Türkmenistanym (Watan hakynda goşgy)



Yüklə 0,82 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə8/11
tarix03.05.2020
ölçüsü0,82 Mb.
#31058
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11
Berdinazar Hudaýnazarow~Saýlanan goşgylar

Gep-köpüňkä uýmakdadyr.  
 
Haýran galmagyň goşgusy 
 
Bagtyň başky basgançagy 
Bu jahana gelmekdedir. 
Bilmän nämäň-nämedigin, 
Dünýä nazar salmakdadyr. 
 
Dik depäňde, şo-ol alysda 
Ak bulutlar ýüzer assa. 
Ah, şoňa bir elim ýetse 
Diýip, arzuw kylmakdadyr. 
 
Ýatyrarlar hüwdi bilen, 
Sallançagyň bady bilen. 
Enäniň ak süýdi bilen 
Kem-kem boý-in almakdadyr. 
 
Ak säherler ýagar ýagyş, 
Asman saňa edip söwüş. 
Dünýäň ýüzi — giden nagyş, 
Bahar sazyn çalmakdadyr. 
 
Günler dogar, 
Günler batar, 
Aý aýlanar hatar-hatar. 
Bäbekligiň döwri öter. 
Indi keýpiň — aýakdadyr. 
 
Indi az-kem derlemeli — 
Ýöremeli, 
Gürlemeli... 

Duýup ýagşy, ýaramazy, 
Indi bar gep — bilmekdedir. 
 
Näme üçin damýar damja? 
Başga adyň näme, eje? 
Soraglaryň delje-delje — 
Ejeň işi gülmekdedir. 
 
...Menzil söküp öwrüm-öwrüm, 
Gitdim senden — gunça döwrüm! 
Seni ýatlap goja göwnüm 
Ýene çaga bolmakdadyr.  
 
Pähimler 
 
1. 
 
Biperwaýlyk süýşüp ýakyn gelende, 
Köpbilmiş köpelip, 
Bilýän azalar. 
Tapawut kiçelip çynda, ýalanda, 
Olary saýgarjak bolýan azalar. 
 
Garym-gatym bolar sähet, bisähet, 
Okumyş bol bolar
Çyn alym — gahat, 
Iliň arasynda öwüt-nesihat 
Berýän köpeler-de, 
Alýan azalar. 
 
Her kim öňe oklar hergiz bir özün, 
Jahyllar-juwanlar tanamaz yzyn, 
Aksakgal aşyk dek oýnadar özün, 
Paýhasyna tagzym kylýan azalar. 
 
Birine ýetmese ýüz maksat tutan — 
Hany, razy bolup dünýäden öten? 
Özgelerden aýyp gözlär öňýeten, 
Öz aýbyny özi bilýän azalar. 

 
Aýdylýan aýdymlar goşulmaz saza, 
Gadyr-hormat gaçar tagama-duza, 
Döwür öňe gider, 
Adamam — yza. 
Emma muňa nazar salýan azalar. 
 
2. 
 
Ýerden göteriljek bolsa Sahawat, 
Alýan köpeler-de, 
Berýän azalar. 
Kemlik etmez boş kasamlar, wadalar, 
Ýöne öz lebzinde durýan azlar. 
 
Asyllylar azar, 
Agraslar ýeňlär, 
Göwreler ýognar-da, 
Ýürekler ownar, 
Kethuda diýjegiň bet işi oňlar, 
Haram meýlis artar, 
Derňän azalar. 
 
Gulpuny gitdikçe agraldyp öýler, 
Tagamlar goňşudan ogrynça iýler, 
Ýaman zat hemmäniň gözüne iler, 
Ýagşy zady welin, görýän azalar. 
 
Atalary pisent etmez ogullar, 
Hernä bizden daşda bolsun o günler, 
Kise galňar — 
Gedaýlaşar göwünler, 
Säher Haky ýatlap turýan azalar. 
 
Edep öwretjekler biedep bolar, 
Mukaddes nakyllar gury gep bolat. 
Hallalygy agzan adam köp bolar, 
Ýöne halal ýoldan ýörýän azalar. 
 

3. 
 
Buýsanç egsilmekçi bolsa kem-kemden
Ynsan ýüreginde ýalkym azalar. 
Ýata suwa dönüp pikir-hyýallar, 
Däli göwünlerde tolkun azalar. 
 
Gün görmek däl — ömür sürmek kyn bolar, 
Är oňa däl, aýal oňa han bolar. 
Gara görmän, haýbat atýan kän bolar — 
Ýagyny yzyna serpen azalar. 
 
Aýyp artar — adam galmaz haýrana, 
Gezek berler batly-batly ýaňrana. 
Gol ýapýan gytalar, aglan-eňräne, 
Ynsabyň sudundan gorkan azalar. 
 
Müýnürgär beýikler, 
Çyrpynar egsik, 
Aglasaň, aglaber, 
Hamsyksaň, hamsyk, 
Köpeler kölge dek yşnaksyz samsyk, 
Akyly daş ýarýan kem-kem azalar. 
 
Azap çeken duýgy böwri symsyklar, 
Hany, toba eden, hany, syr saklan? 
Garyplaşar, garyplaşar gursaklar, 
Telpekli köpeler, 
Erkek azalar. 
 
4. 
 
Her döwürde bir hili zat ýoň bolar, 
Bihaýalyk hemmesinden geň bolar. 
Toý toý bolmaz — 
Dawa bilen jeň bolar, 
Özün saklap bilýän jahyl azalar. 
 
Şerbazlar şeraby ýüzüne sylar, 

Saçagyň üstünde bulgurlar synar. 
Ne gözel naharlar harama döner, 
Haý-küşler ýol almaz, 
Täsir azalar. 
 
Dananyň sözlerin diňlän tapylmaz, 
Ynsany päklige ündän tapylmaz. 
Halaly, haramy dannan tapylmaz, 
Aşa düşen artar, berhiz azalar. 
 
Göz-gulban boluşyp gündiziň güni, 
Nebir gyz-gelinler güjeňlär teni. 
Söýüşýärler! diýip, aldamaň meni. 
Aşyksumak artar, 
Tahyr azalar. 
 
Öten-geçenlerden gyrp-çyrp edip, 
Ak kagyzy, gök syýany sarp edip, 
Gazýetleri pak gazala gark edip, 
Goşguçy köpeler, 
Şahyr azalar. 
 
5. 
 
Jemagatdan gaçjak bolsa tebähet 
Sabyr senden gider, 
Takat azalar 
Galagopluk gaplap alar göwnüňi, 
Bilmersiň nämeden — 
Rahat azalar. 
 
Üç esse ulalar ynsanyň gözi, 
Arkaýyn ýatýana meňzemez ýüzi, 
Agyr tozan örter daglary, düzi, 
Kalbyňy gülledýän pursat azalar. 
 
Müşdek bolup görner doly çuwalyň, 
Alanyň az, 
Kän görüner sowanyň. 

Baş bäsdeşiň bolar süýtdeş doganyň, 
Gap-çanak köpeler, 
Owkat azalar. 
 
Gursagyndan uçar gider kanagat, 
Ojagyndan gaçar gider bereket. 
Ýap-ýaňky bol zatlar, gör, eýýam gahat, 
Bisähet köpeler, 
Sähet azalar. 
 
Nebis atly şar gara bir güýç bolar, 
Garynlar doluka, gözler aç bolar. 
Dolmaz garna bar baýlygyň hiç bolar, 
Myş-myşlar köpeler, 
Söhbet azalar. 
 
Gözýetim. Görnüş 
 
Basyrnypdyr gara baga, 
Arkasyna diräp daga, 
Ýaýlyp ýatyr uly oba 
Gözýetimde, gözýetimde. 
 
Surnugan Gün kem-kem solýar, 
Guşlar uçýar, guşlar gonýar. 
Dagyň asty ümüzlenýär, 
Gözýetimde, gözýetimde. 
 
Obaň daşyn gorap hüşgär, 
Bärde baglar hellewleşýär. 
Gün sallanyp dagdan düşýär, 
Gözýetimde, gözýetimde. 
 
Çal gaýalar büklüm-büklüm, 
Bulut süýşýär üzlem-saplam. 
Aw agtarýar garry gaplaň, 
Gözýetimde, gözýetimde. 
 
Ýeňiljek goşgy 

 
Ne ajap zat, dostlarym, 
Bir-biregi sylamak. 
Gowy däpler ilde bar, 
Ýeke çapma, ile bak. 
 
Dünýä şeýle gözelkä, 
Namartlykdyr nalamak. 
Hol köçeden sülmüräp 
Barýan inçe bile bak. 
 
Rysgalyňdan zeýrenip, 
Aýyp bolar aglamak. 
Çyk, melemtil meýdana, 
Goşa gulak pile bak. 
 
Juda kyn iş däl ahyr, 
Garyp göwni aldamak. 
Ýürek gysan çaglary, 
Dutar duran dula bak. 
 
Agyr, ata-enäni 
Gara ýere duwlanmak. 
Ýetim galan bir sen däl, 
Bak sen, saga-sola bak. 
 
Bir ýagşylyk edene, 
Başym bolsun sadaga. 
Atlanmankaň bedewe, 
Toýnakdaky nala bak. 
 
Günler çykar lowurdap, 
Gök top atar gümmürdäp. 
Dag başyndan lummurdap, 
Inýän mele sile bak. 
 
Pelek çarhy öwrüler, 
Geler, gideniň geler. 
Düýn aglan — bu gün güler, 

Mahal-mahal ýola bak. 
 
Kişä kesek oklama, 
Iliň ýolun bekleme. 
Ýerdir seni ekleýän, 
Atyz bilen çile bak. 
 
Abat bolsun tünegiň, 
Tä dolýança süregiň, 
Aýdym aýtsyn ýüregiň, 
Gök ýylakly käle bak. 
 
Hindi mowzugynda iki goşgy 
 
1. Mahabharata 
 
Şygyrýetiň, pelsepäniň ýurdy bu. 
Oýlanýaryn, meger, şoňa görä-de 
Nirä barsam, düşdi durdy ýadyma, 
Hindileň eposy Mahabharata. 
 
Agyr taryhynda bu gadymy ýurt 
Daýanypdyr pähim bilen gaýrata. 
Şonuň üçin ýada düşdi-de durdy, 
Bu halkyň eposy Mahabharata. 
 
Bezemen atlylar köşgüň öňünde, 
Nyzam bilen düzülipdir parada. 
Nämüçündir ýada düşdi ýene-de, 
Hindileň eposy Mahabharata. 
 
Boýnumyza gülli halka dakdylar, 
(Şeýle halka dakylypdyr Gara-da!* 
Ine, bu ýerde-de hakyda geldi 
Hindileň eposy Mahabharata. 
 
Tans üçin döräpdir hindi gyzlary. 
Gara hally şol gyzlara garaňda, 
Ýene hakydaňa gelýär, elbetde, 

Hindileň eposy Mahabharata. 
 
Bu ajaýyp, bu owadan toprakda, 
Arzuw etdim: ýetsin her kim myrada. 
Hawa, hut şu ýerde dünýä inipdir, 
Durmuş pelsepesi Mahabharata. 
 
*Şahyr Gara Seýitliýew. 
 
2. Aktrisa bilen gürrüň 
 
— Hindi kinosynda birje mowzuk bar, 
Olam söýgi. Ýeri, başga näme bar? 
 
Diýip, onuň bilen gürrüň açamda, 
Ak dişleri bägül ýaly açyldy. 
 
Garaluw gözleri güldi bagtyýar: 
— Dünýäde söýgüden başga näme bar? 
 
— Hindi kinosynda aýdymdan başga, 
Zat ýok — diýip, bälçiredim ýamaşgan. 
 
Ýene gara gözler ýandy bagtyýar: 
— Dünýäde aýdymdan başga näme bar? 
 
Diýip jogap berdi sowal bilen, 
Söhbet tamamlandy 2:0 bilen. 
 
Omar Haýýam 
 
Ysraýylda bolanymyzda, biz şol ýurtda haýsy şahyryň ýörgünlidigi bilen 
gyzyklandyk. 
— Haýsy şahyr Sizde has köp okalýar? — diýen sowalmyza şeýle jogap 
berdiler: 
— Elbetde, Omar Haýýam! 
 
Seniň döwrüň — ol bir eýýam, 
Meniň döwrüm — bu bir eýýam. 

Iki aralyga bakman, 
Ýaşap ýörsüň, Omar Haýýam. 
 
Bu sözümde geň zat ýokdur, 
Hawa, ýaşap ýörsüň diýýän. 
Okalýarmyň — ýaşaýansyň, 
Şeýle dälmi, Omar Haýýam! 
 
— Gündogarda pähimdar kän, 
Hemmesine sarpa goýýan. 
Ýöne welin, çeper sözde 
Meniň taňrym — Omar Haýýam 
 
Diýdi bize goja ýewreý, 
Seň adyňy dilden goýman. 
Özem ol bir okumyşdy, 
Eşidýärmiň, Omar Haýýam?! 
 
Hawa, Şolom-Aleýhimiň 
Watanynda seni söýýän 
Muşdaklaryň kän ekeni, 
Buşluk! Beýik Omar Haýýam! 
 
Ýöne, belkäm, bu habara 
Galyp duran dälsiň haýran. 
Kimdigiňi birmahallar 
Aňynsyň-la, Omar Haýýam! 
 
Yspyhanyň Şaapbas myhmanhanasy 
 
Şaapbas taryhda bolan bir adam
Ýöne häzir meniň gürrüňim başga. 
Myhmanhanaň gapysyndan gireňde, 
Alnyňda biri dur, murtlary pişge. 
 
Ine, şonda ilki kellä gelýän zat: 
Doň suratmy ýa-da janly kişimi? 
Ol bolsa depäňde howaladyp dur, 
Arslanyňka meňzäp duran başyny. 

 
Ol özüne endik edinen borly, 
Esli salym, ine, şeýdip durmany. 
Gapdalynda durup bile surata 
Düşen myhmanlaryň ýokmuş armany. 
 
Haýbatynyň özi basýar sussuňy, 
Garalyp dur ylla, äpet bir sütün. 
Men Şaapbas diýip tutýar adyny, 
Şeýle däldigine ynanmak çetin. 
 
Beýle äpet dogulýandyr, elbetde, 
Diňe Allaň özi nazar salanda. 
Boý-syraty bilen myhmanhananyň 
Adyny has galdyrypdyr belende. 
 
Hawa, bagtyň çüwüp bir sebäp bilen 
Yspyhana barsaň — şol ýerde düşle. 
Garşy alar seni Şaapbas pälwan, 
Eginleri — gaýa, murtlary pişge. 
 
Otagyň açaryn eliňe tutdyr, 
Paltoňy çykaryp asgyçdan asar... 
Wezipesi ýönekeýden-ýönekeý, 
Emma gabarasy sussuňy basar. 
 
Şahsy mesele 
 
Bardy daşym gallap duran dostlarym, 
Olar hatar gurap, gözümden uçdy. 
Men bilemok, ýa-ha heňňam garrady, 
Ýa-da dostlaşylýan döwürler geçdi. 
 
Nä jyn urdy — özüm duýman durşuma, 
Dost boldy galaýdy iň bir gyt zadym. 
Dostlar meni ýeke taşlap gitdiler, 
Hany Kerim? 
Hany Mämmet ussadym? 
 

Bilýärdik biz bir-biregi bahasyn, 
Dostlugy bozmaga bolmandy delil. 
Gurbannazar bilen bir ýerde ýatyr, 
Ullakan ýürekli çepiksi Halyl. 
 
Bizi dostlaşdyrdy jenap şygryýet, 
Şygryýetiň ýoly bolsa azaply. 
Bir-birekden peýda görjek bolmandyk, 
Ownamandyk — ýaşamandyk hasaply. 
 
Ah, bir bilsediňiz, eziz dostlarym, 
Bu gün Sizi, gör, nähili küýseýän! 
Ýegre dostlar seýrekledi daşymda, 
Elbetde, men muňa juda kemsinýän. 
 
Ýok, men zeýrenemok, wagty gelende, 
Mümkin, dost-ýarlaram azalmalydyr. 
Mümkin, Bir-birekden görülýän peýda 
Gara teňňä çenli sanalmalydyr? 
 
Munam başaramok. Sebäbi diýseň, 
Söwdadan-satykdan çykanok başym. 
Beýdip men samsykdan dost gazanan ýok, 
Gugaryp galsa-da töwerek-daşym. 
 
...Bardy daşym gallap duran ýigitler. 
Bardy bir-birinden dana dostlarym. 
Siz bir bilsediňiz — bu gün men Sizi 
Nähili küýseýän köne dostlarym!  
 
Dostum gürrüň berýär şeýle janygyp 
 
Dostum gürrüň berýär şeýle janygyp, 
Ant içipler üstündäki Hudaýdan. 
Ýöne nämüçindir kem göremok men 
Bahymrajyk gidenimi bu taýdan. 
 
Her niçikdir dogry dogry diýýärin. 
Gardaşym, bu gepiň ýalan diýemok.. 

Toba, iň ýigrenýän zadym-a ýalan, 
Özüm ýalan sözleninem duýamok.  
 
Sabyrdyr takaty elden gidermän 
 
Sabyrdyr takaty elden gidermän, 
Ynsana, elbetde, sabyr gerekdir. 
Saglyk bolsa, beglik bolar diýlipdir, 
Baryny görmäge ömür gerekdir. 
 
Şükür edýäň, nan tapylsa iýmäge. 
Hoşal bolýaň, pul tapylsa sowmaga. 
Ýöne Durmuş diýilýäni duýmaga 
Ykballar ýeňil däl — agyr gerekdir. 
 
Köne diýip zyňyberme könäňi, 
Halallykdyr Hakyň, halkyň halany. 
Ýola düşseň, bilgin pellehanany, 
Ýöremek üçin-de ugur gerekdir. 
 
Arzuw edýän: aglatmasyn ahwalyň. 
Dürli dilegçisi kändir Rahmanyň: 
Ýigrendigi ýagyş bolsa daýhanyň, 
Çarwalara ýagyş-ýagmyr gerekdir. 
 
Bolup bilseň aýakda däl, başda bol
Bir bişekil sudur däl-de, keşde bol. 
Ýeke çykma, men-menlikden daşda bol, 
Ýaradandan özgä höwür gerekdir. 
 
Lezzet alýaň seýran etseň çarbaga, 
Meňzäp bilseň, meňzejek bol bagbana. 
Öňýeten awunyp bilmez aglana — 
Awunmak üçinem bagyr gerekdir. 
 
Adam ogly, bolaweri seresap, 
Ýeňsäňde dur töhmet atly gara zat. 
Sowuk gan küýsese pähim-parasat, 
Juwan ýüreklere howur gerekdir. 

 
Taşla, dostum, boş bolsady ekmäni, 
Oňa derek iýlen duzy haklaly. 
Götermäge batga batan ykbaly 
Gudraty güýçlüden emr gerekdir. 
 
Özüň oka tutma jan gerek bolsa, 
Çaňyndan çekinme un gerek bolsa. 
Garny aç adama nan gerek bolsa, 
Göwni aç ynsana şygyr gerekdir. 
 
Ah çekip, her näçe etse-de perýat, 
Her aşyksumakdan bolaýmaz Perhat. 
Edermen ärlere şan bilen şöhrat, 
Ýelgant bedewe şöwür gerekdir. 
 
Durmuş çalym edýär täsin tomaşa: 
Men mähnet pil gördüm, bagş egýär peşä. 
Öz ýüzi, öz sözi bolmadyk kişä 
Dawaly durmuş däl — gabyr gerekdir. 
 
Dutary söwütden ýasamaýarlar 
 
Dutary söwütden ýasamaýarlar, 
Dutar üçin goja tut bolsa ýagşy. 
Adalatdan gowy zat ýok dünýäde — 
Aglanlar ahyry şat bolsa ýagşy. 
 
Il içine ýagşy däpler ýaýrasyn, 
Märekede gürläp bilýän gürlesin. 
Dostlarym, harytsyz dükan gurasyn, 
Dükanyň içinde zat bolsa ýagşy. 
 
Wagty bardyr oturmagyň, turmagyň, 
Hergiz gadyry gaçmaz görküň-görmegiň. 
Döwri geçdi göçüp-gonup ýörmegiň, 
Oturmaga belli ýurt bolsa ýagşy. 
 
Atly bolsaň, kän bor saňa sereden, 

Ýaman gözden gorawersin Ýaradan. 
Dileg-haýyş bilen bir ýere giden 
Tilki bolup ýörmän, gurt bolsa ýagşy. 
 
Işli elden çykýar iň ajap haly, 
Hawa, hünär gerek ýöreder ýaly. 
Gözelleriň göwnün ereder ýaly 
Gözleriňde ýanar ot bolsa ýagşy. 
 
Sülmüreşsin Garagum çölünde 
Ak çägäniň görki ýüpek selinler. 
Gül göwsüňiz guramasyn, gelinler, 
Emmede, elbetde, süýt bolsa ýagşy. 
 
Kiçi kiçi bolsun, uly-da uly, 
Ýat eller ýolmasyn açylan gülli. 
Her näme diýseler diýsinler weli, 
2+2= däl-de, 4 bolsa ýagşy. 
 
Ýazlagda 
 
Göwnüme bolmasa, şol uzak ýyllar 
Baharyň gelşi-de başgaçarakdy, 
Baş aýlardy, gök kürteli gözýetim, 
Sähranyň howasy ylla şerapdy. 
 
Birdenkä çaňjarar asmanyň asty, 
Öçügsirän Güni gizlär bulutlar. 
Süýtkädisin egne alan gyzlara 
Ogryn garap, ýuwdunardy ýigitler. 
 
Uzakçyl däl ak çagbaly öýlänçi, 
Sähra suw sepeläp geçer-de gider. 
Tebil tapan bir bölek guş güsürdäp, 
Golaýjak bir ýere uçar-da gider. 
 
Agşamlar ak öýüň gapylarynda, 
Goňşy söhbet açar goňşusy bilen. 
Başlygam öýüne märeke toplar, 

Özüniň patefon bagşysy bilen. 
 
Ah, atyr sepinen gysga gijeler, 
Niçik şahyrana, niçik hoşamaý. 
Gözün aýryp bilmän sereder durar, 
Çarwa gözellere aşyk bolan Aý. 
 
Şeýleräk bolardy porhan tebigat, 
Baharyň çagynda — gül ýaşlygynda 
Oglanlygym bu görnüşi gujaklap, 
Günün geçirerdi serhoşlygynda. 
 
... Yza baksaň, hakydaňa gelip dur
Ýüz-de bir hekaýat, müň-de bir waka. 
Ýada düşdi ýatdan çykan ýazlagam, 
Ömrüň Güni dagdan aşyp barýarka. 
 
Ýaşlygyň ýüki 
 
Gyşda gar ýapynyp, ýazyna gülläp, 
Agyr zähmet bilen dem alýar Lebap. 
Uruş ody bolsa ýanýardy lowlap, 
Ýarym ýalaňaçdym, ýarym açdym men. 
Oňa derek, ah, nähili ýaşdym men. 
 
Gelmese-de topuň, tüpeňiň sesi, 
Çaňap durdy Amyderýaň depesi. 
Kä surnugyp, käte dürsäp nepesi, 
Paý-pyýada menzillerden aşdym men, 
Oňa derek, gör, nähili ýaşdym men. 
 
Dyz eperdim selpäp ýadalanynda, 
Giň çölüň adamsyz adalarynda. 
Ömrümiň hatarly ýodalarynda 
Hut ajalyň özüne-de duşdum men, 
Emma ýan bermedim, sebäp ýaşdym men. 
 
...Egninde ýönekeý alaça köýnek, 
Özi-de durşuna görk bilen görmek. 

Başlandy şol gyzyň yşkynda köýmek. 
Gündizi, gijesi bir bihuşdum men, 
Sermestdim men, tarhandym men, ýaşdym men. 
 
Aýlar, günler aýak çekmän ýöräp dur. 
Ýatlanymda şindem süňňüm eräp dur, 
Indi o gyz o dünýäden garap dur, 
Ykbalyň oýnuna bialaçdym men, 
Çydapdyryn, şükür, herne ýaşdym men. 
 
Ýaşlyk — ýarym asyr yzymda galdy, 
Armanym — şol söýen gyzymda galdy. 
Diňe akyl-huşum özümde galdy, 
Baş çykaryp bilmän halys çaşdym men: 
Goja boldum... 
A nähili ýaşdym men. 
 
Şu günüň goşgusy 
 
Tüweleme, bar zada 
Bar-la indi hukugyň... 
Daýaw göwre gerek däl, 
Bar gerek zat — ukybyň. 
 
Görüp durşuma görä, 
Olam sende bolmaly. 
Anha, giden mülküň bar 
Ak üzümli, almaly. 
 
Ony nädip edindiň? 
Däl men onuň haýrany. 
Özüňe ýol edindiň 
Emiraty, Eýrany. 
 
Nirä gitseň, ýol bolsun, 
Bar oňa-da hukugyň. 
Gyzyl pulmy? Tapylar, 
Bar gerek zat — ukybyň. 
 

Olam sende ýok zat däl, 
Görýän, üç gat jaýyň bap, 
Iki firma saklaýaň, 
Olarda-da paýyň bar. 
 
Haçan, nädip edindiň? 
Bilemok men onçasyn. 
Alan dälsiň ahyry 
Özgeleriň oljasyn. 
 
Garažyň bar ullakan, 
Az däl, del, del maşynyň. 
Iýen dälsiň ahyry 
Hakyn başga kişiniň. 
 
Halalmy ýa harammy — 
Kän bir oňa garaman, 
Ýaşap ýörsüň. 
Gün — seňki. 
Sür döwrany sag-aman. 
 
Ýetmişinji ýyllarda redaktor bolup işlän ýoldaşyň kän gaýtalan sözleri 
 
Goşgy çynlakaý bolsun, 
Bolsun örän merdana. 
Sagdyn bolsun ideýa, 
Sözler bolsun dürdäne. 
 
Ejiz bolmaly däldir, 
Çyn liriki gahryman. 
Ýokdur biziň durmuşda 
Neşe diýlen zährimar.  
 
Ruhy siňsin setire 
Gahrymanlyk döwrüniň. 
Oba gidiň, durmuşy 
Içgin synlaň, öwreniň. 
 
Gynandyrýan goşgular 

Eder halky pessimis. 
Mert eserler dörediň, 
Belent bolsun sussumyz.  
 
Hemmeden öň şahyrda 
Giň bolmaly gözýetim. 
Bakyň ajap durmuşa, 
Ne ölüm bar, ne ýitim... 
 
Öňde barýan pagtaçy, 
Öňde barýan pileçi... 
Gahrymandan dos-doly. 
Şäher, oba — il içi. 
 
Hemmelere mahsus zat, 
Ýaş wagtynda söýüşmek. 
Emma weli, bolmaýar 
Iş wagtynda söýüşmek. 
 
Adam alçak bolmaly, 
Durmaly däl ýygrylyp. 
Ýaşamaly hemmeler 
Diňe gülüp, ýylgyryp. 
 
Goşgularyň içinde 
Görmäýin men gözýaşy. 
Gaýgy, gamsyz ýaşana 
Wada berýän ýüz ýaşy... 
 
Şeýle arzuw beslärdi 
Niýetinde, pälinde. 
Ajal ony apardy 
100-iň ýarpy ýolunda. 
 
Şöhrat aýdymy 
 
Säherler synlamda göwnüm göteren 
Köpetdagyň belent gerşine şöhrat! 
Täze güni öz ýoluna ataran 

Göwher Günüň dogup gelşine şöhrat. 
 
Basan yzym oglanlygyň bagynda 
Gizlenipdir saçlarymyň agynda. 
Ýigitligiň serden geçen çagynda 
Däli-porhan bolup söýşene şöhrat. 
 
Bu ýollarda bukdaklaman, bukulman, 
Takdyr bilen tutluşanda ýykylman, 
Öňde gara görse, yza çekilmän 
Diňe öňe tarap süýşene şöhrat. 
 
Tapawut ýok garyplarda, baýlarda, 
Gün geçýär gün üçin pikir-oýlarda. 
It eýesin tanamaýan jaýlarda 
Säw bilen goňşusy duşana şöhrat. 
 
Täsin tebigata gözellik beren, 
Daglarymda çynar, düzümde jeren. 
Ýüzüňe mydama ýylgyryp duran 
Seýilgähim güle-gülşene şöhrat. 
 
Bahar bir çetinde durup meýdanyň, 
Gözýetime baksaň, gönener janyň. 
Ýagyşdan soň nur çaýylan asmanyň 
Älemgoşar atly nagşyna şöhrat! 
 
Ilki çarwa bolar ýagmyry küýsän, 
Bahasyn bilýändir çöllerde suwsan. 
Alalarda jaraň-jaraň köl ýasan 
Aladaňdanlaryň ýagşyna şöhrat. 
 
On derde sataşan, ýüz bela duşan, 
Agyr alaňlardan sag-aman aşan. 
Ömründe öz sözün diýmäge çalşan, — 
Berdinazar atly gagşala şöhrat! 
 
Jennet jana çakylyk 
 

Uzyn tomus paýawlandy, naşyjam, 
Ukusyndan başga wagty işlijäm,  
Öý bikämiz — ýaňy iki ýaşlyjam, 
Ataň bilen birdem oýnamaga gel. 
 
Özüňi görkezmek eý görýän kesbiň, 
Boýnuma alýaryn, men senden asgyn. 
Dökän-saçan edip oturgujuň üstün, 
Ellemesiz zady ellemäge gel. 
 
Gahar edip gaşlarymy çytmaýyn, 
Ýadatsaňam, eýdip-beýdip çydaýyn. 
Seni bize köp görmesin Hudaýym, 
Güldürip, guwdurap, oýnamaga gel. 
 
Alyp goýdum gurjaklaryň täzesin. 
Ýöne özüň barkaň gurjak neýlesin! 
Ataň-a bir howa seni güýmesin, 

Yüklə 0,82 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin