XX asyrda edebiýatyň we edebiýat ylmynyň ösüşi Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň we tankydynyň ösüp başlan döwri XX asyryň ýigriminji ýyllarydyr. Eýýäm şol ýyllardan başlap, türkmen edebiýaty öwreniş ylmy göni ýola düşüp, biziň häzirki günlerimize çenli kämillik menzillerini geçdi.
Dürli ýyllarda döredilen işlerden A.Kekilowyň, R.Rejebowyň, K.Jumaýewiň «Türkmenistanda tankydy pikiriň döreýşi hem ösüşi» (1969), K.Baýrammyradowyň «Söweşjeň edebiýat ugrunda» (1970) atly kitaplary, akademik B.A.Garryýewiň «Türkmen edebiýaty öwreniş ylmy Türkmenistanyň ýigrimi ýyllygyna» (1944), «Sowet häkimiýeti ýyllary içinde türkmen edebiýatynyn öwrenilişi» (1967) diýen kitaplary we makalalary edebiýaty öwreniş ylmynyň möhüm meselelerine bagyşlandy.
Edebiýaty öwreniş ylmynyňa we çeper tankydyň döremeginde rus alymlarynyň, ýazyjylarynyň täsiri uly boldy. Meşhur Gundogary öwrenijilerden W.W.Bartold, A.N.Samoýlowiç, A.E.Krymskiý, Ý.E.Bertels, ýazyjy hem edebiýatçy P.G.Skosyrew türkmen şahyrlarynyň golýazmalaryny toplamakda, olary ylmy taýdan öwrenmekdeuly işleri bitirdiler.
Ol işleriň esasy göz öňünde tutan maksatlary türkmen klassyky edebiýatynyň Magtymguly, Seýdi, Kemine ýaly wekilleriniň döredijiligini toplap neşir etmekden folkloryň nusgalaryny ýygnamakdan, öwrenmekden ybaratdy. Ylaýta-da, beýik Magtymgulynyň döredijiligini çuň öwrenmek hakynda gyzgyn çekişmeler gidýärdi.
Edebiýaty öwreniş ylmynyň ilkinji halypalarynyň biri B.A.Garryýew eýýäm şol ýyllarda golýazmalary toplamagy, folkloryň, ýazuw edebiýatynyň gowy nusgalaryny çap etmegi, dessanlardan «Göroglyny», «Hüýrlukga-Hemrany», «Şasenem-Garyby», «Asly-Keremi», şahyrlardan Azadynyň, Magtymgulynyň, Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň, halk şahyrlaryndan Ala Salyhyň, Nury Annagylyjyň goşgularynyň çap edilmegini we öwrenilmegini öňe sürýärdi.
Rewolýusiýanyň edil öň ýanlarynda we onuň yzysüresinde käbir türkmen edebiýat söýüjileriniň hem çeper miras baradaky makalalary peýda boldy. Hojaly Molla Myratberdiýew, Allaguly Garahanow ýaly awtorlar klassyky edebiýata degişli täze maglumatlary, köp sanly çeper nusgalary hem-de öz edebi garaýyşlaryny metbugatda aýtmagy başarypdylar.
1929-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda döredilen SSSR YA-nyň Türkmen komissiýasy akademik A.Samoýlowiçiň başlyklygynda ylmyň durli ugurlaryndan şol sanda çeper edebiýatdan düýpli makalalar ýazylýar. Türkmenistanyň hemme etraplaryna uzak möhletleýin ekspedisiýalar iberilýär. Komissiýanyň tagallasy bilen Sankt-Peterburgda «Turkmeniýa» atly üç tomluk uly ylmy-barlag işi çap edilýär. Müňlerçe gymmatly golýazmalary özünde jemleýän YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň golýazmalar fondy hem hut şu ýyllardan işe girişýär.
Türkmen tankydyny ösdürmekde O.Täçnazarowyň, Ç.Wellekowyň H.Şahberdiewiň, G.Sähedowyň hyzmatlary uly bolupdy. Dogry, olaryň tankydy makalalarynda, aýratyn kitapçalarynda käbir ötegeçmeler, ýalňyşlyklar bardy.
Beýik Watançylyk urşunyň öň ýanynda Keminäniň aradan çykan gününiň 100 ýyllygy bellenildi. Bu edebiýaty öwreniş ylmynyň, filologik kadrlaryň bir ädim öňe gitmegidi.
Uruş döwründe A.Kekilow bilen R.Alyýew teoriýanyň meselelerine ser saldylar.
Ellinji ýyllarda edebi tankytda M.Annagurdow, A.Mämmetgulyýew, B.Şamyradow, K.Berdiýew dagylar işjeň çykyş etdiler.
50-60-njy ýyllarda türkmen edebiýatçy alymlary tarapyndan döredilen monografiýalaryň sany artdy. A.Kerimowyň «Türkmen sowet edebiýaty ösüş ýolunda», K. Jumaýewiň «M. Gorkiý we türkmen edebiýaty», A.Myradowyň «Rus-türkmen edebiýatynyň hyzmatdaşlyk taryhyndan», B.Şamyradowyň «Türkmen sowet prozasynda oba adamlarynyn obrazy», T.Durdyýewiň «Ata Gowşudowyň romanlary», A.Ulugberdiýewiň «Watançy şahyr Şaly Kekilow», R.Rejebowyň «Urşuň öňüsyrasyndaky türkmen edebiýaty», K.Taňrygulyýewiň «Uruşdan soňky döwürdäki türkmen sowet çagalar edebiýaty» ýaly monografiýalary edebiýat ylmynyň ymykly ýola düşendiginiň subutnamasydyr.
«Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerk» (1967), «XVIII—XIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler» (1967), «Türkmen edebiýatynyn taryhy boýunça oçerk» (birinji bölüm - 1958, ikinji bölüm - 1962) her bir zanryň, her bir şahyryň aýratynlygyny derňemek bilen bir hatarda, olaryň özara baglanyşygyny-da açyp görkezýär. Ellinji ýyllaryň ortalarynda, altmyşynjy ýyllaryň başynda A.Kerimow, Ö.Abdyllaýew, A.Myradow, K.Jumaýew, H.Tanryberdiew ýaly tankytçylar orta çykdylar.
Altmyşynjy ýyllarda beýik akyldar şahyr Magtymgulynyň 225 ýyllyk ýubileýiniň geçirilmegi mynasybetli dört sany saldamly makalalar ýygyndysynyň çykmagy uly ylmy-jemgyetçilik hadysasydyr.
1959-njy ýylda Türkmenistan ýazyjylarynyň IV gurultaýynda ilkinji gezek edebi tankyda çuňňur nazar salyndy. Belli türkmen tankytçysy A.Myradowyň «Edebiýaty öwreniş ylmynyň we edebi tankydyň häzirki ýagdaýy hakynda» atly çykyşynda bu ugruň ýeten derejesini obýektiw kesgitlendi.
A. Kekilowyň «Edebiýat teoriýasy» (1958), B.Şamyradowyň we O.Ýazymowyň «Edebiýat terminleriniň gysgaça sözlügi» (1961), Ö.Abdyllaýewiň «Edebiýat teoriýasynyň esaslary» (1963), R.Rejebowyň «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlugi» (1966), A.Myradowyň «Edebiýatymyz hakynda oýlanyp» (1966) diýen işleri edebiýat ylmynyň ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr.
Altmyşynjy ýyllar J.Allakow, N.Hojageldiýew, D.Nuralyýew, S.Myradow, A.Garaýew ýaly birnäçe professional tankytçylary berdi.
Ellinji ýyllaryň ahyrynda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda edebiýat teoriýasy we edebi tankyt sektory açyldy. Sektoryň işgärleri tejribeli edebiýatçy, alym şahyr A.Kekilowyň ýolbaşçylygynda ilkinji bolup türkmen tankydynyň taryhyndan oçerkler ýazmaga girişdiler. Bu iş A.Kekilowyň, R. Rejebowyň, K. Jumaýewiň «Türkmenistanda tankydy pikiriň döreýşi hem ösüşi» diýen monografiýady. Altmyşynjy ýyllarda syn zanrynda işjeň çykyş eden D.Nuralyýew, S.Myradow, A.Garaýew ýaly ýaşlar soňra tejribeli tankytçylar bolup ýetişdiler.
Eger tankyt aýry-aýry zehinleri ýüze çykaran bolsa, edebiýaty öwreniş ylmy özbaşdak monografiýadan daşary türkmen edebiýatynyň köptomluk taryhynyň üstünde oýlanyp başlapdy.
Bu döwürde edebiýat teoriýasyndan R.Rejebowyň «Liriki mazmun we şygyr sungaty» (1968), edebi aragatnaşyklardan S. Garryýewiň «Türkmen edebiýatynyň Sowet Gundogary halklarynyň edebiýatlary bilen özara bagdanyşygynyň taryhyndan» (1967) diýen işleri döredildi.
1971-nji ýylda Türkmenistan ýazyjylarynyň VI gurultaýynda K.Berdiýew «Edebiýat tankydynyň käbir meseleleri» atly çykyşynda türkmen tankytçylarynyň, edebiýatçylarynyň zähmetine dogruçyl baha berdi.
Ýetmişiinji ýyllaryň başynda teoriýadan K.Jumaýewiň «Türkmen poeziýasynda däp we täzeçillik», R.Rejebowyň «Liriki mazmun we şygyr sungaty», A.Kekilowyň «Söz sungaty», J.Allakowyň «Döwür we gahryman», B.Şamyradowyň «Ýigriminji ýyllaryň türkmen edebiýaty», Ö.Abdyllaýewiň «Türkmen prozasynda däp we täzeçillik» ýaly işleri möhüm edebi problemalary çözmeklige bagyşlandy. Folkloryň zanrlary hakda B.Mämmetýazowyň, K.Berkeliýewiň, Ş.Halmuhammedowyň, A.Durdyýewanyň işleri çap boldy. Edebiýaty öwreniş ylmynda M.Kösäýew, B.Garryýew, N.Aşyrow, R.Alyýew, B.Şamyradow ýaly zehinli edebiýatçylar saldamly işler edip, ylmyň osmegine uly goşant goşdular.
Mäti Kösäýew halk döredijiliginiň, klassyky edebiýatyň dürli meselelerine degişli makalalary ýazdy. Ol beýik şahyr Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmäge aýratyn üns berdi. Ol «Edebiýat taryhynyň käbir meseleleri», «Edebiýat barada söhbet» ýaly ylmy makalalar ýygyndylaryny neşir etdirdi.
Belli edebiýaty öwreniji alym, folklýorçy Baýmuhammet Garryýew «Türkmen edebiýaty biziň guwanjymyzdyr», «Magtymguly – watançy şahyr», «Serkerde şahyr – Seýdi», «Zynhary» ýaly makalalaryny okyjylara hödürledi. Ol türkmen dessanlarynyň ençemesme sözbaşy ýazdy. B.Garryýewiň «Görogly» eposynyň türki dillerdäki wersiýalary» atly işi Moskwada rus dilinde neşir edildi.
Edebiýaty öwreniş ylmynda Bäşim Şamyradowyň «Türkmen sowet prozasynda oba adamlarynyň obrazy», «Garaja Burunowyň ömri we döredijiligi», «Oraz Täçnazarowyň döredijilik ýoly», «Ýigrimmji ýyllaryň türkmen edebiýaty» ýaly kitaplary uly ähmiýete eýedir.
Tankyt bilen iş salyşýan alymlaryň işjeňligi artdy. «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen «Sowet edebiýaty» žurnalynyň sahypalarynda häzirki zaman romanlary, häzirki zaman powestleri, häzirki zaman hekaýalary, powestlerde polozitel gahryman, häzirki zaman poeziýasy, liriki gahryman problemasy, türkmen romanlarynyň esasy tendensiýalary, çeper diliň meseleleri ýaly dürli ugurlardan gyzgyn çekişmeler guraldy. Şeýle çekişmeler özünde tankydy ukyby bolan täze nesilleriň öňe çykmagyna itergi berdi. Ö.Abdyllaýew, A.Myradow, H.Taňryberdiew, J.Allakow, N.Hojageldiew, D.Nuralyýew, S.Myradow, A.Garaýew dagylaryň hatarlary G.Geldiew, A.Mämmedow, Ş.Gandymow, Ş.Halmuhammedow, A.Bekmyradow... ýaly täze zehinleriň hasabyna artdy.
Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, belli edebiýat tankytçysy Öde Abdyllaýewiň (1929-1988) işlerinde edebiýatyň ylmy meselelerine aýratyn üns berilýär. Onuň «Uruşdan soňky türkmen prozasynda kolhozçynyň obrazy» atly monografiýasynda tipiklik we stil meseleleri işlenilýär.
Ö.Abdyllaýew edebiýatyň ylmy meseleleri bïlen ymykly gyzyklandy. Onuň «Edebiýat teoriýasynyň esaslary» atly okuw kitaby üç gezek neşir edildi.
Ö.Abdyllaýewiň ünsüni çeken meseleleriň biri-de liriki gahryman meselesidir. Dogrusy, ol türkmen edebiýaty öwreniş ylmyna bu düşünjäniň ornaşmagynda uly tagalla eden alymdyr.
Rahman Rejebow türkmen edebiýatynyň taryhy hem edebiýaty öwreniş ylmynyň möhüm meseleleri barada düýpli işler ýazan alymlaryň biridir. Ol «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi», «Liriki mazmun we şygyr sungaty», «Ýigriminji ýyllaryň türkmen sowet edebiýaty», «XVIIl-XIX asyrlar türkmen edebiýatynyň döredijilik stili», «Gadym türkmen edebiýaty» ýaly saldamly kitaplaryny okyjylara hödürledi. Edebi tankydyň görnükli wekilleriniň biri Abdylla Myradow (1935-1975) türkmen edebi tankydynda uly yz galdyrdy. Ol özüni ezber tankytçy hökmünde edebiýat jemgyýetçiligme, halk köpçüligme tanatdy.
A.Myradow ellinji ýyllaryň ortalaryndan başlap, ceper edebiýatyň dürli meselelerine degişli makalalardyr synlar bilen yzygider çykyş edip durdy.
Alymyň «Aktual tema we çeper obraz», «Uruşdan soňky döwür türkmen prozasynda kolhoz obasynyň adamlary», «Taryhy temanyň täze gürrüňi», «Döwrebaplykmy? Geliň, düşünişeliň!», «Uly prozanyň ýollarynda», «Biziň günlerimiziň poeziýasy», «Şygrym şygyr bolsun diýseň», «Lirikamyz dogrusynda bellikler» ýaly ençeme makalalary okyjylaryň arasynda giň seslenme tapdy.
Tankytçynyň «Edebiýatymyz hakynda oýlanyp», «Hoşniýetli maslahatlar» ýaly kitaplary, döwürleýin metbugatda çap edilen köp sanly makalalary edebiýatymyzyň ösüşini yzarlamaga uly goşant boldy.
Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Saýlaw Myradow (1939-1985) görnükli edebiýat tankytçylarynyň biridir.
Onuň «Romanlarymyzyň gürrüňine giriş» atly makalasynda, taryhy-rewolýusion temadaky romanlaryň ençemesinde şol bir äheňleriň, şol bir pursatlaryň yzygider gaýtalanýandygy tankyt edilýär.
Tankytçy «Gündelik hysyrdylarymyzyň gürrüňi» atly makalasynda şygryýetdäki meňzeşlikler, olaryň tebigaty hakynda gürrüň edilýär. S.Myradow «Ýaşlaryň poeziýasyna bellikler» diýen makalasynda Halyl Kulyýew, Gurbannazar Ezizow, Kakabaý Ylýasow ýaly altmyşynjy ýyllaryň ýaş şahyrlarynyň eserlerini çintgäp derňemek bilen, olara ýokary baha berýär.
S.Myradowyň «Asyrlaryň jümmüşinden» atly kitaby Magtymgulynyň döredijiligine, «Zelili» atly kitaby Zeliliniň döredijiligine bagyşlanýar. Bulardan başga-da onuň «Edebi çekişmeler», «Poeziýamyzyň ädimleri», «Taryh. Edebiýatyň taryhylygy», «Durmuş bilen aýakdaş», «Düýnki hem şu günki edebiýatyň aladalary» atly kitaplary neşir edildi.
Türkmenistanyň at gazanan halk magaryf işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Jora Allakow öndümli işleýän görnükli edebiýaty öwreniji alym hem edebiýat tankytçysydyr. Ol dürli dillerde çykan bäş ýüz töweregi makalanyň, köp sanly kitabyň awtorydyr.
Onuň ilkinji kitaby «Türkmen romanlarynda işçiniň obrazy» diýlip atlandyrylýar. Tankytçynyň «Döwür we gahryman» atly kitaby prozada häsiýet meselesini aýdyňlaşdyrmaga bagyşlanýar.
J.Allakowyň «Durmuş hakykaty we çeper hakykat» diýen kitabynda, adyndan belli bolşy ýaly, çeper döredijiligiň özboluşly mysalynda düýpli ylmy pikirler öňe sürülýär.
Tankytçynyň «Prozamyzyň gözlegleri», «Häzirki döwür we türkmen edebiýaty», «Prozamyzda döwürdeşlerimiziň ahlak keşbi», «Zähmet we häsiýet» ýaly kitaplarynda-da edebiýatyň ösüşi siňňitli yzarlanýar.
J.Allakowyň «Türkmen edebiýatynyň tankydynyň taryhy» atly kitabynda Türkmenistanda edebi tankydyň döreýşi hem ösüşi, görnükli edebiýat tankytçylarynyň döredijiligi giňden seljerilýär. Edebiýatçy alymyň «Häzirki zaman prozasynyň problemalary we gahrymanlary» atly saldamly kitaby edebiýatyň, milli dilimiziň köp meselelerini öz içine alýar.
Edebiýaty öwreniş ylmynyň görnükli wekillerinden biri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Hanguly Taňryberdiýew (1933-1981) döredijiliginüň ilkinji ädimlerinden öz ugruny tapmaga çalyşdy. Onuň köp sanly makalalary, «Seýdiniň döredijiligi», «Edebiýatymyzyň gül-gunçalary», «Prozamyzyň käbir problemalary», «Berdi Kerbabaýew -söz ussady», «Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy», «Söweşjeň şahyr» ýaly kitaplary türkmen edebiýatyny öwreniş ylmyna, edebi tankyda uly goşant boldy.
Ahmet Bekmyradow özüniň gysga ömründe türkmen edebiýatynyň derwaýys meselelerine bagyşlap, ençeme makalalary ýazdy. Alym Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlap «Magtymguly magny saçar», «Men älemiň ähli hazynasyny seniň poeziýaňdan tapdym», «Magtymgulynyň goşgy düzüş ussatlygy» ýaly ençeme makalalaryny çap etdirdi.
A.Bekmyradowyň «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp we täzeçillik gözlegleri» atly monografiýasy edebiýat jemgyýetçiligi, okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
A.Bekmyradow «Andalyp hem oguznamaçylyk däbi», «Örtemäň meni», «Göroglynyň yzlary», «Edebi miras -ebedi miras» ýaly edebiýatymyzyň wajyp meselelerine bagyşlanan kitaplaryny neşir etdirdi.
Türkmen edebiýatynyň teoriýasyndan akademik A.Kekilowyň, R.Rejebowyň, K.Salyhyň işleri düýpli meselelere bagyşlandy.
Şular ýaly derňew prinsipi teoriýa daýanýan işlerden başga-da gurluşy we pikir ýöredişi jähtden gyzykly işlerden M.Annamuhammedowyň «Şüküri we XIX asyr türkmen poeziýasynda romantiki stil» (1978), Ş.Gandymowyň «Kätibiniň şahyrana dünýäsi» (1981) ýaly monografiýalar peýda boldy. Özboluşly derňewçilik ukyby, predmeti daşyndan däl-de, içinden synlamaklyk şol işleriň utuşly tarapydyr.
Ýetmişinji ýyllaryň türkmen edebiýatyny öwreniş ylmy doganlyk halklar bilen aragatnaşyk meselesini has töwerekleýin işläp ugrady. S.Garryýew, A.Myradow ýaly öňden şu meseleden iş alyp barýan alymlaryň hatary artdy. S.Durdyýewiň «Turkmen-pars edebi gatnaşyklarynyň taryhyndan» (1977), Ş.Geldiewanyň «Ukrain-türkmen edebi gatnaşyklarynyň taryhyndan» (1977), A.Mämmedowyň «Sowet Gundogary edebiýatynda türkmen hakykaty» (1977), Ş.Gandymowyň «Edebi dostluk – ebedi dostluk» (1982) ýaly ençeme işleri edebiýatlaryň özara täsir meselesiniň barha ýokary galýandygyny, medeniýetleriň baýlaşýandygyny ylmy esasda subut edýär.
Köp ýyllap zähmet çekilip, birnäçe alymlaryň tagallasy bilen «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň» alty tomdan ybarat on kitabynyň çykmagy türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň ösüşini alamatlandyrdy, Şeýle uly işi taýýarlamakdaky asylly zähmetleri üçin alymlar S.Garryýew, M.Öwezgeldiew, G.Alyýew, S.Durdyýew, A.Meredow M.Annamuhammedow, A.Mülkamanow Türkmenistanyň ylym we tehnika boýunça Döwlet baýragynyň eýeleri boldular.
Edebiýat ylmynyň taryhynda Aşyrpur Meredow, Nazar Gullaýew, Nagym Aşyrow, Kaýum Jumaýew, Babyş Mämmetýazow, Durdymuhammet Nuralyýew, Oraz Ýazymow, Sapar Ahally, Seýit Garryýew, Amanmyrat Baýmyradow, Muhammet Gurbansähedow, Şamuhammet Halmuhammedow, Gurbandurdy Geldiýew, Ahmet Mämmedow, Nargylyç Hojageldiýew, Muhammetguly Amansähedow hem türkmen edebiýatyny öwreniş ylmyna we edebi tankydyň ösüşine saldamly goşant goşdular.