Türkmenistanym (Watan hakynda goşgy)



Yüklə 0,82 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə5/11
tarix03.05.2020
ölçüsü0,82 Mb.
#31058
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11
Berdinazar Hudaýnazarow~Saýlanan goşgylar

Kişem özün her kesçeräk görýändir. 
 
Myhman barsa şol kişiniň öýüne 
Ýalňyz tokly söwüş üçin soýulýar. 
Bilemok, şundan soň öýe eýesine 
Han diýilmän, başga näme diýilýär? 
 
Bir türkmeniň tarypyny edýärler, 
Işleýän ekeni assansiýada. 
Bir menzillik ýola, günüň gününe 
Obasyndan gatnar eken pyýada. 
 
Ertirki gelşine ikindä çenli 
Bil ýazman işläpdir şol daýaw ýükçi. 
günün tamamlan mahaly bolsa 
Bilýänsiňiz, hakyn alýar günlükçi. 
 
Bu kişiniň kimligini tanarsyň. 
Gulak goýsaň hekaýatyň yzyna. 
Ýaňky ýükçi obasyna gaýdanda 
Iki paýtun tutýan eken özüne. 
 

Birinde telpegi, birinde özi, 
Goşa paýtun düşýär, ine, daş köçä. 
Şeýdip barýan geň adamy synlamak 
Lezzet berer eken uludan-kiçä. 
 
El bulaýar haýran galan synçylar, 
Atlaram saz edýär boýny düwmeli. 
Ýeri, indi şol türkmene Han diýmän, 
Aýdyň eýsem, başga näme diýmeli?! 
 
Bu ýagty jahana gelen bäbekler 
 
Bu ýagty jahana gelen bäbekler, 
Aý geçer, ýyl geçer keşbine geler. 
Başyn oňa-muňa ursa-da adam, 
Ir-u-giç özüniň kesbine geler. 
 
Bardyr ykbalyňam gyşydyr ýazy, 
Az bolguçdyr öz gününden razy. 
Bagty gözläp, ýörme, o närsäň özi 
Bagty çüwen kişiniň üstüne geler. 
 
Gündiz edip işlese-de gijesin, 
Rysgala baglydyr içjek-iýjegiň. 
Jandarlar içinde kämil diýjegiň — 
Adam adamynyň kastyna geler. 
 
Gara garyn doly bolsa ýaman däl, 
Baýlyk-başda diýen gepem ýalan däl, 
Adam ogly diňe çörek bilen däl, 
Ynam-iman bilen rysgyna geler. 
 
Adam namart bolar, naýynsap bolar — 
Ahyr öňe düşjek ak ynsap bolar. 
Sözüňde durmazlyk juda aýp bolar. 
Gezek şol gadymy messebe geler. 
 
Ham-hyýallyk etme çeninden aşa, 
Ýöne arzuwly bol, umytly ýaşa. 

Gün güýçliňki bolup durmaz hemişe 
Döwürler dolanyp asgyna geler. 
 
Bäş günlük ömründe oýnatma seriň, 
Bir ýerde goýmazlar, çalşylar orun. 
Gohly-galmagally, jepaly Ýeriň 
Üstünde ýaşanlar astyna geler. 
 
Alaç ýokdur, agyr degse-de näler, 
Deňleşer ahyry gedalar, şalar. 
Bu ýerde hars uran harsydünýäler 
Iň soňy şol ýerde essine geler... 
 
Bir ýylyň içinde diňe bir ýaz däl 
 
Bir ýylyň içinde diňe bir ýaz däl, 
Jöwza tomus-da bar, garly gyş-da bar, 
Duýmankaň duş gelýän ahwalat az däl, 
Näbiljek, ne gowga gara başda bar. 
 
Ýüzüň-gözüň ýylgyryp dur, güläp dur, 
Gujaklasyň, ogşaýasyň gelip dur. 
Emma meniň ýürejigim bilip dur — 
Bela-beter daşda däl-de, içde bar. 
 
Salgyma çaparmyş çöllerde suwsan, 
Bizi heläk edýär, gör, näçe nogsan. 
Kellesi pikirden püre-pür ynsan, 
Akyl sende, 
Ganat welin, gyşda bar. 
 
Her kimde bir gylyk, her zatda hasap, 
Dünýäde hiç bir zat döränok aňsat. 
Halyçyň kalbynda gopýar harasat — 
Halysynda haýran edýän keşde bar. 
 
Bir ömür bar, oňa müň bir zat gerek, 
Heňňam agyr, ynsan göwni şat gerek. 
Ýüregime ýanyp duran ot gerek, 

Öçügsi şem hatda, kalby boşda bar. 
 
Eý-how, bu ýalançy oýny näteňet 
 
Eý-how, bu ýalançy oýny näteňet, 
Geçen ömrüň göýä düýş bolup galdy. 
Ataly-eneli bolandygyňa 
Ynanmagyň özem iş bolup galdy. 
 
Bu niçik ahwalat, bu niçik oýun — 
Düşünýärsiň, ýöne bolaňok boýun. 
Ýap-ýaňy ýatakda mäleýän goýun 
Gör ahyr gapyda läş bolup galdy. 
 
Akyl ýetir, geçme beýle çig bolup, 
Ýaşa, adam bäş gün keýpi çag bolup. 
Edil ýaňja Gün dogupdy çog bolup
Seret oňa, eýýäm çäş bolup galdy. 
 
Şol bir alada bar başynda hemmäň: 
Gün-güzeran diýip atýarys hallan. 
Sen neneňsi närse, 
Sen näme heňňam? 
Alty dogan bardy, bäş bolup galdy. 
 
Hany, maýsa bolup çogýan ýylaklar... 
Hany, mele suwdan püre-pür kaklar. 
Towşanyňka döndi arslan ýürekler, 
Ak çägeler gara daş bolup galdy. 
 
Heý, serhetiň-çägiň bolmazmy, sabyr, 
Rysgal çäkli boldy, ykballar agyr, 
Görülen görgüdir çekilen jebir 
Bakyň, bagrymyzda baş bolup galdy. 
 
Ötdi bahar paslym, jahyllyk ötdi, 
Ýitdi, gumda goýan yzlarym ýitdi. 
Takdyr diýlen närse kejine tutdy, 
Perişde peslere duş bolup galdy. 

 
Gün aýlara, aý ýyllara ulaşdy, 
Guýular gömüldi, obalar göçdi, 
Kerwen-kerwen bolup nesiller geçdi, 
Düýnki syrlar bu gün paş bolup galdy. 
 
Söýýän men, elbetde, durmuşy söýýän, 
Arman, görüp durus, garrady eýýam. 
Bizem düýn çagadyk, gojaldyk eýýäm, 
Diňe ak säherler ýaş bolup galdy. 
 
Watan söýýäniň ýürekden bolsa 
 
Watany söýýäniň ýürekden bolsa, 
Bu çöllere bakyşyňdan aňlaryn. 
Baýdak gol bulanda Köşgüň üstünde — 
Nazaryňy dikişiňden aňlaryn. 
 
Düşeniňde kän gatnalan ýollara, 
Gözüň doýman bakyp sag-u-sollara. 
Hydyr gören depelerden gollara 
Inişiňden-çykyşyňdan aňlaryn. 
 
Çuňňur oýa batyp birsalym durman, 
Sähralardan geçip bilýäne haýran. 
Gadym galalara edeňde seýran, 
Ýürekleriň böküşinden aňlaryn. 
 
Ýada salyp uzakdaky obany, 
Ýellerden ýollanda salamnamany, 
Ýiti duýgularyň on iki synany 
Bogun-bogun söküşinden aňlaryn. 
 
Gapyňda ter bägül durandyr terläp, 
Säheriň çagynda nepesiň durlap, 
Ala garly Köpetdagy nazarlap 
Göz süzüp, baş atyşyňdan aňlaryn. 
 
Atylýan kesekler saňa kär etmez 

 
Atylýan kesekler saňa kär etmez, 
Işiň rowaçlanyp ugran mahaly. 
Arkaýyn bol, ykbal seni hor etmez
Allaň özi saňa ýaran mahaly. 
 
Bardygyn bil, göze ilmez güýçleriň, 
Tersine bolýandyr tutan işleriň. 
Ýumşak nana ötmez azy dişleriň, 
Heran-haçan Taňryň gargan mahaly. 
 
Arzuw arzan, bolsadylar ekiler, 
Bagtyň welin, mydam senden bukular, 
Çekdirseň bir howa näziň çekiler, 
Ýigitler görküňe haýran mahaly. 
 
Her kim güzeranyň yzynda ylgar, 
Ýeriň gönezligi yzgardyr yzgar. 
Ýürekler nurlanar, göwünler ýylar, 
Kişi kişiň halyn soran mahaly. 
 
Döwlet-döwran synap görer her kimi, 
Düşmek kyndyr, üzme ýerden örküňi. 
Saklajak bol, şol ozalky durkuňy, 
At-owazyň, ile ýaýran mahaly. 
 
Ýaz wagtynda ýaýna deňi-duş bolup, 
Garrylykda guwdurama ýaş bolup. 
Ak ýagyşlar deger saňa daş bolup, 
Takdyryň gazaply daran mahaly. 
 
Gözleriňden salma — irkilmejek bolup, 
Göwnün — tap, dilin tap — gorkuzmajak bol. 
Her zatlar et welin — ürküzmejek bol, 
Bagt guşy bagyňda saýran mahaly. 
 
Oba-oba, öýler öýe ýanaşyk, 
Ýeke çykma, ýaşa, ile garyşyp. 
Allaň özi edewersin garaşyk, 

Rysgallaryň kä yrsaran mahaly. 
 
Bileniňi öwret, bilmeseň sora, 
Mydar barmy — şükür et, şol mydara. 
Barlylaram öwrülýändir gedaýa, 
Adamyň ruhy guran mahaly. 
 
Pendim şeýle, gep-sözüme bakana: 
Aýak diräp, gözläp-idäp bahana, 
Ugrun tapsaň, gelmejek bol jahana 
Adamlaryň halys ownan mahaly. 
 
Hasaplasaň ýaşalypdyr 
 
Hasaplasaň ýaşalypdyr, 
Bir azajyk, bir azajyk. 
Bagt bilenem duşulypdyr, 
Bir azajyk, bir azajyk. 
 
Selpäp, selpäp, 
Agzyň kepäp. 
Çekilse-de şunça jepa, 
Görülipdir keýpi-sapa 
Bir azajyk, bir azajyk. 
 
Gaçyp güýç-kuwwat, gurbatym, 
Käte-käte büdüredim. 
Çaga bolup guduradym 
Bir azajyk, bir azajyk. 
 
Çyndan köpräk galp gördüm, 
Aglap gördüm, gülüp gördüm 
Dirilikde ölüp gördüm, 
Bir azajyk, bir azajyk. 
 
Ýaz ýagşy dek kakabaşdym, 
Ýer-ýurt gördüm, göwün açdym. 
Şerap içdim, serden geçdim 
Bir azajyk, bir azajyk. 

 
Öz ynsabym boldy arkam, 
Daýandym men oňa mäkäm. 
Şarpyk datdym bigünäkäm, 
Bir azajyk, bir azajyk. 
 
Ýaşasam-da, oňa bakman, 
Razy bolaýmagym ahmal... 
Ýene Ýaşa diýse ykbal 
Bir azajyk, bir azajyk.  
 
Ýylmanak kişä 
 
Maňa-ha mälim däl, seň çykan çeşmäň, 
Ikimiz ne-hä dost, ne-de bir duşman. 
Ýöne kämahallar ýadyma düşýäň, 
Hallaryň niçikdir, ýylmanak kişi? 
 
Düşünip bilemok, galýaryn haýran, 
Sen nämäň pidasy, sen kime gurban. 
Kä saga, kä sola gyşaryp barýaň, 
Ýollaryň niçikdir, ýylmanak kişi? 
 
Köp adam tananok pesdir beýigi, 
Seniň ýalylarda bolmaly belgi. 
Ogrygyn hatlaryň kime çenelgi — 
Nilleriň niçikdir, ýylmanak kişi? 
 
Nesihata-pende gulak salaňok, 
Bolup ýörsüň, bizi saza gelenok. 
Hossaryň kim, dost-ýaryň kim, bilemok, 
Illeriň niçikdir, ýylmanak kişi? 
 
Eşidýärin, onda-munda gepleýäň, 
Işi bardyr maşgalany eklemäň. 
Rysgalyňy nirelerden çöpleýäň, 
Dullaryň niçikdir, ýylmanak kişi? 
 
Meniň çaga ýüregim 

 
Uly däli ulaldasym gelenok, 
Kiçi däli kiçeldesim gelenok. 
Garrylykdan gaçyp gitjek ýeriň ýok, 
Ýöne göwni gojaldasym gelenok. 
 
Onuňam ýönekeý bir usuly bar, 
Ol göwün ýaz ýaly ýumşak bolmaly. 
Ýagşy görse, ondan gözün aýyrman, 
Ýaman görse, gözün ýumjak bolmaly. 
 
Saklamaly ony juda arassa, 
Goramaly ony kirde-kimirden. 
Adam bir özüniň bütin ömrüni 
Zeýrenip geçirýär gözel ömürden. 
 
Ýok, Alla saklasyn köpbilmişlikden, 
Men akyl satmakdan juda daşdyryn. 
Meniň kä kişiden bir tapawudym — 
Öz ömrümden, öz günümden hoşduryn. 
 
Ykbal meni gör, nähili ýalkapdyr — 
Görüplikden, ýamanlykdan halas men. 
Bir bendäniň işi rowaçlananda 
Begenjimden tüýs bir göwne telwas men. 
 
Goý, ýöntem diýseler diýibersinler, 
Ýöntemligi aýyp zatdyr öýdemok. 
Maňa käte Sen bir çaga diýýärler, 
Bu diýilýän galp zatdyr öýdemok. 
 
Goý, göwnüm mydama çagaňky bolsun, 
Ol göwün enäniň süýdi dek päkdir. 
Hut şonuň üçinem mukaddesdir ol, 
Mukaddes zada-da garramak ýokdur. 
 
Diňe bir gylyç däl, gyn hem uýalar  
 
Diňe bir gylyç däl, gyn hem uýalar, 

Gylyç syrylanda ýaňlanman galsa. 
Şerraýlyk edipler öläýjek bolar, 
Ýaman ýagşylara deňlenmän galsa. 
 
Bu sözi tassyklar ýaryş tutanlar — 
Müýnürgeýär halypasyn utanlar. 
Märeke utanmaz — dana utanar, 
Eger aýdan sözi diňlenmän galsa. 
 
Adam adam bilen gep-söz alyşar, 
Goşulmasaň, gulak salmany başar. 
Agram özgä däl-de, akylla düşer, 
Bijaý aýdylan söz geňlenmän galsa. 
 
Her kim bir kelledir, özüne handyr. 
Men diýmek aňsatdyr, 
Sen diýmek kyndyr, 
Kethuda içinde bidöwlet kändir, 
Döwleti maslahat oňlanman galsa. 
 
Oýlanyp gör, näme galýar eýlede, 
Adam akly goýalmasa ellide, 
Ol ynsanyň nämedigi belli däl, 
Kişiň agysyna gamlanman galsa. 
 
Dini sylamaýan bolsa şermende, 
Ili sylamaýan gendedir gende. 
Bir ölüp direler el seren bende
Özüne hiç bir zat emlenmän galsa. 
 
Oýlanyp otursaň herki zat hakda, 
Asgyndanam bir zat öwrenýär ökde. 
Ahmyr galar, arman galar ýürekde, 
Ajaýyp aýdymlar soňlanman galsa. 
 
Şahyr 
 
Kimler seni Pygambere deňese, 
Kimler seni meňzetdiler derwüşe. 

Sen bolsa geň galyp gitdiň oturdyň, 
Bu bolýan zatlara, ýagny durmuşa. 
 
Haramy beýgelip, halal peselse, 
Hyrçyň dişläp, kän ýaýkadyň başyňy. 
Käte-käte Allaň özem ýylgyryp, 
Geňleýärdi seniň bolup ýörşüňi. 
 
Aslynda-ha, şol Taňrynyň özüdi, 
Seni şeýle geň-taň edip ýaradan. 
Sermest bolup mawy ýazlar gelende, 
Şoldy seni bilbil edip saýradan. 
 
Sen Taňry edinip öz ynsabyňy 
Başga zada kän bir boýun egmediň. 
Ine, şeýle geň-taňlygyň üçin-de 
Iliň sygan galypyna sygmadyň. 
 
Iň bir agyr ýüki aldyň gerdene: 
Diňe, diňe dogrujaňy sözlediň — 
Hakykat diýdiň-u, adalat diýdiň — 
Bu dünýäde gyt zatlary gözlediň. 
 
Ýalançyň ýüzüne çyn diýip bakdyň, 
Elýetmeze eliň uzatjak bolduň. 
Özüňi tanaman, dünýä düşünmän, 
Düzelmez dünýäni düzetjek bolduň. 
 
Ýagşy niýetlini ýaman görýän ýok. 
Elbetde, illere ýarady adyň. 
Ýöne toba, toba — başarjak bolduň, 
Allanyň başaryp bilmejek zadyn. 
 
Adamlary adam etjek bolduň sen, 
Pitneli şahyryň hökümi bilen. 
Durmuş bolsa müýnürgemän barýardy, 
Şol bir aýbygadym akymy bilen. 
 
Bir zady ýaradyp, bir zady ýumrup, 

Şol aýlanyp durdy Pelegiň çarhy. 
Şermendäň, şerraýyň agramy artyp, 
Azalyp barýardy paýhasyň nyrhy. 
 
Ýüregiňden syzyp çykýan sözleri 
Diňleýän bar, ýöne oňa uýýan ýok. 
Özgelere Akmak diýýän kän weli, 
Eger-eger Özüm akmak diýýän ýok. 
 
Aýdymçy, goşguçy köpeldigiçe, 
Aýdylýan zatlaryň tagamy gaçdy. 
Asyl zadyň gözden ýitip barşyna 
Taňry salamy-da ýasamalaşdy. 
 
Sen bolsaň özüňi igeleýärsiň, 
Bolýan zatlar üçin çekýärsiň jebir. 
Bir seretseň, baryň-ýoguň bilinmän 
Asyl, geçip barýar bu çäkli ömür. 
 
Sen durmuşdan bir gez ýokaryk çykdyň, 
Öňe geçdiň, eýermediň durmuşa. 
Ine, indi dogrudanam, meňzeýäň 
Beýewanda galan ýalňyz derwüşe. 
 
Ýeke galdyň, sebäbi-de düşnükli: 
Şu — owadan maňlaýyňa ýazylan. 
Ýöne welin, geň-taňlyk ýok bu ýerde, 
Ýalançyda sözläp bilmediň ýalan. 
 
Göni gitdiň, juda göni gitdiň sen, 
Öwrülip bilmediň öwrüme görä. 
Sen Ynsap boýunça ýaşadyň diňe, 
Ýaşap bilmediň öz ömrüňe görä. 
 
Sen beýle ykbaly ýokuş görmegin, 
Sen beýle ykbaly görmegin gaty. 
Namysyň perzendi, buýsanjyň ogly, 
Düşün, seniň çiniň Şahyr ahbeti! 
 

Syýahat setirleri 
 
Myhman bolup baranymda bir ile, 
Tanyş-bilişlerden gürrüň açdym men. 
—Pylankes dostumyz neneňdir? — diýip, 
Bir adamyň adyn agzap geçdim men. 
Diýdiler: — Beýikdir, ajap adamdyr! 
 
—Pylankes dostumyz neneňdir? — diýip, 
Uly bir işgäriň adyn agzadym. 
Hem-de gapdalymda oturanlara. 
Diýdiler: — Beýikdir, gözel adamdyr! 
 
Bir tanyş şahyryň adyny tutup, 
—Ol neneňdir? — diýip, ýüzlendim ýene. 
Gözlerinde guwanç ody oýnaklap, 
Bir dem baş atdylar jogap deregne. 
 
Hoşal boldum eden syýahatymdan. 
Dagy näme? 
Ýer-ýurt gördüm, ýol gördüm. 
Ulusun kiçeltjek bolýany däl-de, 
Kiçisin ulaldyp ýören il gördüm. 
 
Eger pähim-parasadyň bar bolsa 
 
Eger pähim-parasadyň bar bolsa, 
Pytratma-da özüň üçin aýap goý. 
Bu durmuşdyr, her gün bir sowal berer, 
Şol sowala jogap edip, peýläp goý. 
 
Bazara çykarma hyrydar gözläp, 
Ýöne sandykda-da çüýretme gizläp. 
Gepiň diňlenmese — güzapdyr, güzap, 
Gep gadyryn bilýänleri saýlap goý. 
 
Akylyň möwriti geçdi diýseler, 
Paýhasyň hümmeti gaçdy diýseler. 
Arkaýyn bol, akyl ýene küýseler, 

Harlanmasyn, gurjak ýaly bezäp goý. 
 
Öz aklyň özüňe bolmasyn nogsan, 
Söýmedige hergiz süýkenme, ynsan, 
Çeşmeden suw içsin diňe bir suwsan
Bu pent bilen gulagyňy gazap goý. 
 
Käte-käte çawuş çalýar Zamana: 
Dana nämä gerek — hemmeler dana. 
Mümkin, onda özüňsiň-dä diwana... 
Onda akyl-paýhasyň beýläk goý. 
 
Ýürege ýüzlenmek 
 
Bu golaýda senden habar alamok, 
Hallaryň niçikdir, pitneli Ýürek? 
Henizem sag-aman urup durmusyň, 
Birmahal sogrulyp gitmeli Ýürek. 
 
Abyrsyz ýükleriň astynda sojap, 
Ezýet baryn çekdiň agyrap-ynjap. 
Ýene ýola düşdüň özüňi tijäp, 
Birçak baky uka batmaly Ýürek. 
 
Men senden razy, hoşal men juda, 
Gürsüldeýäň guwduraman bihuda. 
Mydam şa bolduň, bolmadyň geda, 
Ýeňdiň. Ýeňiş toýun tutmaly Ýürek. 
 
Bagyşla, men seni bilmedim aýap, 
Hawa, kyn ýollarda kän çekdim azap. 
Kastyňa çyksa-da ýaragyn gezäp, 
Şükür, duşman tygy ötmedi, Ýürek. 
 
Penjesinde ajal atly mähnediň, 
Ýan bermediň, meni aman sakladyň. 
Arman, başdan inen agyr töhmetiň 
Ýarasy henizem bitmedi, Ýürek. 
 

Hiç bela kär edip bilenok, görseň, 
Köneje motorym sen işläp dursaň. 
Gyssanma, dem-dynç al, özüňi dürse — 
Biz entek kän ýere ýetmeli, Ýürek. 
 
Her halkyň öz göz guwanjy, meşhury 
 
Her halkyň öz göz guwanjy, meşhury, 
Her ýurduň özüniň howasy bardyr. 
Her iliň özüniň däbi-dessury,  
Öz ýüzi, özüniň lybasy bardyr. 
 
Ýaradyşy şeýle gudratly Allaň: 
Men bir agaç gördüm — gyşyna güllän. 
Perişdesi bolan agyr mähelläň 
Bary ak guş däldir — hannasy bardyr. 
 
Öz eliňiz bilen gazanmaň duşman, 
Başarsaňyz biçäräni bagyşlaň. 
Dünýä akly ýetmez, çagadan başgaň 
Taňrynyň öňünde günäsi bardyr. 
 
Özgeleri özüňizden kem görmäň, 
Ýöne adam dürli bolýar — deň görmäň. 
Çyn şahyryň weliligin geň görmäň, 
Şahyryň aýratyn dünýäsi bardyr. 
 
Aýlar, ýyllar ýaş goşarlar ýaşyňa, 
Garraňda ýigitlik meňzär düýşüňe. 
Aýnama, eý, adam, kakma döşüňe, 
Dünýäniň ýüzde müň belasy bardyr. 
 
Ýaman närse kändir dünýäň ýüzünde, 
Eý, bende, ýagşy zat bolsun gözüňde. 
Sen bir söz diýjeksiň, ýöne sözüň-de 
Posly demrik bardyr, tyllasy bardyr. 
 
Apala adamy — asmana galdyr — 
Ýöne ol öz gara nebsine guldur. 

Kimiňki şöhratdyr, kimiňki puldur — 
Her kimiň özüniň Allasy bardyr. 
 
Görüň, aladasy ýetikdir hemmäň, 
Bizi ýyllar däl-de, garradýar heňňam. 
Bu ajap durmuşyň, owadan dünýäň 
Ahyr ajal atly emmasy bardyr. 
 
Ak öýüň arzuwnamasy 
 
Ine, söwer ogla ak öý dikdiler, 
Täze öýüň içi howaly bolsun. 
Bu ak öýde dünýä inen ak bäbek 
Döwletli maşgalaň dowamy bolsun. 
 
Ene mähri bilen össün-ulalsyn, 
Atalaryň ruhy bilen dem alsyn. 
Kaddy Göroglyny ýadyňa salsyn, 
Başynyň ýüzde bir hyýaly bolsun. 
 
Ýeke däl, dost-ýarly, doganly bolsun, 
Är ýürekli, çaga göwünli bolsun, 
Al-ýaşyl ýazlary ýagynly bolsun, 
Sähralary bady-sabaly bolsun. 
 
Atasyndan ozsun ähli babatda, 
Akylda-paýhasda, kaddy-kamatda. 
Ar-namysyn goýsun ilki nobatda, 
Iýdigi — halalyň halaly bolsun. 
 
Ýagşylar ýetişsin kyn güne düşse, 
Oklananda gapsyn, ýyksyn ýanaşsa.  
Eger dosty bilen sözi azaşsa
Özüne ýeterlik sebäbi bolsun. 
 
Öz gara nebsiniň bolmasyn guly, 
Ykbal oňa bersin bir açyk eli. 
Günäsizem ýaşap bolmaz-a weli, 
Günäden has agdyk sogaby bolsun. 

 
Hak nazaryn salan bir asylzada, 
Uzak ýaşap ýetsin maksat-myrada. 
Aý ýaly arassa, Ýer ýaly sada, 
Ak ýüzli, giň göwün aýaly bolsun.  
 
Arzuw etmek aňsat, oňa ýetmek kyn, 
Ykbalyň her hili bolmagy mümkin. 
Bolsun ojagyna, il-güne ýakyn, 
Göz-dilden gorasyn, dogaly bolsun. 
 
Ene topraga bagyşlanan aýdym 
 
Bary-ýogy üç harpdan düzülen, 
Ene diýen söze gurban bolaýyn. 
Jahyllygyň yşky bilen gezilen, 
Hydyr gören düze gurban bolaýyn. 
 
Ýaýlalary aýdym-sazly nagmaly, 
Bagty çüwen bu toprakda dogmaly. 
Gyrkylyk yzyndan üsti tagmaly, 
Ak alaňlar, size gurban bolaýyn. 
 
Ýapylary bardyr başy buýraly, 
Sähralary ak maýaly bugraly. 
Egni gök kürteli, mahmal göwreli, 
Ak çabgaly ýaza gurban bolaýyn. 
 
Hyzmatyňa tabyn etdim özümi, 
Ene bolup çekdiň meniň näzimi. 
Şunça ýyllap iýip ýörüs duzuňy, 
Şol iýilen duza gurban bolaýyn. 
 
Saňa nazar salanmyşyn Biribar, 
Ak adyrda boz jereniň yzy bar. 
Säherleriň serhoş edýän sazy bar, 
Şol düwdüli saza gurban bolaýyn. 
 
Kem-kem daň agaryp, durlanar asman, 

Ýagyş ýagar kak suwuny egismän, 
Täze güni buşlap elwan öwüsýän 
Şapak atly köze gurban bolaýyn. 
 
Oýdan oýa mejnun edip tasadan 
Ýigitligim, gelmezmisiň täzeden?! 
Ak öýüň içinde ýaşyl küýzeden 
Çal uzadan gyza gurban bolaýyn. 
 
Türkmenlerde aýalyňy magtamak 
 
Türkmenlerde aýalyňy magtamak 
Öň zamanda geň bolupdyr, Ogultäç 
Bu döwürde hernä onuň tersine, 
Goşgy ýazmak ýoň bolupdyr, Ogultäç. 
 
Bir gezek üstüňden düşensoň ýolum, 
Ykbalyma şärik boldy ykbalyň. 
Bilýän: gama batsam seniň ahwalyň 
Meňkidenem teň bolupdyr, Ogultäç. 
 
Bäş aý başujymy saklak oturdyň, 
Derthanadan daşa çykman oturdyň, 
Iýdirdiň, geýdirdiň — ekläp oturdyň, 
Bu — mertlige deň bolupdyr, Ogultäç. 
 
Eger bardy-geldi äsgermän başda, 
Ýeke goýan bolsam garda-ýagyşda... 
Haýyş edýän: ýazygymy bagyşla. 
Belki, ýürek doň bolupdyr, Ogultäç. 
 
Suwjaramzok, süýkenemzok göz üçin, 
Kelle döwýäs her degerli söz üçin, 
Öňden miras goýulmandyr biz üçin, 
Barja baýlyk soň bolupdyr, Ogultäç. 
 
Bu dünýäde ýetsin her kim bagtyna
Kän gabat gelmedim senden artyga. 
Arzuwyňdy: gözüň düşdi artyga, 

Işlerimiz oň bolupdur, Ogultäç. 
 
Ogultäje 
 
Garrap barýaň diýip gyýylmasana, 
Ýaşlygyň dilinde gürläp bereýin. 
Göwnüňde çökgünlik duýulmasyn-la, 
Diňleseň, ýanyňda saýrap bereýin. 
 
Takdyrdan nalamaz bir gezek söýşen, 
Üç zady arzuwlap, birine duşan. 
Başagaý döwürde birneme çişen 
Kelläňi düzüwläp-durlap bereýin. 
 
Bu durmuşdan asgynlandyr öýütme, 
Duşmanyndan tisginýändir öýütme, 
Jöwzalarda myssarýandyr öýütme, 
Göz görkezip, güýji synap bereýin. 
 
Goý, käte beýnini gorjasyn humar, 
Başymda gyraw bar, göwnümde gülzar. 
Ýetmiş näme, bolsun etse Biribar, 
Ýetmiş däl, segseni sermäp bereýin. 
 
Bagyşla, kämahal ýalňyşýan bolsam, 
Oňuşmasyz bilen oňuşýan bolsam. 
Eger azda-kände sowaşýan bolsam, 
Onuň sebäbini derňäp bereýin. 
 
Yzymda galsa-da altmyşdyr elli, 
Entek ýatyşanok ýaşlygyň ýeli, 
Halap duran häsiýetiň-ä däl weli, 
Isleseň, azajyk aýnap bereýin. 

Yüklə 0,82 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin