T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Gurbandurdy Gurbansähedowyñ döredijiligi



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə27/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Gurbandurdy Gurbansähedowyñ döredijiligi
(1919-1992)
Terjimehal maglumatlar. Zehinli prozaçy hem şahyr Gurbandurdy Gurbansähedow 1919-njy ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar.
G.Gurbansähedow ilki oba mekdebinde okaýar, 1937-nji ýylda Daşkentdäki türkmen pedtehnikumyny, 1941-nji ýylda Aşgabatdaky M. Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet pedatogik institutyňyň filologiýa fakultetini gutarýar. Şondan soň hem onuň döredijilikli işi başlanýar.
1941-42-nji ýyllarda SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filiýalynyyň ylmy işgäri, 1942-44-nji ýyllar aralygynda Daşoguz Mugallymçylyk institutynyň mugallymy, «Daşhowuz kolhozçysy» welaýat gazetiniň işgäri wezipelerinde zähmet çekýär. «Ýaş kommunist», «Sowet Türkmenistany» gazetleriniň redaktory wezipelerinde işleýär. 1950-nji ýylda Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna saýlanýar we oňa 1955-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy G. Gurbansähedow edebi döredijilik we jemgyýetçilik işleri üçin Döwletiň ençeme orden-medallary bilen sylaglandy. Ol 1992-nji ýylda aradan çykdy.
Döredijilik häsiýetnamasy. G.Gurbansähedow edebi döredijilik işine şahyr hökmünde başlaýar. 1947-nji ýylda onuň goşgular ýygyndysy «Soldat gaýdyp geldi» diýen at bilen neşir edilýär.
Edebiýat taryhynda ene barada köp şahyrlar köp goşgulary vazdylar. Emma G.Gurbansähedowyň «Ene» goşgusy akgynlylygy, çuň manylylygy, çeperçiligi taýdan saýlanyp dur:
Soranmyş bir mahal Aý Güne bakyp:
-Dünýäniň görki nä, aýdyp bersene!
Gün hem diýenmişin nuruny dokup:
-Dünýäniň bar görki Enedir, Ene.
Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyň taýsyz gahrymançylygyna bagyşlanyp, 1943-nji ýylda ýazylan «Ot içinde dörän gahryman» diýen balladasy köpçüligiň arzyly eserine öwrüldi.
G.Gurbansähedowyň ikinji goşgular ýygyndysy «Baglaryň täji» ady bilen 1962-nji ýylda neşir edilýär. Şahyryň bu ýygynda giren goşgulary parahatlyk döwrünin dünýägaraýşyna ýugrulypdyr. Olaryň, tematiki ýaýraýaynyýa gindigini «Pagtaçy dostuma» (1957), «Baglaryň täji» (1960), «Zähmetdir bezegi ähli ylsanyň» (1960), ýaly şahyrana hyjuw siňdirllen şygyrlaryň atlary hem aýdyp dur.
Ýazyjy ençeme proza, drama eserlerini ýazýar. Dürli ýyllarda onuň çagalar, ýaşlar we uly ýaşlylar üçin «Baglaryň bagy», «Akmak patyşa», «Kyrk teňňe», «Ýürek daş däl», «Suraý», «Çakylyk», «Mähriban adam», «Söýseň» atly kitaplary okyjylara gowuşýar. Ol oba adamlarynyň, türkmen intelligensiýasynyň durmuşyndan söz açýan çeper hekaýalaryň ençemesiniň awtorydyr. Ýazyjynyň hekaýalary rus diline we beýleki halklaryň dillerine terjime edildi.
Ýazyjynyň döýrüň wakalaryna seslenýän „Gar―, „Mirabyň düýşi―, „Sergezdan―, „Meniň kimdigimi bilýärmiň?―, „Biziň köçämizde―, „Mähriban adam―, „Telefon jyňňyrdysy― atly hekaýalarynda orta atylýan meseleler okyjyny çynlakaý oýlanmaga mejbur edýär, ruhuna täsirini ýetirýär.
G.Gurbansähedowyň döredijiliginde «Toýly Mergen» romany aýratyn orun tutýar. Sowet zamanyndaky nogsanlyklar barada şol döwürde batyrgaýlyk hem-de çeperçilik bilen ýazylan bu eser ýazyja abraý getirdi.
Ýaşuly başlyk Toýly Mergen köp ýyllardan bäri uly kolhoza ýolbaşçylyk edýär. Eseriň süňňüne seredip baha kesseň, Toýly Mergeniň aslynda ýaramaz adam däldigi belli bolýar. Ol kolhozyň gurply hojalyga öwrülmegi üçin tagalla baryny edipdir. Halallygy halaýan, päk ýürekli, işine ökde, il-günüň hormatyny gazanan halypa başlyk ynanjaňlygy bilen käbir kemçiliklere, säwliklere ýol beripdir. Öz garyndaşlarynyň kolhozda amatly ýerlerde işlemegine we jogapkärçilik duýmazlygyna Toýly Mergen wagtynda üns bermändir. Sular ýaly günäler bilen kolhozçylaryň umumy ýygnagy Toýly Mergeni kolhoz başlyklygyndan boşadýar. Toýly Mergen öz günälerini mertlerçe boýun alýar, olary düzetmek barada pikirlenýär.
Ýazyjy Toýly Mergeniň öz ýalňyşlaryna dogry düşünmegi üçin mümkinçilik döredipdir. Onuň öz wyždanynyň öňünde hasabat berýän pursatlaryny gahrymanyň täzeden galkynmagy, özgermegi hökmünde baha beripdir.
Tejribeli, päk ýürekli başlygyň öz ýalňyşlyklaryna dogry düşünmegi, ol hakda akylly-başly pikirlenmegi onuň ynsabynyň arassadygyny görkezýär. Sol ynsap hem ony öz erkine goýmaýar. Ol öz ýalňyşlaryny basym ýuwmaga howlugýar. Partkomyň kätibi Muhammet Garlyýewiň aladasy bilen kolhozda brigadir edilip bellenensoň, ol öz ýalňyşlaryny düzetmek üçin hyjuw bilen topulýar. Ol ýeňil gazanja kowalaşyp, öz hünärini taşlap, şäherde bufetçi bolup işleýän ogly Aman bilen örän berk gürleşýär, ony kolhoza getirip, pagta ýygýan maşyna mündürýär. Sary, Orazmämmet, Gaýly Gyşyk ýaly ýeňil eklenjiň ýesirlerine öwrülen garyndaşlaryna-da juda gazaply çemeleşýär.
Toýly Mergeniň bu hereketleiri, hyjuwlylygy ol adamyň ruhy taýdan barha özgerýändigini, kämilleşýändigini aňladýan delillerdir.
G.Gurbansahedow 60-njy ýyllarda kino sungaty bilen gyzyklanyp, kinosenariler hem ýazyp başlady. Onuň gatnaşmagynda «Aýratyn tabşyryk», «Şahyryň edermenligi», «Gämiçiniň jany bir», «Çöl» diýen çeper filmler döredildi .
«Aýratyn tabşyryk» filmi raýatlyk urşunyň wakalary barada söhbet açýar. Filmde halk köpçüliginiň gaýduwsyz göreşine aýratyn üns berilýär. Filmde gahrymanlaryň birnäçesiniň obrazlary şowly döredilipdir. Bu film temasynyň wajypjygy hem-de derwaýyslygy bilen tapawutlanýar. Bu özboluşly filmde adam ykbalyna biparh garamak iň ýaramaz gylyk hökmünde berk tankyt astyna alynýar.
Kino sungaty bilen ýakyndan gatnaşmak, kinosenariler ýazmak G. Gurbansähedowyň döredijilik gerimini ýene bir gez ýokary göterdi. Ol soňky ýyllarda dramaturgiýa zanryna hem aralaşyp gitdi. G. Gurbansahedow sähel wagtyň içinde biziň, dramaturgiýamyza önjeýli goşant goşdy. Onuň dramalary Mollanepee adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň, Marynyn Kemine adyndaky teatrynyn hem-de Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahnasynda goýuldy. Ýazyjynyň «Azaşan ýigit» (1964), «Hang» (1966), «Jennet» (1966), «Duzuň tagamy» (1967), «Dökülmedik gan» (1968), «Tawus» (1975), ―Meňli‖ (1980) atly pýesalary öz döwründe türkmen dramaturgiýasyna abraý getirdi.
G.Gurbansähedowyň dramaturgiýasynda «Hang» dramasynyň aýratyn orny bar. Bu sahna eserinde gahryman Wýetnam halkynyň öz azatlyty ugrunda amerikan imperia-lizmine garşy alyp baran gahrymançylykly göreşi barada gürrüň berýär.
Wýetnamyň gahryman gyzy Hang we onuň töweregini gurşap alan ýoldaşlary öz halkyna tuýs ýürekden berlen, amerikan agressorlaryny jany-teni bilen ýigrenýän watansöer adamlar bolup, pýesanyn üns merkezinde durýar. Pýesada olaryň göreşi, aýratynam partizan gyz Hangyň öz boýnuna alan kyn hem-de hormatly borjuny ýerine ýetirişi, agyr kynçylyklara, çylşyrymly synagdara hötde gelşi ynandyryjylykly suratlandyrylypdyr. «Hang» pesasy başdan aýak internasionalizm duýgusyna ýugrulmak bilen jenlarazlaryň gara niýetini paş edýän eserdir.
«Jennet» (1906) pýesasy söýgi temasyna bagyşlanan hem bolsa, ýazyjy ol temany teswirlemekde öz döredijidigine mahsus bolan aýratyn-lzilardan ugur alýar.
G. Gurbansähedow edebi terjimeçilik işi bilen hem meşgullandy. Ol rus şahyrlary A.S.Puşkiniň, N.A.Nekrasowyň, M.Ý.Lermontowyň, azerbaýjan şahyrlary Samed Wurgunyň, Wagyfyň, ermeni şahyry Saýat Nowanyň, özbek şahyrlary Hamzanyň, Hamid Alimjanyň, kubaly şahyr Nikolas Gilýeniň, ukrain şahyry Iwan Frankonyň, koreý şahyrlarynyň goşgularyny, daşary ýurt ýazyjylarynyň birnäçesiniň drama eserlerini türkmençä terjime etdi. Ýazyjy ençeme edebi-tankydy makalalary ýazýar, edebiýatdan okuw kitaplaryny we hrestomatiýalary taýýarlamaga gatnaşýar.
G.Gurbansähedow ömrüniň soňky ýyllarynda «Kärizden çykan adam», «Kesekiler» hekaýalaryny ýazdy. Bu hekaýalarda 1937-1938-nji ýyllarda Türkmenistanda bolup geçen pajygaly wakalar barada dogruçyllyk bilen täsirli gürrüň berilýär.
Köptaraply döredijiligi bilen türkmen edebiýatyna mynasyp goşandyny goşan G.Gurbansähedowyň kämil çeperçilik ussatlygy ýazyjyny edebiýatymyzyň hakyky halypalarynyň birine öwürdi.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin