Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti


Öwrenijilik işleriniň ösüşiniň sözlügiň ösüşi bilen birligi.  



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə21/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
Öwrenijilik işleriniň ösüşiniň sözlügiň ösüşi bilen birligi. 

 
Sapak döwründe öwrenijilik we sözleýiş işjeňliginiň maksatlaýyn 
guralyşy. 

 
Sözleýiş we öwrenijilik işjeňliginiň görkezme esbaplylygy. 

 
Her bir sapakda sözlük işiniň ähli meseleleriniň amal 
aşyrylyşynyň birligi. 
Mekdebe çenli döwürde çaga öz deň-duşlary, ulular bilen gepleşer 
ýaly, mekdepde üstünlikli okar ýaly, edebiýatlara, tele we radio 
gepleşiklere düşüner ýaly derejede sözlüge eýe bolmaly. Şonuň üçin hem 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
65 
mekdebe çenli pedagogika çagalarda sözlügiň ösüşine sözleýşiň 
ösmeginiň möhüm meseleleriniň biri hökmünde garaýar. Dildäki sözleriň 
hemmesi birlikde diliň sözlük düzümi bolup, onuň özeni esasy sözlük 
gorumyzdyr. Çagalarda tebigata bolan söýginiň kemala gelmegi üçin 
tebigata gezelençleriň ähmiýeti uludyr. Çagalar bilen alnyp barylýan 
işleriň netijesinde tebigata söýgi duýgulary kämilleşýär. Ol söýgi 
duýgularyny gaýtalamak sapaklaryny geçmek bilen berkitmek bolar. Bu 
gaýtalamak sapaklarynda çagalar bilen syn etmeleriň, gezelençleriň, 
okuw gezelençleriniň netijesinde gören zatlary barada söhbetdeşlik 
guralýar, sorag jogap alşylýar, öwrenen goşgulary, aýdymlary, nakyllary 
aýtdyrylýar. Gören, synlan geň-enaýy wakalaryny surat ýüzüne 
geçirtmek arkaly syn etmegiň netijesinde ýatda galyjylyk, göz öňüne 
getirip bilmek endikleri, başarnyklary barlanylýar. Çagalaryň çeken 
suratlarynyň esasynda toparyň içinde ene-atalaryň gatnaşmagynda sergi 
guralýar. Soňra “Körpe tebigaty söýüji”diýen ýaryş yglan edilip, çagalar 
bagynyň çäginde ýaşajyk suratçylaryň sergisi geçirilýär. Ol sergä başga 
çagalar baglaryndan hem myhmanlar çagyrylýar. 
Çagalar daş-töwerege gezelenç etmek bilen predmetleri, adamlary 
synlap her bir zadyň şahsy aýratynlygyny öwrenmelidirler. Formasy, 
reňki, ululygy barada düşünje artdyrmak predmetler tanyşmak etaplaýyn 
geçirilýär. 


Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin