Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə24/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

çylşyrymlaşmagy. 
 

 
Dürli ýaş aýratynlykly toparlarda maksatnama laýyklykda 
gezelençler. 

 
Gözegçiligiň mazmunynyň çylşyrymlaşmagy. 
 
Maksatnamanyň maglumatlary esasynda mekdebe çenli döwürde 
çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmak bilen birlikde sözlük goruny 
baýlaşdyrmaklyga hem uly üns berilýär. Mekdebe çenli döwürde çaga irki 
ýaşlaryna garanyňda daş-töwerege bolan düşünjesini sözlük goruny 
baýlaşdyrmak bilen özleşdirýärler. 
Çaga her gün zatlar we hadysalar bilen gatnaşykda bolýar. Olaryň 
biri çaga tanyş bolsa, Biri nätanyş zatlardyr. Çagada ”bu näme?” diýmek 
bilen, bilesigrelijilik döreýär. Bu nähili atlandyrylýar? Näme üçin? 
Nämeden edilen? Çaga özüni gurşap duran zatlary bilmek, elläp görmek, 
anygyna ýetmek isleýär. Maşgalada ene-atalar düşündirse çagalar 
baglarynda terbiýeçi daş-töwerekdäki gurşaw bilen tanyşdyrylýar, 
çaganyň täsirlenmelerini baýlaşdyrýar, düşünjelerini tertipleşdirýär. Çaga 
durmuş tejribesine akyl ýetirmek arkaly bolýar. Akyl ýetirme näme? Çaga 
görýär eşitýär, duýýar. Ol özüniň duýgy agzalary arkaly görýän zatlaryny 
düşündirýär. Akyl ýetirme – bu duýgy agzalaryna täsir etmek arkaly 
hakykatyň adam aňynda şöhlelenmesidir. Akyl ýetirmäniň ösüşi – bu 
duýgylaryň ösüşi. Şonuň netijesinde hem çagada daş-täwerege bolan 
düşünje kemala gelýär,ösýär. 
Daş töwerek bilen tanyşlyk diňe akyl ýetirmek bilen tanşdyrylanda 
öz manysyna doly eýe bolup bilmez. Çaganyň durmuş hakykatyna göz 
ýetirmeginde sözüň güýjüniň täsiri uludyr. Durmuş hakykaty bilen 
tanyşlyk oňa düşünmek söz arkaly beýan edilende duýgularyna täsir 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
70 
etmek bilen çagada daş-töweregine, adamlara bolan guwanç duýgylaryny 
oýarýar hem-de sözlük goruny baýlaşdyrýar. 
Maksatnamada dürli ýaş toparlaryna sözleýşini ösdürmek boýunça 
ýörite sapaklar berilýär:”Daş-töwerek bilen tanyşdyrmak we sözleýişi 
ösdürmek”,”Çeper edebiýat”,”Ene dili”. Daş-töwerek we tebigat bilen 
tanyşdyrmak” sapaklarda çagalara predmetler onuň işi, alamatlary 
beýleki zatlar bilen gatnaşygyna syn edilýär, sorag-jogap alşylýar. 
Terbiýeçiniň we ata-eneleriň sözleýşinde çagalaryň görýän 
zatlaryny atlandyrmagy olaryň söz baýlygyny, diologik we monologik 
sözleýşini ösdürýär. Çeper edebiýat sapagynda çagalaryň sözleýşiniň 
esasy çeşmesi terbiýeçiniň olara okap berýän ýa-da aýdyp berýän çeper 
eserleri bolup durýar.
Terbiýeçi ýa-da mugallym syn etmegiň üsti bilen özüne gerek bolan 
birnäçe maglumatlary toplap biler. Bir gezek syn edip, belli netije 
çykarmak bolmaz, şonuň üçin syn edýän zadyňy 4-5 gezek synlap, 
öwrenip, utgaşdyryp, belli bir netije çykarmaly. Çaga ýa-da okuwçy 
özüniň synlanylýanyny, gözegçilik edilýänini bilmeli däldir. Syn, 
gözegçilik edýäniň takyk meýilnamasy bolmalydyr. 
Daşky gurşawy goramagy öwretmek barada berilýän ilkinji 
düşünjeler kiçi ýaşly çagalaryň mekdep okuwyna taýýarlykly gelmegine 
hem ýardam edýär. 
Çagalar tebigata gezelenje çykanlarynda daş-töwerekdäki gözellige 
olaryň ünsüni çekip, gözellige düşünmekligi gazanmak möhüm işleriň 
biri bolup durýar. Çagalarda gezelenç döwri daş-töwerek bilen tanyşmak, 
gözelligi görüp, duýup bilmek endigi ösýär. Her bir şahsyýet gözelligi her 
hili duýýar. Çagalarda gezelençler olaryň daş-töwerek bilen 
tanyşmagyna, tebigat baradaky düşünjeleriniň kemala gelmegine
duýgularynyň ösmegine ýardam etmek bilen aň derejesiniň 
kämilleşmegine getirýär.
Aýry-aýry sözleriň, sözlemleriň belli bir ugur, tema boýunça bir 
ulgama birleşmegi baglanyşykly sözleýişdir. Onuň 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin