MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
74
15.
Dürli ýaşly toparlarda çagalara gürrüň bermegi öwretmekde
suratlary synlamak we derňemek.
Dürli ýaşly toparlarda çagalara gürrüň bermegi öwretmek.
Suratlary synlamak we derňemek
Dürli suratlaryň
çagalaryň sözleýşini ösdürmekde we
baýlaşdyrmakda ähmiýeti uludyr. Her bir terbiýeçi öz işleýän döwründe
köp sanly suratlary toplamalydyr. Çagalar bagynyň usuly otagynda aýry-
aýry temalar boýunça suratlar toplmyny ýygnaýarlar. Terbiýeçiler şol
suratlary peýdalanyp ýenede usuly otagda goýýarlar. Meselem: Ýabany
haýwanlary, öý haýwanlary öý-çeşlary,geýimler güller we ş.m. Bulardan
başgada Terbiýeçide 10-sany suratlar toplumy reňkli
uly görnüşde çap
bolup çykdy. Ol suratlar ýurdumyzyň durmuşyndan çekilen suratlary
tagta asyp goýup çagalar bilen sorag-jogap alyşýarlar. Soňra 1-2 çaga
yzygiderli hekaýa görnüşli gürrüň edýär. Çaga berlen soraglar düşnükli
we anyk bolmalydyr.
Kompýuterde, interaktiw tagtalarda reňkleriň, sesleri çyzgylaryň,
hereketleriň peýdalanylmagy bilen dürli görnüşlerini şekillendirilmegi
çagany özüne çekýär, öwredilýän maglumata ünsi gönügýär. Çaga
dünýäsi oýny talap edýär. Şu nukdaýnazardan, kompýuterde, interaktiw
tagtada berilýän ýumuşlaryň oýun görnüşinde bolmagy has hem öziine
çekijidir Bu ýerde bize halk döredijiligimiz örän ýakyn kömekçi bolup
durýar. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda “Milli
bilim
ulgamymyzyň dünýä ylym-bilim ulgamy bilen sazlaşýan we ata-
babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy, ahlak,
dünýägaraýyş. Pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän aýdyň
ýörelgesi bolmalydyr" diýýär. Halk döredijiligimiz öz döwründe
terbiýäniň her bir ugry boýunça iş alyp
barmakda uly mekdep bolup
hyzmat edipdir. Biziň hem bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
75
işleri dünýä derejesine laýyklaşdyryp, öz milli köklerimiz esasynda
guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde
terbiýelemek baş wezipämiz bolup durýar. Şeýle usulda taýýarlanan bir
slaýdyň üstünde durup geçeliň.
Dostları ilə paylaş: