Mämmet Seýidowyň ömri we döredijiligi (1925-1982) Terjimehal maglumatlar. Türkmen şygryýetine mylaýym lirikasy bilen giren ussat şahyr M. Seýidow 1925-nji ýylda Bäherden etrabynyň Durun obasynda garyp maşgalada dünýä inýär. Dört-bäş ýaşyna ýetip-ýetmänkä ene-atadan mahrum bolup, çagalar öýünde terbiýelenýär.
Şahyr Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlap, ilki «Sowet Türkmenistany» gazetinde (1952-1954), soňra «Sowet edebiýaty» žurnalynda (1954-1964), Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde zähmet çekýär.
Soňky ýyllarda şahyr „Garagum― («Sowet edebiýaty») žurnalynda bölüm müdiri bolup işledi.
Zehinli, guýmagursak şahyr 1982-nji ýylda biziň aramyzdan gitdi. Türkmen edebiýatyny ösdürmekde önjeýli goşandyny göz öňünde tutup, Garaşsyzlyk ýyllarynda oňa Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berildi.
Döredijilik häsiýetnamasy.Şahyr döredijilige 1945-nji ýylda başlaýar. Onuň ilkinji goşgular ýygyndysy «Aşgabat gülleri» diýen at bilen 1950-nji ýylda neşir edilýär.
M. Seýidowyň «Atalaryň ýodasy», «Goşgular», «Meniň hazynam», «Oba ertekisi», «Çöl rowaýaty», «Durun mukamy», «Bahar gündeligi», «Bahar bilen duşuşyk», «Bäşinji okean», «Liriki fantaziýa», «Seniň yşkyňda», «Iki desse gül» atly goşgular, poemalar ýygyndylary dürli ýyllarda neşir edildi.
Mämmet Seýidow dürli temalardan söz açýan poemalaryň onlarçasyny, goşgularyň ýüzlerçesini döretdi. Ol öz eserlerinde Watanymyzy, türkmen halkynyň baý, şöhratly taryhy geçmişini, ata-babalarymyzyň mertligini, milli däp-dessurlaryny, beýik şahsyýetlerimizi, türkmen tebigatynyň gözelligini, ösümlik, haýwanat dünýäsini, mährem enelerimizi, parasatly ýaşulularymyzy, gözel gelin-gyzlarymyzy, jadyly aýdym-saz sungatymyzy, türkmen bedewini, türkmen halysyny, ajaýyp ynsan häsiýetlerini... joşgunly wasp edýär.
M.Seýidow uruş we parahatçylyk, söýgi, tebigaty goramak we beýleki temalardan-da köp goşgular döretdi. M. Seýidow döwür bilen deň gadam uran, döwrüň sesine ses goşan şahyr. Şahyr dogduk mekanyny -türkmen sährasyny ak süýt beren eziz enä deňeýär:
Gözüm açyp janym enem diýdigim,
Ýaýlam, seniň waspyň etsin tüýdügim,
Gudraty bar sende ene süýdüniň,
Meniň sahy, meniň nurana sähram.
Şahyryň iňňän duýgur hem ýuka ýürekli liriki gahrymany tebigaty gözüň göreji ýaly goramagy ündeýär. Bu liriki gahryman haýwanlara, ösümliklere şikes ýetirýänleri öz Watanynyň, öz iliniň gözelligine zyýan ýetirýän erbet adamlar hökmünde ýazgarýar. Şahyr türkmen tebigatynyň gözel keşbini ussatlyk bilen janly görnüşde bermegi başardy. Bu meselede onuň liriki gahrymanynyň sözleri ýürekden çykýar, ynandyryjy eşidilýär. Şahyr tebigaty edil janly ynsan ýaly göz öňüne getirýär we ynsan ýaly kabul edýär.
Şahyr öz döredijiliginde akyldar-danalaryň pähim-paýhaslaryny, halk nakyllaryny, rowaýatlardyr tymsallary ussatlyk bilen peýdalanýar. Halk pähim-paýhasyna ýugrulan çuň pelsepeler, jaýdar meňzetmeler eseri bezeýär, ondaky aýdyljak, nygtaljak bolunýan pikiriň okyja has-da anyk, has-da aýdyň ýetmegine hyzmat edýär.
Liriki gahryman öz garaýyşlaryny orta atanda gadym zamanlarda ýaşap geçen danalaryň ýa-da öz atasynyň adyndan hem bermegi ussatlyk bilen başarýar:
Atam şeý diýerdi:
«Il-güni aldap
Gezmeli dünýäde gezmegin, oglum.
Aglanyňda merdiň ýanynda aglap,
Namartdan gözýaşyň gizlegin, oglum.
Ýola çykma dostuň kimligni bilmän,
Suwa girme suwuň çuňlugny bilmän,
Ýalandan ýylgyrman, ýalandan gülmän,
Sözläňde çynyňy sözlegin, oglum...»
Şahyr dana ýaşulularyň -atalaryň adyndan gürlemek tärini ilkinjileriň hatarynda poeziýa getirdi. Goşguda pikirler akyldar-danalaryň ýa-da ýaşulularyň adyndan berlende onuň täsirliligi, ynandyryjylygy has-da artýar.
«Işi düşen bendäň işin düzedip,
Jomart boljak bolma ile göz edip,
Ekmedik bagyňa eliň uzadyp,
Şol bagyň miwesin üzmegin, oglum.
Toprakdan aýama maňlaý deriňi,
Ajam bolsaň, belent tutgun seriňi,
Özüň büdräp, öz ýykylan ýeriňi,
Il büdremez ýaly düzlegin, oglum...»
Şahyr öz goşgularyny dürli formalarda döretdi. Sekizleme, rubagy, bent görnüşleri onuň döredijiliginde juda beletlik bilen işledildi. Şahyryň many-mazmun, pähim-paýhas ýüki ýetik, az sözde uly many aňladýan çeper rubagylary oňa şöhrat getirdi.
Mämmet Seýidowyň dürli temalardan ýazylan birnäçe poemalary hem bar. Şahyryň «Ilkinji» poemasynda ilkinjileriň biri bolup bilim alan, erkek adamlar bilen bir hatarda orak orup, suw tutup, zähmetsöýerligiň ajaýyp nusgasyny görkezen zenan hakda söhbet açýar. «Mugallym gelin» poemasy mugallymyň işi, durmuşy, çaga terbiýesi meselelerine bagyşlanýar. «Onuň ömür beýany» poemasynda döwrüň uly gurluşyklarynda, täze ýerleri açmakda ýaşlaryň bitiren işleri barada gürrüň berilýär.
Şahyryň tebigaty goramak, oňa zyýan ýetirmezlik meselesini gozgaýan «Harasat» poemasy hem-de ýangyn söndürijileriň durmuşyndan söz açýan «Meniň goňşym» poemasy türkmen şygryýetinde heniz gozgalmadyk ýa-da gozgalaýsa-da, heniz iri göwrümli eser ýazylmadyk özboluşly temalarda döredilipdir.
Şahyryň «Magtymguly» poemasy beýik akyldar şahyrymyza bagyşlansa, «Atdan şofýor», «Oba ertekisi», «Çöl rowaýaty» poemalarynda Garagum çölüne suw eltmek, Garagum kanalynyň gurluşygy, obanyň gahrymançylykly geçmişi, onda bolup gecýän özgerişler, obanyň ajaýyp adamlary, olaryň eşretli ýaşaýyş-durmuşy, ýaşlyk, söýgi barada şahyrana oýlanmalaryň üsti bilen söz açýar. «Açyk alyslar» poemasynda Garagum Çölüniň jöwzaly tebigaty, Garagum kanalynyň gurluşygynyň gahrymanlary baradaky şahyrana söhbet has ýaýbaňlaiıdyrylýar.
Şahyr «Halyçy gyz Aýbölek» poemasynda türkmeniň nepis haly sungaty we onuň ussatlary barada gürrüň berýär.
M. Seýidowyň «Gülsenem eje» poemasynda ogluny urşa ugradan enäniň ýürek hasratlary, urşuň adamzadyň başyndan inderen külpetleri aýdyň beýan edilýär.
«Bäşinji okean» poemasynda Beýik watançylyk urşuna gatnaşan türkmen uçarmanlarynyň görkezen edermenlikleri çeper teswirlenýär.
«Akmaral» poemasynda uruş ýyllarynda ata-eneden jyda düşen poltawaly gyzjagazyň Türkmenistandaky soňky ykbaly barada täsirli söhbet açylýar.
Şahyryň «Jepbar we dutar», «Bagşy», «Gulbaba», «Durun mukamy» poemalary jadyly aýdym-saz sungatyna, onuň görnükli wekilleriniň durmuşyna bagyşlanandyr.
«Durun mukamy» poemasy şahyryň obadaşy -Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Durun obasynda dünýä inen sazanda Şamyrat Gurbannepesowa bagyşlanýar. Eserde ussat sazandanyň manyly ömri, türkmen saz äleminde ýeten derejesi barada täsirli gürrüň berilýär.
Şamyrat otuz ýaşyndan ýaňy geçende 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde heläk bolýar.
Ussat sazanda çagalygyndan aýdym-saza höwesek bolýar. Ol 7-8 ýaşlaryndan başlap toý-meýlislerde oba adamlaryna saz çalyp beripdir.
Şamyrat Türkmen döwlet filarmoniýasynda işlän döwri aýdym-sazymyzyň uly ussatlary Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow dagy saz çalşyny diňläp, oňa uly baha berýärler:
Diňläp körpe sazandanyň sazyny,
Ine, şonda Sahyň beren bahasy:
„Kel bagşydan galan ajap daragtyň
Ösüp gelýär ýene-de bir şahasy...―
Ussat sazanda hem-de zehinli kompozitor Şamyrat Gurbannepesowyň döreden «Höwesim», «Bäherden mukamy», «Durun mukamy» ýaly ajaýyp sazlary diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem dünýäniň dürli ýurtlarynda hem belent ýaňlanýar. Bu barada poemada şeýle setirler bar:
Zal doňup dur, ýaňlananda «Höwesim»,
Zal gaýnap dur, gutaranda «Höwesim»,
Geň galdyrmak başardaýmaz her kime
Hindileri mukamlaryň dünýesin.
El çarpypdy bu mukama Aziýa,
Ýewropa-da, Afrika-da çarpypdy.
Giň ummanyň jümmüşinde gizlenen
Ençeme halk, ençe adam çarpypdy.
Il-gününe şahyrana ylhamy bilen jan-dilden hyzmat eden şahyr çagalar üçin hem ençeme kitaplar döretdi. Onuň «Kitaply oglan», «Dostlar», «Çoluk», «Gijeki myhman», «Arzygülüň hiňňildigi», «Arzygülüň gezelenji», «Ussa Halat», «Sakçynyň kümesinde», «Altyn Aý» ýaly goşgular we poemalar kitaplary ýaş okyjylaryň uly höwes bilen okaýan ýygyndylatyna öwrüldi.
Okyjylara sowgat beren «Kesearkaç» romany M. Seýidowyň proza žanrynda şowly synanyşygydyr.
Dürli ýyllarda M. Seýidow çeper terjimede-de güýjüni synap gördi. Ol A.S.Puşkiniň, M.Ý.Lermontowyň, Abaýyň, Gafur Gulamyň, Aýbegiň köp sanly goşgularyny, Şekspiriň sonetlerini, «Şanamadan» bölekleri, A. Täjibaýewiň «Abyl», M. Tursunzadanyň «Hasan Arabakeş», «Aziýanyň owazy» poemalaryny özboluşlylyk bilen okyjylara ýetirdi. Onuň terjimesinde täjik ýazyjysy Sadreddin Aýniniň «Buhara», azerbaýjan şahyry Jahan Efruzyň «Iki ene» kitaplary türkmen dilinde neşir edildi. Ol şahyr Anna Kowusow bilen bilelikde Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» poemasyny türkmen diline terjime etdi. M. Seýidow gowy terjimeçi hökmünde-de edebiýatymyzyň taryhyna girdi.