Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə29/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

16.
 
Daş-töwerekdäki zatlara syn etmek we olaryň atlary 
bilen tanyşdyrmak sapagy. 
 

 
Daş-töwerekdäki zatlara syn etmek. 

 
Olaryň atlary bilen tanyşdyrmak sapagy. 
Daş-töwerek bilen tanyşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler 
çagada adamlara, öz ýaşaýan ýerine, mähriban tebigatyna bolan söýgi 
duýgylaryny oýarmaly, daş-töwerege akyl ýetirmeli, çaga şatlyk 
getirmeli. Çagalar baglarynda çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmak 
maksatnama esasynda sapaklar arkaly amala aşyrylýar. Terbiýeçi bu işleri 
yzygider meýilnamalaşdyryp durýar. Bu sapaklaryň gidişinde sözlik bilen 
işlemek alynyp barlyp, ol işler çaganyň sözlik gorunyň baýlaşdyrmagyna, 
geriminiň giňelmegine ýardam edýär. 
Sözleýşi ösdürmek boýunça ýörite sapaklar çagalaryň 3 ýaşynda 
geçirilip başlanylýar.Munuň maksady çaganyň erkin gepleşip bilmegini, 
sözleýşi gepleşigiň hem-de düşünjäniň serişdesi hökmünde şeýle hem 
özüni alyp baryşyny sazlap bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Sapakda 
çagalar terbiýeçi bilen iş alyp barýarlar görkezme esbaplar esasynda 
gürrüň edipbilýärler (kinofilmler gürrüň edip bermek, diňlemek, gürrüň 
bermek). Öwrediji oýunlary oýnamak, bilelikde aýdym aýtmak bilen 
olary gezekli-gezegine geplemegi öwrenýärler. Sapaklarda çagalar täze 
düşünjeleri alýarlar (täze söz onuň gramatik gurluşyn-da aňladýan maysy) 
sözüň üsti bilen berlen ýumuşlary ýerine ýetirýärler, öz işlerini 
bahalandyrmagy öwrenýärler. Sapaklarda çagalara tertipli bolmagy 
öwredýärler. Çagalar bagynda okatmagyň we terbiýelemegiň 
maksatnamasyndaky ”Sözleýişi ösdürmek sapagy” çagalaryň sözleýşine 
üns bermegi, ýuwaş-ýuwaşdan öz sözleýşiniň hilini bahalandyrmagy 
maksat edinýär. Daş-töwerege syn etmekligi çaganyň öz otagyndan 
başlatmak has-da maksadalaýykdyr. Terbiýeçi çagalar bilen topar 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
79 
otagyny synlaýar. Çaganyň zat barada belli bir anyk düşünjesiniň 
bolmagy üçin şeýle syn etmeler zerurdyr. Bu çagalar üçin içgysgynç 
bolmaly däldir. Çagany diňe zatlary we hadysalary synlamak 
kanagatlandyrmaýar. Olar daş-töwerek bilen hakyky aragatnaşykda 
bolmak isleýärler. Bu barada terbiýeçi elmydama ýadynda saklamalydyr, 
esasan-da, kiçi toparyň çagalary bilesigeliji bolýar. Gezelenç döwründe 
terbiýeçi daş-töwerek baradaky düşünjeleri giňeltmek we takyklamak 
bilen sözlügini baýlaşdyrýar, pikirlenmesini ösdürýär Her bir alnyp 
barylýan iş söz bilen bilelikde alnyp barylmalydyr. Sözleýşi ösdürmek 
sapaklaryň her bir görnüşi arkaly amala aşyrylýar. Şu ýerden sapaklary 
geçirmegiň usulyyetine talaplar gelip çykýar: 


Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   25   26   27   28   29   30   31   32   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin