Türkmenistanym (Watan hakynda goşgy)



Yüklə 0,82 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə11/11
tarix03.05.2020
ölçüsü0,82 Mb.
#31058
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11
Berdinazar Hudaýnazarow~Saýlanan goşgylar

 
Dünýe ýaly köpi gören eneler 
Asyryň başynda gürrüň açýarlar. 
Eýýäm kyrk ýaşyna ýeten kakanyň 
Dünýä inen günün ýatlap geçýärler. 
 
Ýagşy günde dogsaň — ýagşylygamyş. 

Bir-birin makullap edýärler yrym. 
Men goňşy otagda iňňä-iňňäni 
Aýdym-saz dek diňleýärin, inerim! 
 
Näçe ýyl garaşdym bu aýdyma-saza, 
Näçe ýyl garaşdym beýle pursada. 
Kemsinerdim, sen bolmasaň, ykbalym 
Maňa dünýäň bar baýlygyn berse-de. 
 
Sen geldiň — hümmeti artdy dulumyň, 
Sen geldiň — kuwwaty artdy bilimiň. 
Ýap-ýaňyja gelip töre geçeliň, 
Näçe esse giňedikä içerim? 
 
Gyş gününde bahar ýagşy şibirdäp, 
Meýdan çygjaryp dur maňlaýyň kimin. 
Belent myhman gelen äpet howly dek, 
Ýuwunyp, ardynyp, beslendi Zemin. 
 
Sahawatyň üçin sag bol, tebigat, 
Bugly palawym dek nurana ýüzüň. 
Çekilmäň, çekilmäň, eziz myhmanlar, 
Ak palaw noş bolsun! Soň gök çaý süzüň! 
 
Geplemäň, gelinler, goňşy otagdan 
Eşidilýän pöwh-pöwh, şakyr-şukury. 
Bu gün-ä welin, öňem del zat däl, 
Bu öýde konýakdyr şampan çakyry... 
 
Içýäris — bir kişi öýli bolanda. 
Içýäris — gelinler toýly bolanda. 
Eger lotereýiň bir manat utsa, 
Sebäpdir içmäge meýil bolanda, 
Içmänem gör, dostduň ogly bolanda! 
 
Içiň, dostlar, mürähet däl al şerap! 
Goý, ýadaw beýniler bir dem ýeňlesin. 
Ýöne meniň birje diýjek sözüm bar, 
Hüşgär boluň: şerap sizi ýeňmesin. 

 
Ogly bagly hem-de uzakdan uzak
Ömür islediňiz gezek-gezek. 
Ýagşy niýet — ýarym döwlet diýleni — 
Ýaşasyn parasat siňen aýdymlar. 
Bir ýagşy sözüňiz üçin müň gezek 
Alkyşlaýan sizi, eziz Adamlar! 
 
Ar-namysa deglen ýaly görerdim, 
Bu boş söz diýläýse, hatda degşilip, 
Sebäp, Dünýäň özün saklap duran zat 
Ýagşylykdyr, 
ýagşylykdyr, 
ýagşylyk! 
 
Bagtly günleň ýene biri geldi-de, 
Agzyňda akja diş göründi birden. 
Türkmenler Diş goýun bagtly baýram dek 
Bellänoklar eken ýöne bir ýerden. 
 
Ine, seniň akja dişiň çykdy-da, 
Üstüňden seçildi pişmedir nogul. 
Gözüň elek-çelek etme, bu saňa 
Dişiň ötgür bolsun diýdigmiz, ogul! 
 
Owradaryn otuz iki dişiňi! 
Diýip, haýbat atan wagty duşmanyň. 
Şonda hatyrasyn saklamaly bor
Üstüňden seçilen mele pişmäniň. 
 
Otuz iki hanjar berdim men saňa, 
Berdim saňa otuz iki ýaragy. 
Şonça ýarag berilendir öýtme, 
Oglum, diňe çeýnemäge çöregi... 
 
Il içinde dile düşen ärlere, 
Diýýändirler: Kemsiz azy ýarypdyr. 
Ähli zada dişi ötýär diýlenem 
Bir düşünje aňymyza giripdir. 

 
Ýöne meniň bar ýene-de bir pendim, 
Ýadyňdan çykarma, eziz perzendim! 
Diňe ýarmak üçin bir ýatan daşy, 
Hergiz, hergiz, hergiz çarhlama dişi. 
 
Seniň diş toýuňda eden sargydym 
Şudur, unutmagyn, körpe bürgüdim. 
 
Düýn ýalydy Dünýämize ineniň, 
Indi haýran galyp bakýarsyň Dünýä! 
Näme üçin, şygyrdaýar ýapraklar, 
Näme üçin, guşlar uçýar-da, gonýa? 
 
Müň öwşünli hala haýranlar galyp, 
Täsin göllerini dyrnaçaklaýaň. 
Şu gün bir oýunjak getirip bersem, 
Ertir ol gerek däl, oňa bakmaýaň. 
 
Tebigatda tebigydyr hemme zat, 
Şeýde-şeýde, ulalmaly, ezizim. 
Ir hem bolsa, saňa wesýet edeýin, 
Sen geljegim, sen dowamym, sen yzym. 
 
Ajaýypdyr seniň doglan topragyň, 
Oň adyna Türkmenistan diýilýär. 
Gadymy Jeýhundan çal Kaspa çenli — 
Ortalykda ymgyr sähra ýaýylýar. 
 
Beýniňe ornasyn şo sähraň ysy, 
Ornaýşy dek ylla, ene süýdüniň. 
Janyň-teniň bilen, bar durkuň bilen 
Öz topragyň ogly bolgun diýdigim. 
 
Giň sähranyň gadym ýodalarynda 
Babalaryň yzyn görmegi başar. 
Maňlaýyň syrtynda ýeňsäň bardygyn 
Duýman ýörmek bir mahluga ýaraşar. 
 

Duzdan uly bolma, duza hormat goý, 
Hatyrasyn sakla bir döwüm nanyň. 
Naharyň üstüne myhman gelende. 
Özüň aç welin, doýsun myhmanyň. 
 
Men saňa göz berdim. Goşa gara göz. 
Bu-da goşa ýaragyňdyr, ýaragyň, 
Gara Seýitli göz barada söz açyp
Diýipdir Göz — aýnasydyr ýüregiň. 
 
Pikirlenýän, meger, şonuň üçindir: 
Kä kişiniň gözi mydam dur güläp. 
Ýöne şol gözlere siňe seretseň, 
Käte bildiräýýär — galp olar, galp. 
 
Aldanarsyň juda hüşgär bolmasaň, 
Mydam ýanaşyp ýör çyn bilen ýalan. 
Gündizdir gijäni saýgarşyň ýaly, 
Saýgar olary-da, şu gözler bilen. 
 
Görünse görünsin erkeklik ýaşy, 
Emma gözleriňde görünmesin müýn. 
Birem, hemmäň göwnün awlajak bolup, 
Arrygyň gynama, bu zat juda kyn. 
 
Saňa oýlanara kelle berdim men, 
Berdim saňa şeýle äpet hazyna. 
Milýon öýjük ýerleşýändir içinde, 
Ol mydam pikirden bolsun hamyla. 
 
Pikir et, gandymyň gülüni synlap, 
Gonamçylyk görseň, pikir et, dur-da. 
Ala garly dagy görüp pikirlen, 
Oýlanara zat bar hemmeje ýerde. 
 
Ýagyşdan soň älemgoşar çykanda, 
Pikirlen, ak depäň üstünde dur-da. 
Aýdym bilen saz diňläňde pikirlen, 
Oýlanara zat bar hemmeje ýerde. 

 
Daňdanlar oýanyp süýji ukudan, 
Ele kagyz, galam alsaň, eger-de. 
Ilki eýwanyňa çyk-da, pikirlen, 
Oýlanara zat bar hemmeje ýerde. 
 
Odun çöpläp ot ýakyp gör, pikirlen, 
Oýlan tüweleýe gaplansa takyr. 
Bu täsin tebigat doludyr syrdan, 
Diýmek, sen pikir et, pikir et, pikir. 
 
Ezizim, men saňa bir ýürek berdim, 
Sahawatly bolsun, ýüregiň oglum. 
Gyýçak-gyýçak gaýalara dyrmaşsaň, 
Hernä bitin bolsun, çöregiň, oglum. 
 
Iki sany aýak berdim men saňa, 
Ot çyksyn şol aýaklaryň astynda. 
Ýöne welin, bilgin basjak ýeriňi 
Basmawer basmasyz zadyň üstünden. 
 
Aýagyň ýer tutsun baran ýeriňde, 
Aýagyň üstünde mäkäm dur, mäkäm. 
Göwnüň kiçi bolsun, 
Ýüregiň uly, 
Özgäni oýarma, özüň turmakaň. 
 
Ajaýypdyr döwür, gözeldir durmuş. 
Bahar güllerine göwnüň açylsyn. 
Şahandaz bol şahyrana jahanda
Toý tut, toýlaryňda şerap içilsin. 
 
Men saňa dil berdim, ajaýyp bir dil. 
Şol dilde eneler kakypdyr läle. 
Ata-babaň aýdym aýdyp şo diller, 
Ant içip, ar üçin çykypdyr ýola. 
 
Şo dil bilen hüwdülendiň, üwreldiň, 
Ony kalbyň kimin arassa sakla. 

Şo dil bilen alkyş oka, gargyş et, 
Şo dil bilen söwer ýary gujakla. 
 
E-j-e diýip, birenaýy dillendiň,  
Şeýle şirin bolsun zybanyň, oglum. 
Döwür ajaýypdyr. 
Has ajap bolsun, 
Goý, seniň ýaşajak zamanyň oglum! 
 
1969 ýyl. 

Yüklə 0,82 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin