Maddany ň gurlu


-nji TEMA ELEKTRIK TOGY BARADA DÜŞÜNJE



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə87/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   131
fizika 6 turkman

44-nji TEMA
ELEKTRIK TOGY BARADA DÜŞÜNJE. 
 
TOK ÇEŞMELERI
Jisimleriň elektriklenenligini «elektrometr» diýlip atlandyrylýan 
esbabyň kömeginde kesgitlemek mümkin (88-nji surat). Elektrometriň 
ýokarky bölegine metal şar oturdylan bolup, oňa metal steržen 
berkidilen. Metal sterženiň ikinji ujuna aýlanýan strelka oturdylan. 
Zarýadlanan taýajyk metal şara degrilse, taýajykdaky zarýadlar şara, 
ondan metal steržene we strelka geçýär. Steržen we strelka birmeňzeş 
amalatda zarýadlananlygyndan olar bir-birinden iteklenip gaçýarlar we 
strelka mälim burça gyşarýar.
88-nji surat. 
89-njy surat.
Şeýle tejribäni geçirip göreliň. Iki elektrometri alyp, olardan birini 
zarýadlalyň. Soňra olaryň şarlaryny metal çyzgyç arkaly bir-birine 
degreliň. Şonda 2-nji elektrometriň strelkasynyň hem açylýandygyny 
görýäris. Diýmek, metal steržen arkaly 1-nji elektrometrden 2-nji 


122
elektrometre zarýadlar akyp geçýän eken. Tejribäni metal sterženiň ýerine 
plastmassa steržen goýup gaýtalalyň. 2-nji elektrometriň strelkasy ýerinde 
galýar. Diýmek, plastmassa steržen arkaly zarýadlar geçmeýän eken.
Tejribeden aşakdaky möhüm netijäni çykarýarys.
Maddalar elektrik geçirmek ukybyna görä, 
geçirijilere 
we
 
geçirmeýänlere 
bölünýär. Ähli metallar, duzlaryň we kislo talaryň 
suwdaky erginleri geçirijilere girýär. Elektrik geçirmeýän maddalara 
we jisimlere 
dielektrikler 
diýip hem aýdýarlar. Dielektrik maddalara 
keramika, rezin, plastmassa, howa, arassa distillirlenen suw girýär. 
Dielektrik maddalardan ýasalan jisimlere 
izolýatorlar 
diýilýär.
Elektrik zarýadlarynyň bir tarapa tertipli hereketine 
elektrik togy
diýilýär.
Zarýadlanan bölejikler bir tarapa hereketlip bilmegi üçin olar 
erkin hereketde bolmaly. Ýokarda agzalyşy ýaly, atomyň daşky 
gabygynda ýerleşýän elektronlar goňşy atomlaryň täsirinde atomlaryň 
aralygyna geçip 

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin