46
Awtomobiliň tigiriniň
B
oky ýere görä göni çyzykly, diskindäki
A
nokar tigiriň
B
okuna görä egri çyzykly hereketde bolýar (21-nji surat).
Stadionda ylgaýan sportçynyň traýektoriýasy 1 we 2
aralykda egri, 3
we 4 aralykda göni çyzykly bolýar (22-nji surat).
21-nji surat.
22-nji surat.
Traýektoriýanyň şekli seredilýän sanaw jisimine görä dürlüçe
bolmagy mümkin. Meselem, Aýyň Ýere görä
hereketi töwerek
şeklinde bolsa, Güne görä çylşyrymly şekilde bolýar. Çünki Ýer
Aý bilen bilelikde Günüň töwereginde hereketlenýär. Edil şeýle
awtomobiliň dwigatelindäki sowadyjy perrigiň ujunyň hereket
traýekto riýasy dwigatele görä töwerekden ybarat bolsa, ýere görä wint
şekilli bolýar.
Hereketlenýän jisimi suratda aňlatmak hemişe-de amatly
bolmaýar.
Şoňa görä-de, traýektoriýanyň uzynlygy jisimiň
ölçeginden örän uly bolan ýagdaýlarynda, jisime
material nokat
hökmünde seredilýär.
Meselem, Daşkent den Buhara tarap uçýan
samolýota material nokat hökmünde seretmek bolar. Ýöne köprüden
geçip barýan otlyny material nokat diýip seretmek bolmaýar.
Material
diýilmeginiň sebäbi ölçegleri hasaba alynmasa-da, onuň massasy,
tizligi we başga fiziki ululyklary bolşuna galýar.
1. Mehaniki hereket diýip nämä aýdylýar?
2. Sanaw jisimi diýende nämäni düşünýärsiňiz?
3. Ýazýan mahalyňyzda ruçkaňyzyň ujunyň hereketi nähili
hereketde bolýar?
4. Hereketlenýän jisimlere material nokat hökmünde seret mek
mümkin bolan ýagdaýlar üçin mysallar getiriň.