Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə20/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
Hormatly Prezidentimiz: 
-
Watanyň beýik gelejegi, halkyň bagtyýar durmuşy üçin halal 
zähmet çekmek uly bagtdyr

 
“Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary terbiýelemek we 
mekdepde okamaga taýýarlamak, olarda öz-özüne hyzmat edip bilmek 
hem özüňi alyp barmak endiklerini kemala getirmek, türkmen dili we 
beýleki dilleri, bilimleriň ilki başky esasyny öwrenmek ýörite taýýarlanan 
milli maksatnamalar esasynda amala aşyrylyp, ol türkmen halkynyň 
asyrlaryň dowamynda emele gelen däp dessurlaryna laýyklykda, 
çagalaryň içki dünýäsini baý ene dilimiziň şertlerinde kemala getirmäge 
gönükdirilendir.” diýmek bilen bilim-terbiýeçilik işleriniň mekdebe çenli 
çagalar edaralarynda başlap kämilleşdirilmegini göz öňünde tutulýar. Bu 
günki körpe geljekki bilimli, ylymly, intellektual taýdan ösen, dünýä 
garaýyşly, hünärine ökde, döwletimiziň ykbalyny kesgitlejek, onuň 
ösmegine öz goşandyny goşjak hünärmen bolup ýetişmeli. 
 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
64 
13.
 
Çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmakda we söz 
goruny ösdürmekde gözegçiligiň we maksatly gezelenç guramagyň 
ähmiýeti. 
 

Çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmakda we söz goruny 
ösdürmek. 

Gözegçiligiň we maksatly gezelenç guramagyň ähmiýeti. 
 
Daş-töwerege syn etmekligi çaganyň öz otagyndan başlamak has-
da maksadalaýykdyr. Terbiýeçi ilki çagalar bilen otagyny synlaýar. 
Çaganyň zat barada belli bir anyk düşünjesiniň bolmagy üçin şeýle syn 
etmeler zerurdyr. Bu çagalar üçin içgysgynç bolmaly däldir. Çagany diňe 
zatlary we hadysalary synlamak kanagatlandyrmaýar. Olar daş-töwerek 
bilen hakyky aragatnaşykda bolmak isleýärler. Bu barada terbiýeçi 
elmydama ýadynda saklamalydyr, esasan-da, kiçi toparyň çagalary 
bilesigeliji bolýar. Gezelenç döwründe terbiýeçi daş-töwerek baradaky 
düşünjeleri giňeltmek we takyklamak bilen sözlügini baýlaşdyrýar, 
pikirlenmesini ösdürýär. Her bir alnyp barylýan iş söz bilen bilelikde 
alnyp barylmalydyr. Sözleýşi ösdürmek sapaklaryň her bir görnüşi arkaly 
amala aşyrylýar. Şu ýerden sapaklary geçirmegiň usulyýetine talaplar 
gelip çykýar. 


Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin