Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə16/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

lakgylyk
emele geler, sözüň 
manysyna üns bermezden lakgyldar ýörer. Bu ýagdaýlaryň ikisi hem 
çaganyň pikirlenmesiniň ösmegine ýaramaz täsir eder. 
Çaganyň öwrenen sözleriniň düzümine onuň daş-töweregindäkiler 
bilen aragatnaşykda bolmagyny üpjün edýän sözler bolmaly. Çaganyň 
sözlügine olaryň düşünmejek sözlerini saljak bolmaly däl. 
Çaganyň sözleriň ähmiýetine düşünmeginiň üstünde işlemek hem 
möhüm işleriň biridir. Sesler diňe bir manyny aňlatmaýarlar. Olaryň 
köpmanylylygyny heniz durmuş tejribesi bolmadyk çaga özleşdirip 
bilmeýär. Munuň özi mekdebe çenli döwürde çözülmeýän iş bolup, 
mekdep ýyllarynda ýuwaş-ýuwaşdan öz manysyna eýe bolýar. Çaga 
düşünjesi anyk we göni manyly sözleri özleşdirýär. Çagalaryň sözlüginde 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
53 
umumy düşünjäni aňladýan sözler bolsa-da, olara kesgitli derejede 
düşünýärler. Käbir ýagdaýlarda terbiýeçiniň ulanýan sözlerine hem 
çagalaryň düşünmeýän ýerleri bolýar. Terbiýeçiniň borjy çaga sözüň 
manysyna dogry düşünmegi we ony dogry ulanmagy öwretmekdir. 
Çagalar wagt düşünjelerinde köp ýalňyşlyklar goýberýärler. 
Çaganyň “Şu gün gitdim” diýmegiň ýerine “ertir gitdim”, “irden” 
diýmegiň ýerine “agşam” diýen düşünjeleri ulanýanlygyna gabat gelmek 
bolýar. 
Terbiýeçi çaganyň diňe söz gorunyň gerimini giňeltmek bilen 
çäklenmän, ondan peýdalanmagy öwretmelidir, sözleýşiň manyly 
bolmagyny gazanmalydyr. 
Sözlügiň baýlaşmagynyň esasy çeşmesi ulularyň sözleýşidir, ilkinji 
nobatda bolsa çaga bilim-terbiýe berýän terbiýeçiniň sözleýşidir. Çagalar 
sözleri we ony peýdalanmagy terbiýeçiden öwrenýärler. Olaryň özi näme 
gowy, näme dogry saýgaryp bilmeýärler, eşiden sözlerine öýkünýärler. 
Şonuň üçin terbiýeçiniň sözleýşi çagalar üçin nusga bolmalydyr. Ol öz 
sözleýşiniň, sözlük goruny baýlaşdyrmagyň üstünde işlemelidir. 
Çaganyň sözlügini baýlaşdyrmagyň ýene-de bir çeşmesi halk 
döredijiligi we çeper edebiýat bolup, ol ulularyň okap bermegi arkaly 
özleşdirilýär. Sözlük bilen işlemek daş-töwerekdäki durmuş ýagdaýlary 
bilen tanyşdyrmagyň aýrylmaz bölegi bolup, ol dürli usullardyr tärler 
arkaly amal edilýär. Şoňa görä-de, şu meselede ene diliniň ähmiýeti biçak 
uludyr. 
Mugallym, terbiýeçi çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny we olaryň 
öwrediljek maglumaty kabul etmek taýýarlygyny, olara öwretmek 
usulyny saýlamaly, sebäbi bir ýaşdaky çagalar üçin gyzykly zat beýleki 
bir ýaşdaky çagalary gyzyklandyrmazlygy ähtimal. 
Şol bir usuly her mugallym, her terbiýeçi dürli hili ulanyp biler, 
sebäbi bu ýagdaý terbiýeçiniň şahsy häsiýetine baglydyr. Islendik 
adamyň özüne mahsus ýetmezçiligi-de, artykmaçlygy-da bolup biler. 
Mundan başga-da şol usuly tapanyň özi-de dürli toparda dürli hili 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
54 
peýdalanar, sebäbi bu ýagdaý toparyň taýýarlygyna baglydyr. Şeýlelikde, 
islendik usuly durmuşa geçirmek üçin ony toparyň zerurlygyna 
uýgunlaşdyrmaly, köp halatda weli, güýçli ýa gowşak çaga görä ulanmaly 
bolýar. Şoňa görä-de usul elmydama maýyşgak bolmalydyr. Okatmagyň 
şertini üýtgetmek bilen usul hem üýtgäp biler. Usul dürli tärlerden 
ybaratdyr. 
Şoňa görä-de, çagalara turuwbaşdan ene dilimiziň aragatnaşyk 
serişdesidigini her bir sapakda düşündirmek möhümdir. Jemgyýet 
ösdügiçe, adamyň talaby hem özgerýär. Işe bolan yhlasy artýar, zehini 
daş . Adam mydama gözlegde. Dürli usullar peýda bolýar. Şol usullaryň 
biri-de multimedia tehnologiýalary arkaly okatmagyň interaktiw 
usullaryny ulanmakdyr. Bilim ulgamyna multimedia tehnologiýalarynyň 
ornaşdyrylmagy 
özüniň netijeli taraplaryny görkezip ugrady. 
Tejribelerden görşümiz ýaly, tehnologiýalar bilim ulgamynda 
maglumatlary düşündirmekde, öwretmekde täze-täze mümkinçilikleri 
açyp görkezýär. Multimediýa tehnologiýalary dürli görnüşdäki 
maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär we sapagyň gidişiniň has 
netijeli bolmagyny üpjün edýär. Bu ýagdaýda sapagyň gurluşy 
üýtgemeýär, gaýta mazmuny güýçlenýär, öwredilýän düşünjäniň bilim 
berijiligi, terbiýeleýjiligi, ösdürijiligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, okatmagyň 
netijeli tarapy ýüze çykýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda-da, 
başlangyç synplarda-da her bir sapakda berilýän maglumatlary 
öwretmekde tehnologiýalaryň ulanylmagynyň uly ähmiýeti bar. 
Tejribeler 
sapaklarda 
kompýuterden, 
interaktiw 
tagtalardan 
peýdalanylmagynyň berilýän maglumatlaryň özleşdirilişiniň has netijeli 
bolýandygyny görkezýär. 
Mekdep ýaşyna ýetmedik çaga öz deň-duşlary, uly adamlar bilen 
aragatnaşyk etmek mekdepde gowy okamak, çeper edebiýata, 
telewizorda we radioda berilýän gepleşiklere gowy düşünmek üçin belli 
bir derejede söz öwrenýär.


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
55 
5 ýaşly çagalara öwredilmeli aktiw sözleriň hataryna: gök önümler, 
miweler, iýmit, durmuşda ulanylýan zatlar, matalar, kagyzlar, agaçlar we 
ş.m. Çagalar öwrenen sözlerini terbiýeçiniň kömegi bilen topara bölmegi 
we dogry atlandyryp bilmegi başarmalydyr. 
Sözlik gorunyň germiniň giňemegi sözligiň baýlaşmagyna 
baglydyr. Çaga zatlar bilen tanyşmak arkaly atlar, sypatlar, işlikler bilen 
hem tanyşýar. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   12   13   14   15   16   17   18   19   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin