Halyl Kulyýewiň ömri we döredijiligi (1936-1978) Terjimehal maglumatlar. Türkmen poeziýasynyň ýalkymly ýyldyzlarynyň biri, zahinli şahyr Halyl Kulyýew 1936-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Birata etrabynda eneden bolýar. Ol obada orta mekdebi tamamlap, şol mekdepde mugallym bolup işleýär. 1955-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girýär.
Şahyr 1960-njy ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlap, edebiýat kafedrasynda mugallym bolup işe galýar. Ol uniwersitetde edebiýat ylmyna giriş, edebiýat teoriýasynyň esaslary derslerinden talyplara sapak berýär. Ol bu döwürde türkmen dramaturgiýasynyň meselesine bagyşlanan kndidatlyk dissertasiýasyny goraýar.
Halyl Kulyýew talyplyk ýyllarynda Gündogaryň söz ussatlary bilen bir hatarda rus ýazyjy-şahyrlarynyň, edebiýatçylarynyň eserlerini hem-de beýleki halklaryň edebiýatyny ürç edip okaýar, çeper döredijiligiň tebigatyna düşünmäge çalyşýar. Onuň özi-de goşgulardyr edebi-tankydy makalalary ýazmaga başlaýar. Halylyň goşgulary, makalalary, edebi eserlere ýazan synlary talyplyk ýyllarynda gazet-žurnallarda çap edilýär.
Şahyr 1978-nji ýylda aradan çykdy. 1983-nji ýylda onuň öňki kitaplaryna giren we girmedik eserleri jemlenilip, «Güneş» ady bilen neşir edildi.
Döredijilik häsiýetnamasy.Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy «Daň agarýar» ady bilen 1967-nji ýylda neşir edilýär. «Säher salamy» atly ikinji kitaby onuň dürli ýyllarda ýazan goşgularyny we «Akar suw» atly poemasyny öz içine alýar.
H. Kulyýew geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda G.Ezizow, A. Agabaýew, I.Nuryýew, K. Ylýasow dagy bilen bir nesil bolup edebiýata geldi. Şahyryň bahar pasly ýaly gözel, mylaýym, çuň lirizme, mähir-muhabbete ýugrulan poeziýasy bar. Şahyryň şygyrlarynda ynsan gözelligi bilen tebigat gözelligi täsin baglanyşykda wasp edilýär.
Şahyryň «Bahar buşlukçysy» goşgusynda bahar paslynyň janly, aklyňy haýran ediji gözel keşbi şahyrana berlipdir:
Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
-Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!
Rehmet Seýidowyňka meňzeş tebigat peýzažlaryny mylaýym, näzik suratlandyryp bilýän H. Kulyýew liriki poeziýanyň ussady hökmünde okyjylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Şahyryň goşgulary sada, tebigy we halky, milli äheňlere ýugrulan. Olarda many-mazmun, pikir aýdyň. Şahyr şygyrlarynda öz döwrüniň, beýan edýän wakasynyň, suratlandyıýan adamynyň janly keşbmi ussatlyk bilen çekmegi başarýar.
Çagalygy Beýik Watançylyk urşy döwrüne gabat gelensoň şahyryň uruş temasyndan ýazylan ençeme goşgulary bar. Olarda urşuň adamzadyň kalbyna salan agyr ýarasy, halkymyzyň watansöýüjilik, mertlik, ruhubelentlik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri hakyky durmuş wakalarynyň, çuňňur pelsepäniň, inçe ynsan duýgularynyň üsti bilen berilýär.
Şahyryň goşgulary täsirli, ýürege ýakyn, ýatda galyjy. Sebäbi ol goşgularyň hersinde biri-birine meňzemeýän durmuş wakasy, aýratyn bir kalp ahwalaty, baş gaça aýdylanda, biçak şatlanmaga ýa-da gynanmaga, çakyndan artykmaç söýmäge ýa-da ýigrenmäge, ýa bolmasa, üýtgeşik bir zada geň galmaga mejbur edýän pursatlar beýan edilýär.
H. Kulyýewiň liriki gahrymany ynsanperwer, mähriban, seniň bilen ýürekdeş ynsan. Onuň başyndan geçirýän kalp ahwalatlary hut seniň öz başyňdan geçiren duýgularyň ýaly bolup duýulýar.
Şahyr «Ene hüwdüsi» goşgusynda ynsan gözelligi bijen tebigat gözelligini baglanyşdyryp suratlandyrýar: Çagasyny hüwdüläp oturan enäniň sesi al-eiwan güllere beslenen sonar sähranyň, gündizlerine Güneşiň, gijelerine Aý şöhlesiniň, akar suwlaryň, saýraýan guşlaryň mukamyna goşulyp, täsin bir gudraty emele getirýär. Ol gudrat dünýäni öňküden-de gözelleşdirýär, juwanlaşdyrýar. Şahyr bar zatda, bar ýerde mährem enäniň ýürek sesini eşidýär, ene hüwdüsiniň gudratyny görýär we goşgyny dünýäniň ykbalynyň enäniň elindedigi baradaky pelsepe bijen jemleýär:
Goý, mydama şeýle bolsun, adamlar,
Dünýäň sallançagy enäň elinde...
Mähriban enäniň terbiýeşini alan ajaýyp gylyk-häsiýetli ynsanlar näçe köp bolsa, dünýä-de, durmuş hem gözelleşýär, ajaýyplaşýar. Şeýlelikde, dünýäniň, adamzadyň ykbaly, ýagny dünýäň sallançagy mähriban eneleriň elinde bolup durýar.
H. Kulyýewiň goşgularyny inçe lirizm, mylaýym ýumor bezeýär. Şahyr „Towşanjyk― goşgusynda etilkijik görse-de, möjejik görse-de, gaçyp ýörýän, diňe öz derisini gorap gün görýän» towşanjygyň allegorik obrazynyň üsti bilen gorkak adamyň häsiýetini, keşbini suratlandyrýair.
Diňe öz deriňi gorap gezmeli,
Başga hiç zat. Sundan başga many ýok.
Ýumşajyk towşanjyk,
Busak towşanjyk,
Bu dünýäde seniňkiden kyny ýok.
Şahyr türkmen halkynyň taryhy, türkmen topragynyň gadym zamanlarda bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenişi, Hazar deňzme guýýan Jeýhun derýanyň öňüne duşmanlar tarapyndan böwet basylyp, derýanyň ugrunyň sowulmagy, Uzboý, Üstýurt ýaly öňki gülläp ösen mekanlaryň suwsuzlyk zerarly il göçüp, çöllüge öwrülişi, iň soňunda-da Garaguma Jeýhunyň mele suwunyň getirilip, türkmen halkynyň asyrlar boýy eden arzuwynyň hasyl bolşy, umuman, adamzadyň durmuşynda suwuň tutýan orny, gadyr-gymmaty barada «Akar suw» poemasyny döretdi.
H. Kulyýewiň poeziýasy öz gözbaşyny klassyk poeziýamyzdan, Mollanepesiň romantiki häsiýetli söýgi goşgularyndan, türkmen poeziýasynyň görnükli wekilleri R. Seýidowyň, G. Seýitliýewiň şygyrlaryndan, Sergeý Ýeseniniň gaýgylyrak häsiýetli romantik öwüşginli eserlerinden alyp gaýdýardy. Şahyryň goşgulary pikir, duýgy tarapdan okyjyny özüne çekýärdi, setirleriniň mylaýym, joşgunly äheňi gulaga ýakymlydy. Ýaş şahyr tebigat peýzajy, gözel gyzlar, çagalyk ýyllary we beýleki ýüregine ýakyn belet zatlary dogrusynda zehininiň ähli goruny orta goýup, goşgular döredýärdi.
Şeýle goşgularyň hataryna şahyryň «Ýazgylar», «Hoşlaşyk», «Muňa ömür diýerler», «Ýyldan ogrynça», «Gündogar bulwary», «Göwnüm seni küýseýär» şygyrlaryny görkezmek mümkin. Olarda şahyryň söýgi duýgulary, durmuşyň sapaklary dogrusynda filosofiki pikir ýöretmeleri orun alypdyr. Şol goşgular bilen tanyş bolan okyjyda şahyryň aýdýanlaryna duýgudaşlyk döreýärdi.
Gülüm duşuşmaga söz berdi maňa,
«Duýdurman gel» diýdi. Geldim ogrynça.
Çalaja tolgunyp garaşdym oňa,
Bilbile duýdurman gülden ogrynça.
Dolan aý ýalbyrap asmana galdy,
Kümuş şöhlesini her ýana saldy,
Gülüm gyzyl geýnip gujagma doldy,
Sypadym zülpüni ýelden ogrynça.
Çal bulutlar pytrap, syryldy perde,
Bahar ýeli oýun gurdy bar ýerde,
Menem gül içinde — çolaja ýerde,
Öpdum söýgülimi ilden ogrynça.
Bagt bilen balkyldap, ýarymyň gözi,
Bagyň güli ýaly görk berdi ýüzi,
Ýok, garradyp bilmez ýyllar hem bizi,
Ýaşaýas ýar bilen ýyldan ogrynça.
Şahyryň tebigy zehininiň önümi bolan bu hili näzikden inçe duýga ýugrulan romantiki öwüşgine baý goşgulary halkyň ýürek owazyna öwrülipdi. Şahyryň döreden goşgularynyň türkmen poeziýasynyň mylaýym owazyna öz sesini goşandygyny bellemelidir.
H. Kulyýew prozada-da öz güýjüni synap gördi. Onuň «Ertekiniň gelip çykyşy» powesti halk döredijiligini öwreniji ýaş alym Gandymyň öz önüp-ösen etrabyna iş saparyna gidende duşuşan adamlarynyň beren gürrüňleriniň, öz ýatlamalarynyň esasynda gurulýar. Gürrüňi edilýän wakalar Amyderýanyň boýlarynda, Lebap topragynda bolup geçýär. Powestde, esasan, geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň we ondan soňky döwrüň kynçylyklary, ýaramaz gylyk-häsiýetli ýolbaşçylaryň oba adamlaryna jebir-sütem edişi barada söhbet açylýar.
Goşgularynda bolşy ýaly, bu proza eseriniň hem dili çeper. Şahyryň goşgularyna mahsus inçe lirizm, suratkeşlik, mylaýym ýumor powestlň çeperçiligini artdyrýar.
Şahyr gysga ömründe uly ömürlik miras galdyrdy. Onuň näzik hem mylaýym poeziýasy türkmen edebiýatynda gaýtalanmajak aýdym bolup ýaşaýar.