näçe kyn, 
Il-gün tanar — oňa ýakyn dur, ýakyn. 
Ýaşamaň jahanda ogrygyn-bukyn, 
Dünýäň gözelligin duýup geçiriň. 
 
Säherde yhlas bilen saýranda guşlar, 
Hiç kim diňlemese aglaýarmyşlar. 
Undulmasyn dost-ýar, dogan-gardaşlar, 
Sarpa saklaň, hormat goýup geçiriň. 
 
Ýagşy bar, ýaman bar — etmäli inkär, 

Bigünä geldiňmi — gitme günäkär. 
Ömrüm, tiz geçseňem, geçmediň bikär — 
Är kimin ýaşadym diýip geçiriň.  
 
Ýüz tutýaryn, takdyr, saňa 
 
Ýüz tutýaryn, takdyr, saňa: 
Derde duşsam, eme ýetir. 
Agzym kepäp tebsiresem, 
Dodagymy neme ýetir. 
 
Altmyş ýaşyň eteginde, 
Bu darajyk otagymda. 
Gije uka batanymda
Aman-esen daňa ýetir. 
 
Şükürim bar, ýokdur nalam, 
Perzent berdiň göwnüm halan. 
Nazar ogluň, Sanjar balaň 
Ýaşlarny bir çene ýetir. 
 
Dünýäniň şu syryn açdym — 
Düýn-ä geldiň, bu gün geçdiň. 
Men ýalandan aşa düşdüm, 
Indiberin Çyna ýetir! 
 
Hüwdi bilen ant 
 
Arzan zadyň arzasy ýok diýýärler. 
Gözel zat döränok elujy bilen. 
Eneleň hüwdüsi, atalaň anty 
Çykypdyr ýüregiň hyrujy bilen. 
 
Perzendiň üstüne gerip döşüni, 
Sypap onuň gulpagyny, gaşyny. 
Gözünden akdyryp guwanç ýaşyny, 
Eneler düwdini döredipdirler. 
 
Duşman äkidende doganyn güýlüp, 

Ýaraty arslan dek düýrülip, düwüp. 
Mele desterhany maňlaýa sylyp, 
Atalarmyz anty döredipdirler. 
 
Enäň hüwdüsinden döräpdir aýdym, 
Atanyň antyndan dörän namys-ar. 
Goşa gudrat gaýnap dursun gursakda 
Adamlygmyz şolar bilen tanalýar!  
 
Üstümde durnagöz asmanym barka 
 
Üstümde durnagöz asmanym barka, 
Saçagymda barka mele çöregim, 
Törümde perzendim — islänim barka, 
Darykma-da, giň bol ahyr, ýüregim! 
 
Bu ajaýyp daňlar, nurana daňlar 
Ak süýdün sepeläp durka jahana, 
Guşlar gözýetimde gaýyşyp ýörkä, 
Bitakatlyk üçin barmy bahana?! 
 
Bozagandyr ýowşanlaryň ysyndan 
Kükäp, serhoş edip durka Garagum
Söwer myhman gelip durka gapyňdan, 
Urunma hakyň barmy, ýüregim! 
 
Pöwrizeden Aşgabada geçeňde, 
Alçak gyzlar almalygyň içinde, 
Alýaňak almany edýärkä hödür, 
Ýürek, biynjalyk bolmagyň nedir?! 
 
Aýdyma aşykka uludan-kiçi, 
Goýulýarka goşga hormatdyr gadyr, 
Iýseň iýip, içseň içip bilýäkäň, 
Ýürek, bu düşnüksiz gürsüldiň nedir?! 
 
Şeýle bir adamlar gördüm ömrümde: 
Ursaň — ýylgyrýarlar, 
Sökseň — gülýärler. 

Toýam, bir ýasam bir — şoň üçin olar 
Ne ezýet çekýärler, 
Ne-de ölýärler. 
 
Mahal-mahal gözüň gidýär olara, 
Ýürekleri sowuk, ganlary sowuk. 
Bir hepde undasyň gelýär bar zady, 
Ähli pikirleri kelläňden kowup. 
 
Erkek adam 
 
Alçak bahar Garaguma 
Ýazylanda haly bolup. 
Aladaňdan gözüm açdym, 
Erkek adam ýaly bolup. 
 
Dogduň-dogduň. Ile äşgär. 
Biri synlar, biri buşlar. 
Ýaşamakda welin iş bar, 
Erkek adam ýaly bolup. 
 
Kim özüni diýse dana, 
Gaçdym ondan başga ýana. 
Tagzym etdim duza-nana, 
Erkek adam ýaly bolup. 
 
Yssyladym, gaýlap çykdym, 
Ýaşlykdyr-da — aýnap çykdym. 
Orta welin gaýnap çykdym 
Erkek adam ýaly bolup. 
 
Baýdak däl her galgan mata. 
Ýüzüm tutdum herne ýagta. 
Boýun aldym etsem hata, 
Erkek adam ýaly bolup. 
 
Gyzlar bilen göz çeneşdim, 
Gujak gerdim. Gujak açdym. 
Birisine ýesir düşdüm, 

Erkek adam ýaly bolup. 
 
Her telpeklä diýmersiň är. 
Munuňam öz kanuny bar. 
Kim gepleýär, kim ýaşaýar — 
Erkek adam ýaly bolup. 
 
Beýik şahyrlar 
 
Şahyra-da berlen ýekeje ýürek.  
Gudrat ol ýüregiň ýanýanlygynda. 
Ýakýanlygynda. 
Gursagyna sorup halkyň namysyn 
Onuň bu apaty çekýänliginde. 
 
Magtymgulyň sözi bilen aýdaňda, 
Ony başarmaga kişi gerekdir. 
Beýle garamaty boýnuna alýan 
Beýikler kän däldir, olar seýrekdir. 
 
Ýyldyzlar emirden eýmenmeýärler, 
Emirler ýyldyzdan edýändir heder. 
Beýikler il-güne mydama gerek, 
Ýöne gara günde gerek has beter. 
 
Ýerde dogup, ýalkym bolup göterlen 
Pyragylar, kemineler, seýdiler. 
Şykyrdaşýan gylyçlaryň astynda 
Kükrek getirip dogry sözi diýdiler. 

Yüklə 0,82 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin