T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


XX asyr türkmen edebiýatynda çeper terjime



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə45/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   47
XX asyr turkmen (3)

XX asyr türkmen edebiýatynda çeper terjime
XX asyr türkmen edebiýatynyň ösüşinde çeper terjime aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijilik ussatlyklarynyň kämilleşmegine oňaýly täsir etdi.
1920-nji ýylyň fewral aýynda çeper edebiýaty rus dilinden türkmen diline terjime etmegi ýola goýmak barada hökümet tarapyndan karar kabul edilýär. Bu ýyllarda türkmen edebiýatynyň täze žanrlarda döredilen eserleri gönüden-göni terjimäniň ösüşi bilen aýakdaş gidýär.
Otuzynjy ýyllaryň başlarynda Türkmen milli teatry özbek, rus, ukrain ýazyjylarynyň eserlerini terjime edip, sahnada görkezýär. Şol döwürde rus ýazyjysy N.W.Gogolyň «Derňewçi», fransuz ýazyjysy Žan Batist Molýeriň «Skapeniň mekirligi», italýan ýazyjysy Karlo Goldoniniň «Iki aganyň hyzmatkäri», nemes ýazyjysy Fridrih Şilleiriň «Galtamanlar» ýaly dünýä belli eserleri terjime edilip sahnalaşdyrylýar.
Geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň ahyrlarynda türkmen edebiýatynda täze žanrlar döreýär. Hekaýa, nowella, komediýa ýaly žanrlar boýunça eser ýazan ýazyjylar köp zatlary, bu žanrlaryň inçe tilsimlerini, gurluşyny, döredijilik usullaryny daşary ýurt ýazyjylarynyň eserlerini terjime etmekligiň üsti bilen öwrenýärler.
1920-1930-njy ýyllarda rus ýazyjylary Maksim Gorkiniň «Ene» romany, «Izergil garry», «Meniň uniwersitetlerim» eserleri, I.A.Krylowyň basnýalary, L.N. Tolstoýyň «Kazaklar», «Hajy-Myrat», L.S. Turgenewiň «Awçynyň hatlary», M. A. Şolohowyň «Göterilen tarp», W. K. Arsenýewiň «Dersü Uzala», fransuz ýazyjysy W. Gýugonyň «Togsan üçünji ýyl», «Biçäreler» romanyndan «Gawroş» diýen bölegi, iňlis ýazyjysy Daniel Defonyň «Robinzon Kruzonyň başyndan geçirenleri», nemes ýazyjysy Erih Raspeniň «Mýunhauzeniň başyndan geçirenleri», amerikan ýazyjysy Mark Tweniň «Tom Soýeriň başyndan geçirenleri», fransuz ýazyjysy Žýul Werniň «Kapitan Grantyň çagalary», ispan ýazyjysy M. de Serwantesiň «Don Kihot», amerikan yazyjysy Fenimor Kuperiň «Mogikanlaryň iň soňkusy» ýaly eserleri türkmen diline terjime edilip, çeper terjimäniň uzak menzillerine badalga berýärler.
B.Kerbabaýew terjimäniň, onda-da poeziýany terjime etmegiň güzaply işdigine garamazdan, türkmen okyjylaryny ilkinji bolup, A. S. Puşkiniň eserleri bijen tanyşdyrýar. A.S. Puşkiniň „Saýlanan eserlerindäki», «Bakjasaraý fontany», «Ýadygärlik» we başga-da birnäçe ajaýyp goşgulary B.Kerbabaýew terjime edýär. M. Gorkiinň, W. Maýakowskiniň, M. Şolohowyň eserleri B. Kerbabaýew ilkinji gezek terjime edýär. Etel Lilian Woýniçiň «Gögeýin» romany, Omar Haýýamyň rubagylary, özbek ýazyjysy Aýbegiň «Nowaýy» romany, tatar şahyry Musa Jeliliň faşist türmesinde ýazan ajaýyp goşgulary, türk ýazyjysy Eziz Nesiniň gülküli hekaýalary, azerbaýjan ýazyjysy Mürze Ybraýymowyň «Ol gün geler» romany B.Kerbabaýewiň terjiıne etmegi bilen türkmen dilinde neşir edildi.
Şahyr Garaja Burunow Türkmen döwlet drama teatrynyň edebiýat bölümine ýolbaşçylyk eden döwründe azerbaýjan ýazyjylary J.Jabarlynyň «Ot gelni», «Yaşar», Samat Wurgunyň «Ynsan», «Perhat-Şirin», rus ýazyjylary A.Ostrowskiniň «Düşewüntli orun», N.W. Gogolyň „Derňewçi― pýesalaryny, iňlis ýazyjysy W. Şekspiriň «Otello», «Korol Lir» tragediýalaryny türkmen diline terjime edýär.
Belli türkmen ýazyjysy Hajy Ysmaýylow daşary ýurt ýazyjylarynyň eserlerini diňe bir okamak bilen çäklenmän, olaryň ençemesini türkmen diline terjime edýär.
Kyrkynjy-ellinji ýyllarda Ýakup Nasyrly, Bagşy Jürmenek, Çary Aşyr, Ata Nyýazow, Garaja Burunow tarapyndan rus ýazyjysy A.S.Puşkiniň «Saýlanan eserleri», M.Sopyýewiň terjimesinde rus ýazyjysy Wasiliý Ýanyň «Çingiz han», T.Kasymowyň terjime etmegi bijen «Bilimsek we onuň uýasy Gannajyk» atly slowak ertekileri, G. Esenowyň terjime etmeginde hindi ýazyjysy Rabindranat Tagoryň «Heläkçilik», Ý.Sopyýewiň terjime etmegi bilen R.Tagoryň «Hekaýalary», A.Annanurowyň, K.Jumaýewiň terjimesi bilen amerikan ýazyjysy Mark Tweniň «Hekaýalary we pamfletleri», D. Berdiýewiň terjimesinde M. Tweniň «Tom Soýeriň başdan geçirenleri» romany, Ý.Nasyrly, G.Gurbansähedowyň, A.Atajanowyň, G.Seýitliýewiň terjime etmeginde azerbaýjan ýazyjysy Samat Wurgunyň «Saýlanan eserleri», Ç.Aşyr we T.Taganow tarapyndan terjime edilen rus ýazyjysy A.P.Çehowyň «Saýlanan eserleri» we başga-da köp sanly çeper eserler terjime edilýär.
1960-80-nji ýyllarda öňki terjime edilen eserleriň üsti ýetirilip, rus ýazyjylary L.N.Tolstoýyň, A.M.Gorkiniň, A.P.Çehowyň, N.W.Gogolyň, M.Ý.Lermontowyň, M.A.Şolohowyň we beýleki birnäçe ýazyjylaryň eserleriniň tomlary neşir edilýär. Bu işe öňki ady belli terjimeçiler bilen bir hatarda täze-täze zehinli terjimeçiler, ýazyjylar, şahyrlar işeňňir gatnaşýarlar. Olara A.Babaýew, T.Kasymow, T.Ataýew, M.Garaýew, Ş.Çaryýew, Ş.Borjakow, M.Seýidow, A.Kowusow, G.Gurbansähedow, Ý.Sopyýew, D.Berdiýew, A.Berdiýew, B.Annanurow, K.Gurbanmyradow, B.Ataýew, O.Ataýew, S.Myradow, B.Hudaýnazarow, R.Babaýew, A.Çaryýarow, G.Omadow, G.Ezizow, A.Gurbannepesow, A.Muhadow, B.Welmyradow, N.Rejepow, A.Atabaýew, I.Nuryýew we başgalary mysal getirmek bolar. Gysga döwürde ägirt uly ýol geçen türkmen terjımeçilik mekdebi dünýä edebiýatynyň baý tejribesini özleşdirdi.
Güjük Çolukowyň terjime eden amerikan ýazyjysy G. Biçer-Stounyň «Tom aganyň külbesi», iňlis ýazyjysy R. L. Stiwensonyň «Hazynalar adasy», «Gara peýkam» romanlary, Şäher Borjakowyň terjime eden rus şahyry A.T.Twardowskiniň «Wasiliý Týorkin» poemasy, Annaly Berdiýewiň terjime eden iňlis ýazyjysy W.Şekspiriň «Romeo we Julýetta», «Nadaranyň nogtalanyşy», «Yşgyň nähak azaby», terjimeçiler A.Tagan, A.Aşyrow, G.Omadow, B.Welmyradow, A.Yklymow tarapyndan terjime edilen gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň powestleri, S.Çaryýewiň terjime eden gruzin ýazyjysy G.Abaşidzäniň „Uzaga çeken tümlük», A.Orazowyň terjime etmeginde neşir edilen iňlis ýazyjysy J.Swiftiň «Gulliweriň syýahaty», Oraz Ataýewiň terjime eden çeh ýazyjysy Karel Çapegiň «Ykmanda hakynda erteki» we başga-da ençeme eserleri 70-80-nji ýyllarda edilen çeper terjimeleriň iň gowy nusgalarynyň hataryna goşuldy.

Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin